Katulin
Katulin diýilýän orsy Kalininiňki ýaly çokga sakgallyja, kiçijik adam keşbinde göz öňüme getirýärin. Ýogsa men ony ýatda saklajak ýaşlarymda görmedim. Kakamyň gürrüň berşine ol Ak patyşaň (Nikolaý 2-nji) lukmany bolupdyr. Soň bolşewik gelende-de gaçyp, Türkmenistanda ýerleşipdir. Ol döwürler keselhana diňe Köşi obasynda bolardy. Ýalkymda diňe Çärjewden göçüp gelen, perzentsiz, ýeke ýaşaýan Nargül eje diýip medsestra aýal ýaşaýardy. Ol diňe sanjym ederdi. Her kim Köşä dogtora gider, näme derman ýazsalar getirip Nargüle berer, olam şoňa görä sanjym ederdi Obada ýeke magazin, ýanynda ýeke “medpunkt” diýilýän ýeke otaglyja jaý bolardy. Köplenç Nargül daýzaň özi öýme-öý aýlanyp sanjym ederdi. Gyzamyga, mama keseline we ş.m. kesellere sanjym edilende ýanynda ýene bir medsestra bolardy. Olam häzirbegjan. Adyna Merýem diýýärdiler, şäherden ýa-da Köşüden gelýän bolmaly. Ýöne şol Merýem çala ýadyma düşýär, ýognas aýal keşbinde. Gaty sesi bardy. Nargül ýeke ýaşap geçdi. Birini ogullyk aldy welin, olam kän wepa bermedi öýdýän. Garaz ol oglan ýetginjek ýaşa ýetip-ýetmän Nargüli taşlap yzyna gidäýdi gerek. Dogrusy, men Nargül daýzany gaty gowy bilýän. Ol obamyzyň beýleki aýallaryna meňzemeýärdi. Birhili erkeksi, gaty sesli, geplände anyk, bir gepli, kelç-külçsiz, arassa aýaldy. Eger aýagyny egri bassa kakam ony obada saklamazdy, belki, ony oba göçürip getirenem kakam bolmaly. Umuman geň döwür, molla, dogtar, medsestra gytdy. Ýokary bilimlem gaty azdy. Şeýle döwürde Katulin ýaly wrajyň bolmagy, onuňam bize seretmegi meni haýran galdyrýar. Pahyr bize “Marşallarym” diýýän eken. “Gyşyň sowuk aňzagynda, gar dyzdandyr. Şonda-da "Men marşallarymy görmäge geldim” diýip, Köşüden düýeli geläýerdi" diýip ejem dagy köp gürrüň beripdiler. Şol döwür pensilin antibiotik dermanyň ýaňy giň ulanyp başlan ýyllary eken. Onuň çüýşejiginiň daşyna “25 müň, 50 müň ýed.” diýen ýazgysy bolardy. Bu bir adama urulmaly doza bolmaly. Şonda Ylýas öldi-öldi edilende Katulin Nargüle “Million ýed. ur” diýipdir. Şeýdip, pensiliniň güýji bilen, iki esse doza urulyp başlanandan soň Ylýasyň ýagdaýy gowlaşyp başlapdyr. Gözdegen wagtlary Ylýas ikimiz ýaňy ýörjen bolup başlan ekenik. Soň Ylýas 3-4 ýaşlarynda ýöremäge başlapdyr. “Annabibi ikiňiz heriňiz bir elinden tutup ýöredýärdiňiz” diýip ejem gürrüň berýärdi. Katulin hakynda ýene bir täsin wakany gürrüň bererdi kakam. Baýramguly kakam, oňa “soňky Baýramguly” diýýärdiler (Ilkije Baýramgulyň at dakylany) ylgap ýören oglanka, megerem 10-12 ýaşlaryndaka dyzy agyrýar, ýöräp bilmeýär. Kakamam başlyk adam Aşgabadyň iň uly dogtorlaryna äkidip görkezýär, emma hiçisiniň nepi degmeýär. Şeýdip, Baýramguly dyzanaklap ýörkä, munuň üstüne Katulin gelýär. “Muňa näme boldy?” diýip kakamdan soraýar. Kakamam ýagdaýy gürrüň berende “Näme üçin meň ýanyma getirmediň?” diýip, pahyr gözünden ýaş döküp aglapdyr. Soňam “Daşarda gazan ataryp, çäge gyzdyryň” diýipdir hemem kiçijik haltajyklar tikdiripdir. Ol gyzgyn çagani haltajyga guýup, Baýramgulyň dyzyna ýapmaga başlapdyr. Çägeli haltajyklaryň biri sowasa çalşyp, beýlekisini dözer-dözmez edip ýapdyrypdyrdyr? Şeýdip bir gije-gündiz çäge ýapypdyrlar. Ertesi dyzanaklap ýören oglan, ylgamaga başlapdyr. Kakam: “Şonda ýekeje dermanam çalmady, içirmedem. Şeýle ökde dogtardy” diýip dilinden düşürmezdi. Käte ors, ermeni, ýene bir zat diýiberýäs, şonda Katulin pahyr mazarynda biynjalyk bolýandyr. Elbetde, kakamyň diýişi ýaly “başujynda” mazardaşynam dikip bilmedik. Ýöne milletlere hormat goýmagy başarsagam, her daşça bardyr welin, şonam käte başaramyzok.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.