08.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

08.02.12.

Fewral 08, 2012 | 0 teswir | 888 okalan


Beý diýsem, inwalidler, Alla tarapyn kemli adamlar edebiýatda gahryman bolmaly däl diýdigim diýip düşünmäň. Eýran kinoçylary Mejid Mejidiniň  (“Allanyň reňkleri”), Mahbalbafyň (“Ümsümlik”) kinolarynyň baş gahrymanlary kör oglanjyk. Iki kinoda gaty gowy çykypdyr. Ol kemli çagajyklar, onki süňňi abat adamlardan has ruhy taýdan sagdyn,  has sapak beriji.
Ilki ýazmaga başlan döwrüňde töweregiňdäkiler, deň-duşlaryň näme ýazýar – şoňa uly üns berýäň. Şol ýyllarda bir azajyk ejizleseň şolara öýkünmegem döräp biljek. “Sowet edebiýatynda” çykarylmaly powestimem şol döwrüň powestlerine juda meňzeşdi. Hiç kimiňkä meňzemeýän eser döretjek bolmak, bilmedim ýalňyş bolup biler, ýöne, biriniňkä ýa-da köpüňkä meňzetjek bolmagam ýalňyş. Edebiýatda täsirlenme diýen zat bar, emma, öýkünme bolmaly däl. Näme üçin? Sen näçe öýkünseňem, öýkünýäniň edil kopiýasyny ýazmarsyň ahyryn? Diýmegiňiz mümkin. Öýkünmek ýazýan adamyň öz şahsy özboluşlygyny ýapýar. Adam näçe özüni, öz dünýäsini, dünýägaraýşyny doly açyp bilse, eser şonda gowy eser bolýar. Öýkünmek muňa päsgel berýär. Emma, uly ýazyjylardan nähili ýazmalydygyny öwrenip bolýar. Tehnika diýseňem bolýar. Şonda-da seniň kimden öwrenýändigiň bildirip, göze dürtülip dursa gowy dälmikä diýýän. Sen biri bilen gürleşen wagtyň belki, gürleşişiň kakaňka, doganyňka meňzäp biler, emma pikiriň, aýtjak bolýan zadyň özüňki bolýar. Edebiýadam şonuň ýalymyka diýýän. Dogrymy, aýtsam, men oba hojalyk inst. Gutaran adam. “Edebiýat teoriýasy”, “Daşary ýurt edebiýaty” diýen ýaly sapaklardan ders almadym. Ýöne, daşary ýurt edebiýatyny ekzamenden baha almak üçin okamadym. Keýpine okadym. Bir zatlar öwreneýin, ýazyjy bolaýyn diýibem okamadym. Belki, ýazyjy ýazyjydygyny unutmlaydyr. Belki, men pylany diýmek, seniň garaýşyňy, pikirlenşiňi daraldýandyr. Özüm-ä içimdäki “men ýazyjy” diýen duýgyny başardygymdan öldürip gezýän. Hakyna seredňde men ýazyjam däl, henize çenli Türkmenistanda ýekeje kitabym çykmady. Çykan bolsa 5-3 sany ownuk hekaýalarym çykandyr. Bolany. “Onda näme edebiýat barada takal okap otyrsyň?”  diýmäň. Ýönekeý okyjyňam edebiýat hakynda pikiri bolup biler. Oglanlaň biri “Hususy internet saýty açmagyňyzyň manysy, maksady name?” diýip sorapdyr. Şuňa-da anyk, akylly-başly jogap berip biljek däl. Oglanlar açyp bereli diýdiler, menem garşy bolup durmadym diýäýmesem. Mende üýtgeşik maksadam ýok. Adam pahyryň, ýaşy könelşensoň gürrüňdeş küýseýän, içini dökesi gelýän bolaýmasa.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.