Atam bilen kakam
Atam bilen kakamyň gatnaşyklary hakynda köp oýlanýan. Biri çilim beýlede dursun, çaýam neşesi bar diýip halamaýan adam, beýlekisiniň etmedik neşesi azdyr. Gapma-garşy adamlar. Emma kakam çagalaryna çilimem çekdirmändir. Şu wagt agalarymdan bir Baýramguly çekýär. Baýarmguly kakamyňam ýaş wagty düşen suraty bar. Ýeri geler ol agam hakynda-da bilýänjelerimi, başardygymdan ýalan sözlemän ýazjak bolaryn. Ýöne häzir atam hakynda.
Ilki kakamyň nasy taşlaýşy hakynda ýazaýyn. Kakam bir döwür, çilim çekmän nas atardy. Bir günem nas kädisini ýitiripdir. Ýer ýykyp gözleýäs. Ogullary, gyzy Annajemal, gelinler, agtyklary… öýde şol gün kim bar bolsa, ähli kişi kakamyň nas kädisini gözleýär. Onuň oturan-turan ýerlerine çeli, ähli ýere aýlanyp dörüp çykdyk. Kakamyňam gahary gelýär. "Ýaňam bardy eýesiz" diýip käýinýär. Birdenem ony özi tapdy.
Kakamda bir häsiýet bardy. Ýatanda 4-5 ýassygy başynyň aşagynda goýup, kellesini ýokarda, dik diýen ýaly edip ýatardy. Ýogsa gakylygy bokurdagyna ýelmeşip, demligini bogýardy. Ana, nas kädisi şol ikinjimi, üçünjimi ýassygynyň daşy bilen arasyna giden eken. Bizem tapyldy diýip ýaňy begenibem ýetişmänkäk, kakam kädisini açyk penjireden daşaryk dazladyp, zyňyp goýberdi. "Bar kişini işe goýdy, eýesiz" diýip. Barymyz agzymyzy açyp galdyk. Şodur-şodur kakam nasam atmady.
Atam welin, gaty arassa, tämiz ýaşapdyr. 83 ýaşynda-da eşege hasasyna direnip, böküp müner eken. Içi gyzgyn çaýdan doly käsäni pyrlap oýnar eken. Beýlekiler etjek bolup üstlerine gaýnan çaýy döküp bişer eken. Atam kakam dagynyň tamynda-da ýaşaman özüne 10-12 metr gadalda çig kerpiçden jaýjagaz saldyryp şonda bolýar eken. Onuň töri puharylyja (rusça kamin) tamyny soň men ýykdym. Häzir o ýerden Rahym jaý salyndy. Atamyzyň onda ýaşanyny görmedigem bolsak, "Atamyň tamy" diýerdik. Atamyň aýry ýaşamagynyň esasy sebäbi, kakam başlygyň orunbasary, başlyk bolansoň, ýanyna ors-ermeni, her milletden, megerem, köpüsem içmäni gowy görýän adamlary köp getirerdi. Umumanam kakam köpüň adamsydy. Dosty-tanyşy köpdi. "Öýde bişýän nahardan ilki ataňyza guýup bererdim. Birden ýadymdan çykyp ilki kakaň daga guýaýsam, soň ol nahary ataň iýmezdi" diýip ejem gürrüň bererdi. Emma, bir gezegem kakama "Şol myhmanlaryňy gaýdyp görmäýin" diýmändir. Näme üçin?
Ýogsa Ýer yranýar. Oba tutuşygyna täze ýere göçüp gelýär. Şonda kakam başlyk adam, diýeni bolýar. Eýran bilen serheti goraýan zastawaň hojaýynary bilen dost bolansoň, şolardan bir jaýy tutuşlygyna göçürip özi üçin saldyrýar. Kakam şol jaý barada şeýle wakany gürrüň bererdi. "Bir gün gelsem salynyp ýören jaýyň sütünleri kesilip ep-esli peseldilipdir. "Muny kim etdi?" diýip gygyryp bardym. (Kakamyň sesi gatydy). "Men kesdirdim. Näme "Pylanyň jaýy" diýdirjek bolýaňmy? Seret ilde seňki ýaly jaýly barmy? Jaýyň içini giň ederler" diýip kakam çykdy. Zat diýip bilmedim. Kakaňa zat diýip bolýamy? Ol ussalara hasasy bilen görkezip, jaýyň sütünlerini ýeke-ýeke başynda durup kesdiripdir." Hakykatdanam, biziň jaýymyz pessejikdi. Saparguly agam özüne jaý saldyransoň, köne jaýda Ylýas ikimiz ýaşadyk. Çalarak bökseň potologa eliň degýär. Ylýas-a şu wagtam şol garry öýüň özüne ýeten böleginde ýaşaýar. Kakam atamyň aýdanlaryny bütin ömrüne sapak edinipdir. Hakykatdanam biz "başlyklar maşgalasy" hiç kimden artykmaç ýaşamaýardyk. Artykmaç