Hangeldi atamyň oglanlyk ýyllary
Hangeldi atamyň oglanlyk ýyllary bilen baglanşykly bir wakany ýazaýyn. Bu diňe bir biziň atamyzy, garry atamyzy tanadýan waka-da däl, tutuş türkmeniň keşbini çekýän ýaly.
Hangeldi atamyň kakasy Çaryýar atam gaty daýaw bitniklli adam eken. Gökdepe galasy beýgeldilende, mähnet pilini palçykdan dolduryp, arada durup aşakdan äberilýän, palçygy ýokaryk oklaýan adamyňam üstünden aşyryp, diňiň depesini örüp oturana ýetiräýer eken.
Bir gün Çaryýar Garagurbanda (Pöwrize ýolundaky ýol edarasynyň gündogarsy) özi ýaly daýhanlar bilen orak orup ýörkä, türkmen obasyna çapawulçylyk etmäge gelen üç-dört atly ilerden görünýär. Çaryýaram ýappyldak atyna towsaga-da münýär olaryň ökjesine. Ýappyllak diýilýän eýerlenmedik, üstüne keçe atylan ata aýdlýar. Elinde ýarag ýerine bugdaý oragy. Ol güýjüne baýrynyp, kellesiniň gyzgynyna ýoldaşlary galsa-da «arkasyna elim ýetse bor» diýip daga siňenleriň yzyndan ýeke özi kowýar.
Şeýdip, «ynha ýetdim, ynha ýetdim» diýip kowup barşyna, ol bir dereden geçýär welin, yzyny ýigrimi-otuz atly bolaga-da baglaýarlar. Bugdaý oragyň bilen edip biljek zadyň barmy, atamyzy ýesir alýarlar. Eltibem Pöwrizäň hanyna tabşyrýarlar. Olam Çaryýaryň elini, aýagyny zynjyr bilen baglap atýar zyndana.
Eger ýesirimiziň ýerine Tutluk hanyň atyny getirseňiz ony boşadaly, bolmasa-da pylança wagtdan dardan asýas diýip, alty aý diýlende, Çaryýaryň habary oba gelýär.
Bu habary eşdip, ýedi-sekiz ýaşly Hangeldi atam, on-onki ýaşlaryndaky agasy Sapargeldi, ejeleri Nedirbike enemiz üçüsem aglaşyp otyrlar. Ýene enemiz «aglaşyp oturanymyzdan peýda ýok, baryň ogullarym kakaňyzyň ýagdaýyny han aga aýdyň» diýýär. Tutluk hanyň atam ahala belli, üýtgeşik syratly, ýyndam at. Aňsatmy ony mugtyna dilemek. Ol wagtyň adamlary atyny janyndan eziz görýär. Onda-da nähili at! Düýe süýdi berlip, gün görmedik körpe iýdirilip ýetişdirilen at. Şeýle-de bolsa nätjek, kakaň ýesir bolsa. Iki dogan näçe çekinselerem barypdyrlar dilege. Tutluk han diýilýänem Köşüň hany, öýnüň günbatar ýüzünde, güneşde ýona bejerip oturan eken.
Oglanlar çekinşip zordan «Salawmaleýkim, han aga» diýýärler welin, olaryň habarly gelenini aňan Tutluk han salamlaryny alýar-da, «Kakaňyzdan näme habar?» diýip soraýar. Olara-da aňsat bolýar, «şeýle-şeýle kakamyzyň ýerine atyňyzy soraýarlar» diýýärler. Muny eşden Tutluk han zöwwe ýerinden galaýypdyr. Elbet, gyzyl-kümüş, haly beýleki gerekdir diýip öz ýanyndan çen tutup oturandyr-da. Pahyr sesini çykarman atyna garşy gidiberipdir. Teblede daňylgy duran atynyň daşyndan bir aýlanyp, ilki arkasyny sypalapdyr, soň maňlaýyny. «Janawer saňa beren otum-iýmim hala eken. Seniň ýaraýan zadyňy» diýipdir. Soňam tanapyny çözüpdir-de:
- Äkidiňaç-suwsuz etmäň – diýip, atyny iki sany ýumruk ýaly oglanyň berip goýberipdir.
