Şu gün ýüregime bir gorky geldi
Iýun 25, 2013 | 1 teswir | 1467 okalan
Şu gün ýüregime bir gorky geldi. "Näme üçin men bu zatlary ýazýan? Kime gerek?" diýip agyr pikir etdim. Howa, Amangeldi agalar üçin bu gyzykly. Amangeldi agaň nesli bu zatlary bilmeli. Bilse zyýan däl. Mundan her kim gerejigini, alyp bilenini alar. Men bilýänjämi aýdaryn, soň neslimizden zehini ýiti biri mundan has çuň manylar çykarar. Şeýle pikirler etdim. Şu netije meselesi beýniň içine düşen gurçuk ýaly. Bagyşlaň, bu zatlary ýazman göni başlabermelidim. Indi ýazamsoň bozmaýyn.
Ejem bilen kakam ikisi ýaşyt, ikisem 1909-njy ýylda doglan. Ikisiniňem aňyrsy Köşiň dälilerine barýar. Kakamyňky eje tarapdan dälilere barýar öýdýän. Ejem-ä Çary Aşyr, Aman Kekil, Şaly Kekil dagy bilen bile oýnan, dogan oglan-dolanan, garaz ýakyn garyndaş. Çary Aşyr kakama "ýegen" diýerdi. Bize-de "ýegen" diýip ýüzlenýärdi. Ýöne meniň anyk bilýänim ejemiň kakasy Meret aga. Oňa Meret sopam diýýär ekenler. Näme üçin sopy diýipdirler - bilemok. Ol biziň dünýä inmegimizden öňmi-soňmy ötüpdir - onam bilemok. Ýöne Hangeldi atam bilen babam Meret aga biri-birini gaty gowy görer ekenler. Iki bolup Kur'an okar ekenler. Babamyň iki gyzy bolupdyr. Ulusy Ogulnur Ýer yrananda (1948) kesegiň aşagynda galypdyr. Kiçisi Annagül - biziň ejemiz. Meret agaň ogly bolmandyr. Şonuň üçin meniň gönüden-göni daýym ýok. Ýöne Meret agaň doganlarynyň ogullary köp eken. Olar, olaryň nesli bize ýegen diýýär. Bizem olara daýy diýýäs. Kakamy 12 ýaşyndaka öýeripdirler. Ejem "Çykyp gelemde kürtäm ýere deger durardy. Kakaň bilen aşyk oýnardyk" diýip gülüşdirerdi. Kakamyň öýlenşi geň bolupdyr. Biziň enemiz ýarawsuz eken. Onuň 40 ýaşlaryndan geçip-geçmän dünýeden ötenini öňem ýazypdym. Meger şonuň üçindir, ol ýeke ogly Amangeldini ir öýermekçi bolupdyr. Megerem, öz dälileriniň, tiredeşleriniň içinden bir gyzy alyp bermek isländir. Ol Meret agalara gudaçylyga barýar. Emma, bilmedim kakamy ýeke görüpmidirler ýa-da garybyrak ýa-da hakykatdanam başga biri şol wagt gudaçylyga gelýärmi - eneme ýok diýýärler. Enem lapykeç öýe gelende Ugurly atamyz (Töreleriň hemmesiniň "ata" diýip ýüzlenýäni, gaty baý hem edenli adam) bizde eken. Ol enemden "Näme habarly geldiň?" diýip soraýar. Enemem göwnemändiklerini aýdýar welin. "Meret sizi garyp görendir" diýýär-de, 5-10 düýäni, epesli goýun-geçini sürüp, göni babmyň gapysyna barýar. Meret aga beýdip gelen adamyň, onda-da Ugurlyň sözüni yzyna gaýtaryp bilmeýär. Şeýdip ejemi gelin edinýärler. Kakamyň ir öýlenmeginiň sebäbem enemiň ýarawsyzlygy bolmaly. "Ölmänkäm öýereýin" diýen düşünje türkmen enelerine mahsus düşünje. Soň ejem gaýtarma bolup 3-4 ýyl gezdim diýerdi. Kakam çagalykdan saýlanansoň, ejemi gaýdyp alýarlar. Ýa-da enem dünýeden ötmeziniň öň ýany yzyna alýarlar. Şeýdip atam Hangeldi bir ogly, bir gelni, birem gyzy Nurjemal bilen galýar. Ugurly atamyz Hangeldi atamy öýerjek bolup kän iş edinipdir. Emma atam "Birim bar - müňim bar. Meni çagalarymdan aýyrjak bolma" diýip göwnemändir. Atam ejemi gowy görýän eken, ejemem "ataň" diýip ony dilinden düşürmezdi. Atamyz hakyndaky köp gürrüňleri ejemden eşdipdim. Bir gezek, arman näçinji ýyllardygyny bilemok, atam "Gelnim maňa bir azajyk pul