Ýer yrananda | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Ýer yrananda

Iýul 25, 2013 | 1 teswir | 1006 okalan

Ýer yrananda Apby kakam awtotransport tehnikumynyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýatan eken. Saparguly kakam umumy ýaşaýyş jaýyň penjireleriniň iň çetkisinden şakyrdap, aýnalarynyň döwülip başlanyny, erbet sesiň soň ýuwaş-ýuwaş yakynlaşyp gelendigini aýdardy. Şol wagt ol 16 ýaşlaryndaky oglan bolmaly. Ylgaşyp daşaryk çykypdyrlar. Agama hiç zat bolmandyr. Aslynda, jaýam känbir ýykylmandyr. Ýeri geldi, Ýer yranma betbagtçylygyny biziň içerimiziň nähili geçirendigini ýazaýyn. Ýer yranmadan öň obamyz häzirki ýerinden kyblarakda, "Gökje" obasyna ýakynrak ýerleşýän eken. Biziň çig kerpiçden salynan jaýymyz bolupdyr. Atam palçykdan edilen kümejikde, 5-10 metr gapdalda aýry bolýan eken. Ýer yrananda ejem daşarda düýämiziň ýanynda eken. "Men düýäň iým iýýän gabyny düzedýän welin, ol ýykylýar. Ýer yranýandyr diýip göwnüme-de gelenok" diýip ejem gürrüň bererdi. Şonda biziň jaýymyzyň ik-üç diwary ýykylsa-da jaý doly ýer bilen deň bolmandyr. Her kim ylgap daşaryk çykypdyr. Kakam daşaryk çykylandan soň çagalaryny, öýdäkileri ýeke-ýeke sanasa, biri ýetmändir. Kimiň ýetmeýändiginem anyklajak bolman, kakam yzyna ýarsy ýykylan jaýa giripdir. Görse, Baýramgyly kakam bir çüňkde çugutdyryp otyran eken. Üstünem bir bölek panar penalapdyr. Baýramguly şol wagt ýedi ýaşynda. Kakam ony gujagyna alyp ylgap weýran bolan öýden çykýar. Sebäbi Ýer bir yranany bilen durmandyr, gaýta-gaýta silkipdir. Çagalaryny tükelländen soň, kakamyň ýadyna kakasy düşýär. Ylgap palçyk kümä barýar. Kümä hiç zat bolmandyr, diňe bir çüňküniň diwary jaýryk atypdyr. Emma içinde atam ýok. Dünýe tozan, agy-yza, ses. Kakam töwerege seredýär, görse atam hasajygyny söýget edinip kybla tarap tutdyryp barýar. Onuň yzyndan ylgap ýetip: "Kaka, nirä barýaň? Biz bärde. Ýör yzymyza" diýip atamy dolaýar. Atam näme üçin kybla tarap gidenini aýtmasa-da soň "Kümämi orsuň maşyny süsdümikä öýtdüm" diýipdir. Şeýdip biziň maşgalamyzyň bir ýerem sypjyrylman, betbegtçylykdan aman galýar. Soň kakam goňşulara ylgaýar. Ugurly atamyzyň ogly Kömek kakamlaryň jaýy tep-tekiz bolan eken. Kakam ýer diňläp, kesekleriň aşagyndan Kömegiň aýaly Sabyry gazyp çykarandygyny aýdardy. 
Saparguly kakam tehnikumy tamamlandan soň Aşgabadyň transport parklarynyň birine mehanik edilip ugradylýar. Şonda kakamyň dostlaryndan biri ony tanap "Ogluňy instituda sal, ýogsa arakkeş bolar gider" diýip maslahat berýär. Kakam şu maslahata eýerip onuň dokumentlerini oba hojalyk uniwersitetiniň mehanizasiýa fakultetine tabşyrdýar. Ol döwürler (1950-nji ýyllar) okuwa girmek uly mesele bolmandyr. Saparguly kakam owal mehanizasiýa tehnikumynda-da gowy okansoň, okuwa kabul edilipdir. 
Sapaguly kakamda biziň ählimizden artykmaç agraslyk bardy. Gaty işeňňirdi. Biz onuň bilen deňeşdireňde gaty ýaltadyk. Ýene-de bizi haýran galdyrýan, hiçimiziňem oňarmajak häsiýetimiz, ol ýumuş buýrulsa, haýyş edilse hiç ýok diýmezdi. Öz maşynyny bejerip oturan bolsa (bu gaty köp şeýle bolardy) obadan biri gelip: "Saparguly maşynym işlänok" diýse, özüniňkini taşlap, onuňkyny bejermäge giderdi. Bu häsiýeti üçin Amanjahan gelnejemden mydama iňirdi eşitse-de, häsiýetini üýtgetmezdi. Gaýta gaharly: "Näme men ýok diýeýinmi? Özümkini soň gelip bejersemem bolýa, oň gitjek ýeri ýok" diýerdi. Kakamdan alan terbiýesidir belki, olam özüni kolhoza bagş eden adamdy. 
Saparguly kakamyň häsiýeti, düşünjesi ýaradylyş fytraty düýbünden bu dünýä tersdi. Şonuň üçin ol başga bir syýasatçyl, öwrümi köpräk adamlaryň arkaýyn sowulyp geçip biljek meselerinde kürtdürerdi, kösenerdi. Emma, muňa garamazdan ýaşamaga höwesekdi. Bagybandy. Obamyzda ilki bolup limon agajyny ekenem, soň barymyzy limon teplisaly edenem şu agamdy. Dowamyny häzirlikçe ýazmaýyn. Dowamynda agamyň dünýäň gurluşyna çapraz gelýän häsiýetleri barada bilýänjämi, düşünjelerimi ýazmakçy. Gürrüňiň uzaga çekmegi mümkin.  

Teswirler (1 sany)

Mahri:
25 Iýul, 2013

Kume yykylan daldirow diysem dogry eken atanyzyn okayan dogalary komek edipdir tembole Kuran okayan yykylmaly kumedir welin dowamyna garashyas yazawerin

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.