Tutluk hany aty nire, olar nire? Oglanlar dilegleriniň bitenine begençlerine guş deýin uçaýjak bolup, aty iýdip gaýdypdyrlar. At janawerem şeýle sahawata ýaranyna olardan beter begenýän ýaly, şu bir oýnaýar welin, adamlar haýran galyp, öýünden çykyp synlap durupdyrlar. Güýz gününiň nuruna arkasy, boýny ýedi öwüşgin atyp, inçeden uzyn aýaklary ýere çanjylyp, sanjylyşy ýalam ýokaryk göterilip barýar. Şol wagt Göroglynyň:
Gargyýa meňzär gulagy,
Şemşat kimin el-aýagy
diýýän ahal-teke bedewiniň ganat baglap uçup ötägitmeýşine haýran galýaň diýärler. Sapargeldi bilen Hangeldiň aty iýdip gelýänini görüp, Nedirbike enemiz gözünden iki damja ýaş döküpdir. Ol şeýle üýtgeşik atyň ertir ýat illere gtjekdigine gynanyp şeýdipdirmi ýa-da öýüniň sütüi Çaryýaryň geljekdigine begenjinden şeýdipdirmi – bilýän ýok.
Ertesi, Gün gulagyny görkezenden, Tutluk han gelipdir. Bular üç kişi, çalşyljak at bilen dört bolup, Pöwrüzä tarap ýola düşüpdirler. Jülgä giräýen ýeriňde çyzyk çyzypdyrlar. Şol çyzyga aňyrdan Çaryýar atamyzy getiripdirler, bärdenem Tutluk han iki sany oglan bilen atyny alyp barypdyr. Tutluk hanyň eline Çaryýaryň elini beripdirler, Tutluk hanam olaryň eline atynyň tanapyny tutdurypdyr. Şeýdip olara aty iýdip aňryk gidipdirler, bularam Çaryýary alyp Köşä gaýdypdyrlar. Soň sähel ýyl geçýär, Çaryýar atamyz Gökdepe urşunda, gala ýarylanda şehit bolýar.
Bu wakalardan bir asyrdanam kän wagt geçenem bolsa, Tutluk hanyň atyny iki sany ýetim galaýmaly bolan oglanlaryň elinde oýnap barşyny özüm gören ýaly, göz öňüme getirýärin. Tutluk hanam boş galan gazyga seredip dur, belki, at eýesinden eden tamasy çykansoň, şeýle oýnandyr? Ýer ýüzünde çapylýan atyň tohumynyň diňe ikisi – ahal-teke aty bilen arap aty arassa ganly hasaplanýar. Hatda arap atynyň ganynda-da ahal-teke atynyň gany bar diýýän alymlar bar. Eýsem, halkymyz şeýle süňňi arassa, halal bolmadyk bolsa, onuň şeýle arassa ganly bedewi bolarmydy? Türkmen aty ölende başyna kepen dolap, adam jaýlan ýaly jaýlar eken. Tutluk hanly gürrüňiň soňuny aýdyp bereýin. Soň Çaryýar atamyz dolanyp içerisine gowşansoň, obada ady belli bir baýtal ölüp, yzynda taýy ýetim galýar. Ol ýetim taýam Çaryýar sähel pula satyn alýar-da Sapargeldi bilen Hangeldä “Baryň taýy han agaň gazygyna daňyp gaýdyň. Bu näme? diýip sorasa, kakamyz han agaň gazygy boş durmasyn diýdi kakam diýiň.» Öňki Düldül sypatly atyň gazygyna kürrejikden çala tapwut edýän ýetim taýjagazy daňyp, kakamyzyň aýdanlaryny aýtdyk welin, Tutluk han taýyň daşyndan bir aýlandy-da «Bujagaz öňki atyňam hili bolmaz. Munuň öňüne at geçmez» diýdi. Iner adamdygyny gör, onuň diýip Hangeldi atam bu wakany dilinden düşürmän gürrüň berer eken. Aýdyşy ýalam bolupdyr. Tutluk hanyň soňky atynyň öňüne at geçmändir.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Bizä at diýlen zady telewizorda görüp ulaldyk. Türkmeniň aty aty diýýärdiler ýöne şoň atyny görmedik ýolda yzda. Aşgabat tarapda nämede bolsa köp ekeni at. Aýlawly zatly.