Atam, Çaryýaryň ogly Hangeldi
Atam, Çaryýaryň ogly Hangeldi, biz bir ýarym ýaşymyzdakak 1954-nji ýyl, 83 ýaşynda dünýeden ötüpdir. Ol bizi gujagyna alyp: "Alla meni ýalkajakdyr, ýaşymyň soňunda ekiz agtyk berdi" diýer eken. Bilmedim, biz onuň ýalkanmagynyň alamatymy, ýöne özümiň kyrk ýaşymda, entek ors ýykylmanka, namaza başlamagyma diňe atamyň dilegi diýip düşünýän. Belki, ejem pahyram dileg eden bolsa edendir. Atam bizi (Ylýas ikimizi) dyzynyň üstünde oturdyp şu sanawajy sanar eken:
Jöwnem, jöwnem jöwnalla
Hoja Bahawetdin diwana,
Herdem diýsem, ýa, Alla,
Herdem diýsem, jan, Alla.
Atam gaty takwa adam bolupdyr. Namaza haçan, näçe ýaşynda başlanyny bilmeýär eken. Ömründe sakgalyna päki degirmändir. Diňe Ak patyşaň atly goşunynda, Gürgende gulluk edýärkä ýata suw içip, yssytma (lihoradka) tutup, özüni bilmän 4-5 gün (belki, 1 hepdedir, ýöne uzak däl) ýatypdyr. Şonda sakgalyna gaýçy degirjek bolupdyr, munam ýoldaşlary görüp saklapdyr. Namazynam şol günler okap bilmändir. "Başga wagt namazymy geçirenimi bilemok" diýip özi ejeme gürrüň berer eken. Şonda-da köp wagtlap kaza namazy diýip okapdyr. Bir gün, öýe myhman gelen dindar adam oňa "Kaza däl, nepile niýet edip oka" diýip öwredipdir. Şondan soň, nepil diýip okapdyr. Ömrüniň soňky iki ýylyny namazlykdan düşmändir. Kur"an okasa-da namazlygynyň üstünde oturyp okapdyr. Ölüm ýassygynda ýatyrka-da, diwara elini sürtüp, teým eder eken, ýatan ýerindenem namazyny, göz yşaraty bilen okap ýatypdyr. Muny maňa ejem gürrüň bererdi. Ejeme "Gelnim, ekiz bäbekli, eşigimi arassa saklap bilemok" diýip namazyňy geçirmegin. Seniň ýakaň bajygy arassa bolsa-da ýeterlikdir diýer eken. Bolşewik döwründe, tutha-tutlyk ýyllary penjiresine keçe tutup selärlige turupdyr. Sebäbi selärlik wagty obaň içalylary kimiň penjiresinde yşyk ýanýar diýip köçe-köçe aýlanypdyr. Bolşewik gelende kakam atama Eýrana gaçaly diýipdir. Atam: "Siz gitseňiz gidiberiň. Men ýat ýurtda biriniň eline suw akydyp çörek iýmen. Bolşewik nätse şeýtsin" diýipdir. "Kakaňy taşlap gidip bolýarmy? Menem şeýdip galdym" diýip, kakam gürrüň bererdi. Bolşewik atama hiç zat diýmändir. Ýöne boş agaç sandygymyz bar eken, şony bolşewigiň soldaty içiniň boşdugyna gahar edip döwüpdir. Atama degmändir. Şol wagt kakam nirede, ejem nirede - soramandyryn. Belki, kakam dagam şotaýdadyr.
