Başly baradyrak
Başly baradyrak bolsa-da bolýandyr, ýöne Ylýas ikimiziň meňzeşligimiz barada dowam edäýeýin. Ylýas hakykatdanam maňa görä agrasdy. Ikimizde basdaşlyk bardy. Ýöne megerem, bizi biri-birimiz bilen oňuşdyrmak üçin paýlaşmak, oňuşyklyk, bile oýnamak, bile gitmek diýen ýaly duýgulary terbiýeländirler diýip hasaplaýan.Sebäbi asdaşlykdan beter elmydam biri-birimizi küýsärdik. Aslynda bizi biri-birimizden aýyrmazdylar. Biziň terbiýämizde esasy ýeri aýal doganym Annajemal ejem hemem edil aýaldoganym ýaly bolup ýaşan Nabat ejem tutupdyr. Olar biz dünýä inemizde ýetişip barýan gyzlar bolmaly. Olar şeýle mähirli, mahriban gyzlardy. Biz üçin oda girmelem bolsa taýýardylar. Bizi şeýle gowy görýärdiler. Nabat Orazjemal ejemiň (biz oňa Öweje diýýän ekenik) ýeke gyzy. Megerem bize harp öwredenem Annajemal bilen Nabatdyr. Biz haçan okamagy öwrenenimizi bilemizok. Emma mekdebe gidenimizde akgaýma tahýalyja giderdik. Tahýamyzda nagyşlaryň arasynda nagyş ýaly edilip atlarymyz ýazylgydy. Bu tahýalary Ylýasa Annajemal, maňa Nabat tikip bererdi. Bir gezek tahýamyzy mekdepde galdyranymyz ýadyma düşýär. Soň baryp gözledik tapmadyk. Kim bilýär biri alypdyr. Nabat, Annajemal, Gurban (Adamsy 41-45-iň urşuna gidip gelmedik Nurjemal ejemiň ýeke gyzy), aýal doganym Ejegülem bardyr, ýöne ol ulurak bolansoň, gyz wagty kän ýadyma düşenok, hemmesi bizde ýaşaýardylar. Üýşüp 10-luk çyraň aşagynda tikin tikerdiler. Ylýas ikimize-de Göroglyny, Magtymgulyny, dessanlary okadardylar. Hatda kakamam kä wagt okap beriň diýerdi. Şonda hasam tolgunyp okaýanym ýadyma düşýär. Emma, Hydyr Derýa, Ata Gowşut, hatda daýymyz Çary Aşyr ýaly ýazyjylaryňam kitaplaryny okap ber diýmezdiler. Magtymgulyny hiňlenip okardyk. Goňşularymyz geň görüp, oturyp diňlärdiler. Men ýadasam Ylýas, Ylýas ýadasa men gezekleşip okap bererdik. Göroglynyň dünýä inýän ýerinde ejesiniň burgusy tutdy diýen ýaly ýerlerini ejem"O taýyny okama-da geçäý" diýerdi. Men okaman geçerdim. Ýöne näme üçin okamaly däldigine asla düşünmeýärdim. Sorasamam hiç kim düşündirmeýärdi. (Orazjemal ejem, aýal doganlarym hakda geljekde has giň ýazmakçy. Ilki olaryň suratlaryny tapasym gelýär.)
Çagalykda urşup, çekeleşip ýörenimizi bilemok. Bir gezek Ylýas bilen bir zady paýlaşyp bilmänimizde, kakam meni köşeşdirmek üçin öz düşeginde, gujagynda ýatyrypdy. Men muny hiç ýadymdan çykaramok. Bu gaty uly derejedi. Şeýle rahat uklanymy bilýän. Tomusyň günüdi. Agaç krowat, topçan diýýärdiler, eýlesi-beýlesi 3-6 metr töweregi agaç sekimiz bolardy. Oňa Nurjemal (kakamyň aýal dogany) Oweje, ejem, garaz hemmämiz sygardyk. Kakam irden hemem howa salkynladygy daşaryk, şol agaç sekiň üstüne düşek atdyrardy. Elbetde, bu kakam garrap ugransoň şeýle bolandyr. Ondan öň kakamyň haçan gelip-haçan işe gidýänini bilmezdik. Ýöne kakam tomusyna ejem dagyny, bizi, Pöwrüzäň daçalaryna elterdi, özem köplenç biziň bien bolardy. Biz 5 ýaşlarymyzda plastinkadan “Şelebiýa” diýip bir arap aýdymyny öwrendik. Muny bize öwren diýen bolmandy. Aslynda, plastinka aýtdyrýan radio şäherde (Aşgabatda, Daşhowuz köçesiniň 11-nji jaýy.) Saparguly kakamlarda bardy. Megerem, bizem 3-4 gün şo taýda bolandyrys-da, şonda öwrenipdik.
Gürrüň şäherdäki howlymyzdan çykdy. Bu howly onuň ýerne ýetiren işleri barada biraz giňiräk aýdaýyn, sebäbi biziň ömrümiziň 15 ýyly şol howluda geçdi. “Şelebiýaly” gürrüňe soň dolanyp geläýeris.
Kakam ogullarynyň sowatly bolmagynyň köp aladasyny edipdir. Iň ulymyz Saparguly kakam 8-nji klasdan soň mehanizasiýa tehnikumynda okaýar. Häzir HTTU şol tehnikumyň jaýydy. Ýer yrananda-da Saparguly kakam şonuň umumy ýaşaýyş jaýynda eken. Soň Saparguly Oba hojalyk institunyň mehanizasiýa fakultetini tamamlaýar. Sapargulydan kiçi Baýramgulyny kakam ilki Ýazgulyýewiňmi ýa-da bir başga ketdelerden biriniň öýünde Aşgabatda ýaşadyp Aşgabatda-da mekdebe salýar. Baýramguly bilen bile Sapargeldiň (Hangegeldi atamdan ulusy, “Tutluk handa” bardyr) neberesinden Amangelenem okadýar. Emma, bu iş netije bermeýär. Bu barada soň has giňişleýinräk ýazaryn. Garaz mundan soň kakam Aşgabatdan bir howly satyn alýar. Telewyşkaň golaýynda Daşhowuz köçesinde, jaýyň nomeri 11-di. Häzir ol ýerlerini ýykdylar. Saparguly gelnejem Amanjahan bilen şol howluda ýaşaýardylar. Baýramgulam, Soltanmyradam, biz - Hydyr-Ylýasam, bizden soňkularam tä 1980-nji ýyllaryň ortalaryna çenli hemmämiz Daşhowuz 11-de ýaşap, 29-njy mekdebede gatnadyk. Mekdepden soň, Oba hojalyk institudyna (Ylýas agranomçylyk, men zootehnik fakultetine) okuwa girip, Daşhowuz 11-de ýaşadyk. Şol öýde-de birinji gezek şahyr Gurbannazar Ezizowy gördüm. Bu 1965-nji ýyllar bolmaly. Men 12-13 ýaşlarymdadym.
Agam Saparguly Aşgabatda ýaşap, Ýalkyma işe motorly gatnardy. Bir gezek motorynda oba äkideni ýadyma düşýär. Gaty kiçijikdim. Hiç ýadymdan çkanok. Megerem 1959-60-njy ýyllar bolmaly. Şu suratam şol ýyllarda alynan bolsa gerek.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.