geýinmeýärdik. Özüme oýnawaç alyp berenlerem ýadyma düşenok. Bir gezejik Ejegül ejem (aýal doganym) obaň magazininden üç tekerlije iki sany tigir alyp gelipdi. Megerem şol wagt bäş ýaşlarymda bolmaly. Soň maşyn alynanymda-da şeýle begenmändim. Ejegül ejem şäherde ýaşaýardy. Bize gelýärkä ýolda obaň magazinine sowulypdyr. Bu tigirlerem ýaňy düşürilip duran eken. Ol iki sanysyny alýar-da "Puluny soň getirerin" diýip alyp gaýydýar. Ejegül ejemde şoňa ýeterlik pulam ýok eken. Emma zynjyrly-zatly, nähili üýtgeşik tigirdi. Ýöne tekerine ýel berilmeýärdi. Şonda-da ýaman gaty gidýärdi. Ýazyp oturmaýyn ol tigriň nähili gowudygyny bir Ylýas, birem özüm bilerin. Hawa, biz şeýle ulaldyk. Mekdepde bir oglan kostýumlyja okuwa gelýärdi. Şonuň eşigine gözüm giderdi. Biz klasdaşlaymyzdan üýtgeşik geýinmeýärdik. Eger, meniň ekiz oglum bolan bolsa, özümem kolhozyň başlygy bolan bolsam, çagalarymy şeýdip saklap bilermidim. Ýok. Ýöne menem çagalarymy üýtgeşik geýindirip bilmedim. Olam ýetde-gütderäk, gazýetçň aýlygy bilen ýaşaýardyk, şondan. Çagalarym, olaryň terbiýesi hakynda soň. Häzir atam bilen kakamyň gatnaşygyna düşünjek bolýan. Atam Alla diýip, Allany razy etmek üçin ýaşapdyr. Kakamam içinden, ýüreginden Alla diýip, il-gününi aç-hor etmejek bolup ýaşapdyr.
Şu ýerde ýürek bilen baglanşykly, başymdan geçen bir wakany aýdyp bereýin. Br gezek Stambula gitdim. Megerem, ilkinjiräk gidişimdi. SSSR ýaňy dargapdy öýdýän. Garaz gaýdyşyn uçarda biziň iki sany belli ýazyjylarymyz bilen uçup gelmeli boldy. Şonda olaryň biri aýagynyň üstünde zordan durýar "Alla şu ýeriňde bolmaly" diýip ýüregine urýar. Menem jogap bermän ýylgyrdym, soň gitdi. Ýogsa, men onuň bilen Alla hakynda-da, Allaň nirede bolmalydygy hakynda-da, Alla ýüregiňde ýer alanda nähili ýaşalýandygy, nähili bolunýandygy hakynda-da gürrüň etmändim. Gürleşere ýagdaýam ýokdy. Olar menden 5-6 hatar öňde otyrdylar. Menem olaryň bardygyny uçara münenimden soň bildim. Edenim bir salamlaşyp, ýerime geçip oturdym.
Emma kakamyň ýüreginde Allany göterşi başgady. Şonuň üçinem töwerekdäki obalar ýylyň ahyrynda (godowoý) aýlyk, ýyllyk gazanç jemläninde iň köp puly biziň obamyzyň kolhozçylary alýan eken. Töweregiň ähli obalaryndan öňürti agyz suwy (Ýanbaşdan), elektrik togy biziň obamyza çekilipdir. Atam pahyram ýeke ogluna zat diýmändir. Özi "Gözüm orsa (dinsize) düşýär" diýip obaň gaýrasyna gaçýar eken. Emma, ogluna degmändir. Jaýyň sütünlerini kesdirişi ýaly etmändir. Oglam kakasyny utandyrjak işi etmändir. Kakam hakyny gidermändir, halkynyňam hakyny gidermejek bolupdyr. Ömrüniň manysyny kolhozda görüpdir. Sebäbi halkynyň hakyny ol diňe kolhozyň üsti bilen alyp bilipdir. "Ýaşatmak üçin ýaşamak" diýen bir söz bar. Belki, muny kakam eşdenem däldir, emma, gyşyň güni gijäň ýary suwçy penjiräni kakyp: "Amangeldi böwet ýykyldy, eýgerdenok" diýip gelende öňüne düşüp böwediň ýykylan ýerine gider eken. Baryp böwediň ýykylan ýerine, buz ýaly suwa özüni oklar eken, suwçam kakamyň öňüne ýandak, çaýyr oklap böwet basar eken. Şedip ýykylan suwuň öňüni bekläp, ýene ekine sowar ekenler. Soň kakam gelip "Annagül, pejiň oduny gataldaweri" diýip, üçmege dolanyp, titräp ýatar eken. Galany soň. Ýogsa, ýazasym gelýär, ýüregine urman ýüreginde Allany göteren kakam hakynda…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.