Biz dünýä inenimizde
Iýun 29, 2013 | 1 teswir | 1009 okalan
Biz dünýä inenimizde Ylýas ikimiziň göbek enemiz aýry bolupdyr. Bilmedim, bolmalysam şeýle bolsa. Meniň göbek eneme Akjagül eje diýýärdiler. Ýognas, dogumly aýaldy. Jahangir, Nepes kaka dagyň ejesi. Törelerden, ýagny biziň tirämizden. Ylýasyň göbek enesi Annagözel eje. Tiresini bilemok. Horja, ýuwaşja, şeýle ýakymly aýaldy. Ol bizden soňky çagalaryňam, tä meniň çagalaryma çenli 1976-nji ýyldan öň dünýä inen ähli Amangeldi agaň nesliniň göbek enesi bolsa gerek. "Çaga göbek enesine çekýärmiş", "Haý, seň göbek eneň bar bolsun!" diýen ýaly sözleri kiçijikligimden köp eşitdim. Näme üçindir Akjagül eja "Akjagül jyrtyk" diýýärdiler. Şonuň üçin meniňem, kiçijikkäm, bir döwür "Hydyr jyrtyk" lakamym bardy. "Jyrtyk" sözi "jyrtlamak" sözünden gelýär, megerem, bir ýerde durmaýan, garagol, agras däl, edepli däl diýen ýaly manylary aňladýar öýdýän. Çagakak men Ylýasa görä hereketliräk ekenim.
Biz bäbekkäk gaty meňzeş bolupdyrys. Şonuň üçin biziň adymyzy ýazyp, alajabag bilen boýnumyzdan asypdyrlar. Munuň bilen baglanşykly geň hadysa-da bolup geçýär. Bizden uly agama Soltanmyrat diýýärler. Ol bizden 5 ýaş uly. Soltanmyrat kakam hakynda soň aýratyn ýazmakçy. Ýöne onuň garagollygy has aňyrdan eken. Ol bir gün biziň boýnumyzdaky adymyz ýazylgy alajabagy çalşyrandygyny aýdypdyr. Soňam gyssasalar ýene yzyna dakdymam diýipdir. Garaz, gepiň keltesi şeýdip biziň kimdigimizi, indi bu garagollygy eden, Soltanmyrat kakamam bilmeýär. Biziň bir ýaşlarymyzdakak alynan suratymyz bardy. Şol surata seredip, suratdakyň kimdigini ejemem anyk aýdyp bilmeýärdi. Bilmedim häzir şol surat kimlerde? Megerem, Annajemal ejemlerden çykarmyka diýýän. Birimiz kakamyň elinde, beýlekimizem ejem gujagyna alypdyr. Buýra-buýra , egnimize ýetip duran galpakly, gyrmyzy donuň matasyndanam kürtekçeli. Gaty gowy suratdy. Belki tapylar. Aslynda, men hemişe bizi tanap bilmeýänlerini geň görerdim. Goňşularymyzam, has ýakynlarymyzam bizi tanap bilmezdi. Meniň göwnüme Ylýas başga men başgadym. Köp aýallaram bizi gördükleri tutup ogşajak bolýardylar. Şapyladybam ýaňagymyzdan ogşaýardylar, ýüzlerine sylýardylar. Onsoň biz ogşatmajak bolup, aýal görsek gaçardyk. Ejem biziň herimizi bir gapdalynda ýatyrýandygyny ertir tursa-da ikimiziňem bir tarapda ýatandygymyzy aýdyp bererdi. Şol wagtlar biz 2-3 ýaşlarymyzda bolsak gerek. Biziň galpagymyz gözeilginç owadan eken. Şol galpaklarymyz sebäplem Ylýas ikimiz ölümiň bärsinden gaýdypdyrys. Ejem bir gün biziň bilen bir ýerden-ä gelýär. Öýe gelibem başymyzdaky ýaglygymyzy aýyrýar. O wagtlar çagalaryň kellesini ýaglyk bilen daňardylar. Kakam muňa hasam üns bererdi. Agtyklarynyňam başyna ýaglyk daňdyrardy: "Ýykylsa çagaň kellesi ýere degmez ýaly" diýerdi. Şonda ejem biziň ýaglygymyzy aýyrýar welin, galpagymyz egnimize dökülýär. Muny gören bir aýal (onuň kimdigini bilemok. Ony aýtmazdylar) "Waý, bujagazlaryň saçjagazlaryny!" diýýär. Ikimizem şol bada erbet bolýas. Ol aýalam "Gözüm degdi" diýip zowzullap başlaýar. Onuň köýneginden kesip, otlap bize ysgadýarlar, ýüzümize tüýkürdýärler bolmaýar. Biz gün-günden igläp başlaýas. Şol ýyllar bize ejemiň süýdi ýetmänsoň düýe süýdünem berýän ekenler. Gelnejem, Amanjahanyňam bizden 40 gün öň ýany gyzy Annabibi bolýar. Olam kän emmez eken. Onsoň gelnejem bizem emdirýän eken. Şol ýyllar kakamyň üstünden "Gapysynda düýe saklap, çagalaryna düýe süýdüni içirýär" diýip arza ýazýarlar. Gelip gapymyzdaky düýäň kolhozyňkymy däldigini anyklap gidýärler. Elbetde, başlygyň bir sagylýan düýä güýji ýetjegi belli, şonda-da kakam gapydaky düýäni aýyrdyp, ýerine sygyr getirdýär. Sygyr süýdem bize ýarmaýar, biziň ýagdaýymyz hasam erbetleşýär. Ylýas hasam igleýär. Saparguly kakam Ylýasy daşyndaky ýorganjygy bilen götermeseň, barmaklaryň içinden geçäýjek ýalydy" diýip gürrüň bererdi. Bize Köşüň oba wrajy, owal Ak patyşaň keselhanasynda lukman bolan, Katulin diýen ors seredýär. Kakam "Siziň diri galmagyňyza sebäp bolan Katulin orsdur. Şoň mazaryna ýadygärlik dikseňizem azdyr" diýerdi. Katulin hakyndaky gürrüňi ertire goýaýaýyn. Internetde uzak ýazylan ýazgy okalmaýar diýýärler. Ýogsa...
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Howes bn Yzyna garashyas