Aşgabadyň Daşhowuz köçesi | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Aşgabadyň Daşhowuz köçesi

Iýul 08, 2013 | 0 teswir | 1055 okalan

Aşgabadyň Daşhowuz köçesinde ýerleşýän kiçiräk howlyny (megerem, eýlesi-beýlesi 20metr çaklarynda) kakam 1955-57-nji ýyllar satyn alýar. Bu howla uly agamyz Saparguly maşgalasy bilen göçüp gelýär. Şäherden howly alynmagynyň maksady - kakamyň oba mekdebine göwni ýetmeýär we çagalaryny şäher mekdebinde okatmak isleýär. Munuň aňyrsynda şol, hak gidermezlik meselesi durýar. Hakykatdanam, Amangeldi aganyň nesliniň köpüsi şol howluda bolup, 29-njy mekdepde-de okady. Biz (Ylýas ikimiz) hepdäň 5,5 gününi şäherde geçirýärdik, 1,5 gününem obada. Altynjy güni öýleden soň bizi oba alyp gaýdýardylar, hepdäň birinji günem, aladaňdan şähere okuwa gaýdýardyk. Köplenç, irden kolhozyň süýdüni şähere alyp gidýän GAZ-51 maşynly Güjüli aga bizi okuwa ýetişdirerdi. Oňa "süýt maşyn ýa-da "Güjüli" diýýärdik. Bizem "Güjülä" ýetişmek üçin gaty ir turmaly bolýardyk. Güjüli aga uzyn, arryk adamdy. Ullakan burny bardy, madama burnuny çeker ýörerdi. Ýöne şeýle sada, gowy adamdy. Kakamyň oňa: "Güjüli, senem biraz dogumlan-aý, miliseler "Güjüli gelende bererin" diýip, biri-birinden pul karz alýalar" diýip käýinenini obada şu wagtam gülüp gürrüň berýärler. Ol döwürler GAI häzirki Bekrewä öwrülýän çatyrykda durardy. Şol ýeri GAI-niň esasy postudy. Güjüliň gelýänini gören GAI-iň işgäri derrew ony saklap, köneje maşyn bolansoň mydama kemli, ruluňda jýuft bar, tormozyň gowşak diýen ýaly bahanalar bilen ondan pul alýar eken. Bolmasa prawasyny ýa-da nomerini alyp galýarlar, soň kolhozyň edara işgärlerinden tanyşlylaryň biri gidip onuň dokumentlerini alyp geler eken. Mydama ýylgyryp duran ýuwaş adamdy. Bidon-bidon dolduryp, Aşgabada (süýt kombinatyna) süýt daşandyr pahyr. GAZ-51-iň kuzowy süýtli bidonlardan dolaňkyrlaýardy. Ol bidonlaryň hersine-de 35-40 litr sügt sygardy. Elbetde, ekizlerem gatnadandyr. Altynjy güni oba gaýtjak bolamyzda köplenç kolhozyň "Wilis"maşyny ýa-da Saparguly agam motorly alyp giderdi. Biz şäherara gatnaýan awtobusa (oňa "Sary maşyn" diýýärdiler) münüp, özümiz gatnardan kiçidik. Sary maşyn bilenem Nuremal ejem (kakamyň ýeke aýal dogany), Ejegül ejem, käte erkek doganlarym Baýramguly, Soltanmyrat şähere äkiderdiler ýa-da oba getirerdiler. Şeýdip biz hem obaly, hem şäherli bolduk. Oba mekdebinde okamandygymyza soň-soň biraz gynanardym, sebäbi obamyzyň adamlarynyň köpüsini tanamaýardyk. Diňe brigadirler, permeler, agranomlary tanaýardyk. Olaram kakamyň ýanyna öýe gelerdiler, şondan tanardyk. Biziň öýmüz kolhozyň kontorasy ýalydy. Kakamy kontordan tapmadyk, öýe gelerdi. Kakamam kontora bar diýip durmazdy, öýde oturan ýerinden köp meseläni çözerdi. Kakam "Başlyk boljak bolsaň, özüň işlemeli däl, işgärleriňi işletmäni oňarmaly" diýerdi. Ýene-de:"Başlyk boljak bolsaň, işgärleriňden bir garyş öňden görmelisiň" diýip, köp aýdardy. Umuman, kakam synçy adamdy. "Kakamy hiç aldap bolanok" diýip kiçikäm geň görerdim. "Muny kim ýykdy? Muny kim döwdi?" diýen ýaly soraglar bolýandyr-da. Kakamyň iň halamaýan zady ýalan sözdi. Biriniň ýalan sözlänini bilse, duran ýerinden gaýnabererdi. Gaty gahary gelerdi. Gaharjaňdy. Gahary gelende käbir hereketleri nädip edenini özi bilmezdi. Daýyma çäýnek zyňyşy muňa görnüp duran mysal. Emma, şäherdäki howly baradaky gürrüňden entek daşlaşmalyň. Bu howlyny Saparguly kakam bilen Amanjahan gelnejemiň ýaşan ýllary, soň Baýramguly kakam bilen Orazsoltan gelnejemiň, soň Soltanmyrat kakam bilen Ogulnabat gelnejemiň ýaşan ýyllary diýip esasy üç wagt aralygyna bölesim gelýär. Oalryň hersinde biz öňküden başgarak durmuşy ýaşadyk. Bu ýyllar tä, biz öýlenýänçäk, has dogrusy, oba hojalyk institutyny tamamlaýançak dowam etdi. 
Ilki Saparguly kakam bilen Amanjahan gelnejemden başlaýyn. Olar hakynda, olaryň Daşhowuz 11-de ýaşap, bizi okadyp, ulaldan ýyllary barada hezil edip gürrüň beresim gelýär. Ol ýyllar biziň 7-13 ýaşlarymyza çenli dowam etdi. Ýöne indiki gezege goýaýaýyn, köp bolup gitdi. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.