ber" diýip ejemden pul alyp gidýär. "Soňam goltugyna gysyp, ýygşyryp alyp geldi-de ýylgyryp "Bir gowy zat alandyryn, gelnim" diýip Kur'any çykardy. Özem bir begenýär. Aýagy ýere degenok. Beýle ýylgyranyny, begenenini öňde-soňda görmedim. Birem size begenerdi" diýip ejem atamyň Kur'an alyşyny gürrüň bererdi. (Şol Kur'any kakam ýogalandan soň, maňa berdiler. Häzir oglum Döwetde.) Bu gürrüňden çen tutsaň, atamyň pul bilen, gazanç bilen kän işi bolmandyr. Kakamam "Indi sen düýe başyny iýtmäge ýaraýaň. Hojalygy saňa tabşyrýan. Nähili aýlasaň özüň aýla. Maňa-da bereniň bilen oňaryn" diýipdi. Menem ýumruk ýaly oglan. Diýişi ýaly ýatan çöpem galdyrmady, zat bilenem işi bolmady. Haçan görseň Kur'anyny okap oturandyr" diýip gürrüň bererdi. Ejemiň 9-10 çagasy bolupdyr.Ýöne adam edeni ýedi - bäş ogul, iki gyz. Ylýas ikimizem körpesi. Ilki ogluna Baýramguly diýýär ekenler. Ejem onuň şeýle görmekli, syratly, ýaşyndan uly akylly çaga bolanyny kän aýdardy. Kakamam "O wagtlar harman saklardym. Kolhozyň harmany. Gijeleri Baýramgulyny harmanyň üstünde oturdyp gaýdardym. Ýary gijeden soň gelseňem oturandyr, gözjagazyny ýyldyradyp. Gorky-ürküni bilmezdi. Uly adam ýalydy" diýip "Ilkije Baýramguly" hakynda gürrüň berýärdi. Ol aw bilen, tüpeň bilen gyzygýan eken. Kakamam awçy bolansoň, megerem yzyna düşürip äkidýän bolarly. Onuň ýeke nil tüpeňem bar eken. Bir günem bir ýere myhmançylyga gidýärler-de yzlaryna gelýärler. Baýramguly ilki bolup, ylgap öýe girýär. Şol wagtam tüpeň sesi çykýar. Ejem: "Menem yzy bilen barýardym gapyny açandan tüpeň atyldy. Çaga gujagyma, boýunjygyny sallap, ýykylaýdy" diýerdi. Şol wagt başga bir myhman kakamyň gelerine garaşyp öýde oturan eken. Edere-de iş tapman Baýramgulyň diwardan asylgy tüpeňini oýnamaga durýar. Ol tüpeňe ok sürülgidiginden bihabar mäşäni gysan bolmaly. Baýramgulyjygam oňa pete-pet deň gelýär. Şeýdip ol çaga 6-7 (Çen bilen ýazýan, anyk ýaşyny bilemok. Ýöne şondan uly däl) ýaşlarynda dünýeden ötýär. "Şol wagtlar öýmüze uly dindar biri geldi. Ol maňa "Ogluň Kerbela şehitleriniň şehit edilen gününde gidipdir. Şol şehitleriň hataryna goşulypdyr. Eger aglap-eňräp ýörmeseň, ogluň islän wagtyň ýanyňa geler-gider durar" diýdi welin, aglaman bolýarmy?" diýip, ejem ilkije ogluny ýatlardy. "Soň Saparguly boldy welin, ýüzüne serdisim gelmeýärdi. Ilki oglum şeýle görmegeý, nuranady" diýerdi. Ilkije Baýramguly hakynda kakam bir wakany gülüşdirip gürrüň berýärdi. Bir gün öýmüze biri gelip, sagyp oturan sygyrymyzy satyn almakçy bolýar. Kakam dagy "Satmak pikirimiz ýok. Ýeke sygyr, çagalara süýt-gatyk berip dur" diýse-de ol adam hiç goýmaýar. Şol diläp oturýar. Ahyry Baýramgulyjyk "Aý, agam sygyr-sygyr diýi tüketmediň-aý. Meň ýeke emjekli süýtli sygrym bar şony alaýsana" diýýär. Şondan soň myhman sygyr dilemesini goýýär. Kakam "Gaty kiçijikdi-laý, beýle gepi nireden tapýar. Uly adam ýalydy-da" diýýärdi. Babamyň kakasyna Garry däli diýýär ekenler. Ýöne ol hakynda indikide ýazaýyn. Ýadadym, bir gezek görmedigem bolsam, iň uly agam Baýramgulynyň harmanyň üstünde gözlerini ýyldyradyp oturşy göz öňümden gidenok. Ýazyp bilemok. Sizem ýadatdym öýdýän.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
In hezil yerinde kesyanizda