07.02.12.
Düýnki ýazanymy okadym-da “Bäh, uly gürläpsiň welin, yzynda durup biljekmiň?” diýip pikir edenimi duýman galdym.
Gurbannazarda (bu şahyra has köp ýüzlenýänimi geň görmäň)
“Il-günüň derdini ýüregne jemläp, / Soňra ýürek agyrsyndan ölýärler” diýip hakyky şahyr barada aýdan setirleri bar. “Şu setirler gazetde çap edilenden soň, şahyrlaryň arasynda “Ýüregim agyrýar” diýmek moda boldy” diýip gülüşdirýärdiler. Her kim hak şahyr boljak-da. Emma, mesele ýüregiň agyrmagynda, ony diýmekde däl, elbetde. Meniňkem şeýle. Mesele diýmekde däl, il-günüňe peýdaly bolmakda.
Käbir adamlar bar, käbir zatlar hakynda asla pikirem edenoklar. Asla, başarsalar asla pikir etmejek bolýanlar, ony göni aýdyp, boýun alýan adamlaram bar. Diýmek Alla olaryň aňynda beýle bir pikiri döretmeýär. Sende şeýle ir pikir döreýän bolsa, onda bu bir duýduryşdyr. Kimi düýş görýär, kimine biri gelip duýdurýar, kiminiňem akylyna gelýär. Aslynda, pikir edip otursaň, düýnki gün bu güne duýduryş. Ony diňlap-diňlemezlik ýa-da diňläp bilip-bilmezlik seniň özüňe bagly. Aýtjak bolýanym, bu gün meni şeýle pikir horlaýan bolsa, ertir belki, işimde-de görner. Adam bir işi etmänkä ony köplenç ilki akylynda edýär ahyryn. Uly gürläýin, kiçijigem bolsa, bir ýagşy, peýdaly iş etsem razy. Şonda-da utanç duýgusy basýar. Gürlemänjik, diliňe almanjyk iş bitirseň has gowy bolardy diýýän. Akylyma gelensoň ýazaýdym, nädip ýazanymam bilmedim. Ýazýarkamam hil bir zat ýazýan ýaly begenip, derrewem sahypada goýdum. Bolan işe ökünip wagtyňy gidirip oturmagam biderek. Birhili o ýazgylar, içimi dökmek aýybam bolsa, birine peýdalam bolaýjak ýaly bolup dur. Esasy mesele, ýazylan zada dogry düşünmekde. Kimdir biri kesä çekse, men nädeýin, “çekiber” diýmeli bolaryn-da.
Indi tema hakyndaky pikirlerimi ýazasym gelýär. Güýçli temalar bar. Mysal üçin, şeýtan, günä, toba, hata, ökünç... diýen ýaly. Onsoň taryh bar. Aýdaly, Görogly, Ak işan, Gökdepe urşy... diýen ýaly. Çynymy aýtsam, tema saýlap, şu barada ýazaýyn diýen gezegim juda azdyr. Ýekeje gezek Gökdepe urşy hakynda ýazasym geldi (“Atgulaksyz tabyt”). Onda-da taryhy waka däl, şol uruşda şehit bolan sada türkmen oglanyny, öýlenmedik oglany ýazasym geldi. Temaň ululygy hakynda asla pikir etmändirin. Gowy görýän zadym häzirki döwür. Bir wagtlar, ýaňy ýazyp ugraýan wagtlarym, bir aýagyny uruşda aldyryp gelen adam hakynda bir zatlar ýazdym. Şonda özümden uly agam “Inwalid hakynda däl, oňarýan bolsaň onki synasy sagat adamlar hakynda ýaz” diýdi. Bu meniň üçin pent boldy. Ýogsa, ýürek awundyryjy bir zatlaram, halanjak zadam ýazypdym. Annaly Berdiýew pahyr “Ýör žurnala (Sowet edebiýaty) äkideli diýdi. Ýalbaryp, zordan yzyna aldym. Şoň çykmanyna häzir begenýän. Günä, toba, ökünç, namys, haýa... diýen ýaly temalar üçinem ýörite hekaýa düşmedim. O zatlaryň özi hekaýalaň içi bilen geldi. Aslynda, özüm hekaýa ýazandan powest ýazmagy has gowy görýän. Bu soňky döwür şeýle boldy. Öňler powest, roman diýseler “Nädip ýazmaga ýürek edýärkäler-aý?” diýip pikir edýärdim.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.