Atam Eýranda gulluk edişi hakynda gürrüň berer eken. Şolardan kakamyň, ejemiň bize aýdyp berenlerinden käbirini ýazaýyn. Atam gullukdaka öýlenmedik ýigit eken. Her ýyl rugsada oba dolanyp gelende, gelnejesi (onuň kimdigini bilemok) akgaýma tahýa, gyrmyzy don tikip goýar eken. Gulluk tölegli bolansoň, atamam "bir horjun kümüş grany getirip gelnejemiň etegine dökerdim" diýip aýdar eken. Gullugynda Ýazmyrat han komandirleri bolupdyr. Ýazmyrat han diýilýänem Seýitmyrat Öwezbaýewiň kakasy bolupdyr, eger, men ýalňyşmaýan bolsam. Täçmämmet Suhanguly (Çary Täçmämmediň kakasy) hakyna tutma sazandalary bolupdyr. Ol esgerlere saz çalyp berer eken. Ýörite palaw bişirýän aşpezleri bar eken. Atamyň gaty gowy aty bolupdyr. Maşk etdirenlerinde, atly gözden geçirilişkde beýleki atlardan ep-esli saýlanar eken. Soň gullugyny goýanda atam ol atyny satyp gaýdypdyr. Bir gün Ýazmyrat han atamy ýanyna çagyryp "Şunuň bilen gidersiň (haýsy şähere gidenlerini bilemok), ýoldaş bolarsyň. Şunuň janyna sen jogapkär" diýip, bir kelte boýly ermenini görkezipdir. Olar ýola düşüpdirler. Barmaly ýerlerine barypdyrlar. Megerem, ol ermeni orsuň adyndan Eýranyň döwlet baştutanlary bilen görüşýän bolmaly. Soň yzlaryna gaýdýarlar. Ýolda bir giň düzlük ýerde namaz wagty bolýar. Atam atynyň başyny çekýär-de, gazygyny ýere urup gapdalynda namazyny okaýar. Ermeni atamyň galanyny bir bada duýmandyr. Esli gidenden soň, onuň ýokdugyny bilip, namazyny bitirip, yzyndan ýetýänçä "garalyp durupdyr" (bu atamyň sözi). Soň sag-aman gelipdirler. Emma, bir salymdan Ýazmyrat han atamy çagyrypdyr.
- Hangeldi sakal, nädäýipsiň?
- Hä, näme edipdirin, bolköýnek?
- Ermenini ýeke goýup namaza duruberipsiň-ä.
- Näme ýumruk ýaly ermeni diýip, namazymy geçirer öýdýäňmi?
Atamy Ýazmyrat han bu etmişi üçin "güpbaha" (kakamyň sözi) salypdyr. "Güpbah diýýänem edil beýlekileriňki ýaly ak öý diýýä-laýt. Ýöne "Gyljymy aldylar, bir gün ýeke sakladylar, şoňa namys etdim" diýerdi" diýip, kakam pesaýja gülerdi. Kakamyň kah-kahlap gülmek häsiýeti ýokdy. Uzagam gülmezdi. Atam gülende gaýnaýan kündük ýaly "lykyr-lykyr" edip gülerdi diýip kakam gürrüň bererdi. Atamyň häsiýetlerini görkezýän ýene bir hadysa: Kakam bir gün işden gelýär-de, körpe ogullary, ekizje, enaýy çagalarynyň birini (ýa Ylýas ýa-da men bolmaly) "Gel, oglum" diýip, gujagyna alýar. Atam şonda, "Sen özüň entek ogullykdan saýlanaňok" diýen manyda: "Haý, ýüwel. Men ölerin, onsoň "oglum" diýseň bolar" diýipdir. Kakam şonda erbet utandym diýerdi. 4 ýaşlarymyzdakak düşürilen bir suraty şu ýerde goýmakçy. Indi kimiň Ylýasdygyny derrew tanarsyňyz. Atam dirikä, ýagny birem ýaşamankak düşürilen suratymyzam bardy. Şol suratda bizi hiç kim, ejemem tapawutlandyryp, tanap bilmezdi. Biziň meňzeşligimiz hakynda soň. Ýöne şol surat Annajemal ejemlerde bar öýdýän. (Annajemal ejem pahyr bizi aşa gowy görerdi. Ýatan ýeri ýagty bolsun) Ýegenlerden alyp bilsem, şol suratam goýaryn, inşaalla. Şonda-da Ylýas ikimiziň meňzeşligimiz, tapawutlanýan taraplarymyz hakynda pikirimdäkijeleri ýazaryn, nesip bolsa.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.