"Ýympaşam" ýokdy, adamlaryň düşünjesem başgady. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

"Ýympaşam" ýokdy, adamlaryň düşünjesem başgady.

Iýul 29, 2013 | 0 teswir | 1084 okalan

Saparguly kakam ömrüni motorsyz, maşynsyz geçiren däldir. Köplenjem bäş doganyň içinde ýeke özi ulagly bolardy. Ylýas ikimiziň-ä asla demir bilen ugrumyz bolmady. Men bir az salym maşyn alynan boldum, Ylýas asla-da ruluň başyna geçip şähere-de çykan däldir. Beýleki agalarymda ulag kä bolardy, kä bolmazdy. Bolan wagtam köplenç döwükdir ýa şoňa meňzeş. Şonuň üçin, bäş doganyň, üstesine, Ejegül ejemiň ogullary - ýegenleriň, goňşy-golamlaryňam maşyn bilen bagly ýumuşy bolsa Sapargulyň boýnunady. 1972-nji ýylda kolhoz başlyklygyndan aýrylandan soň, hasam agamyzyň bar işi biziň ýumuşymyzy bitirmek bolupdy. Haýran galýan, ne ol ýok diýipdir, ne-de biz ýumuş buýrmamyzy goýupdyrys. Kynam görmezdi. Bizi oba hojalyk institutyna okuwa salanam Saparguly agamdyr. Irden ekzamene maşynyna mündürip äkider, tä çykýançagam institudyň agzynda bize garaşyp durardy. Ekzamen alýanlaryňam köpüsi owal agam bilen bile okan kursdaşlarydy. Biz şäher mekdebinde okanymyz üçin ekzamende sakawlap durmandyk, şonda-da agaň arkaňda dursa, mesele aňsat çözülýärdi. O döwürler okuwa girmek üçin para-peşgeş diýlen zat ýokdy. Bu kesel SSSR-iň ýykylmagyna ýakyn döwürde döräpdi. Kakamyň 50-nji ýyllarda şäherden ýörite howly satyn alyp, bizem şäher mekdebinde okadmagynyň bähbidini instituda girenimizde aç-açan görüpdik. Aslynda biziň bir aýagymyzyň şäherde, bir aýagymyzyň obada bolmagynyň käbir kemçilikleri bolsa-da, bize peýdaly tarapam kän boldy. Esasanam, biz şeýle aladaçyl agamyzyň içersinde ýatyp-turup, Amanjahan gelnejemiň ogullary ýaly bolup, terbiýe aldyk. Käýýelip silterlenmedik, emma, başymyza-da gitmedik. Mysal üçin, biz Aşgabatda diňe teke bazary bilýärdik. Onuňam sebäbi, teke bazardan Ýalkyma ýörite awtobus gatnaýardy. Bizem şoňa münüp her hepdäň ahyrynda oba gaýdardyk. Gapdalynda ors bazary bardy, emma biz ony bilmezdik. Başga bir ýere gidip görmelidirem öýtmezdik. Bizde şeýle tabynlygy terbiýelänem Saparguly kakamyň agraslygy, biziň bilen edil uly adam ýaly gürleşmegi, okuwymyz bilen gyzyklanmagy bolsa gerek. Bizem gowy okamaga çalşardyk, agamyzyň öwgüsi biziň üçin mugallymyň bäşliginden kän gymmatlydy. Kiçi ýaşdan küşt öwrenipdik. Erbedem oýnamyzokdyk. Agalarymyz Baýramguly, Soltanmyrat dagy bilen deň gidişerdik. Dogursy, küşdi Ylýas menden gowy oýnardy. Biz bäş doganyň ýaş tapawudy - Saparguly bilen Baýramgulyňky 10 ýaş, Baýramguly bilen Soltanmyradyňky 6 ýaş, Soltanmyrat bilen Ylas ikimiziň ýaş tapawudymyzam 5 ýaş. Meniň aýtmak isleýänim biz doganlaryň ýaşlarynyň şeýle tapawutlylygy bizde basdaşlygyň döremezligine sebäp bolan bolsa gerek. Men özümden 5 ýaş uly agam Soltanmyrada ýok diýmän boýun egýärdim. Soltanmyradam Baýramgula, Baýramgulam Sapargula. Şeýdip biziň içerimizde edep saklanardy. Munuň saklamagynda-da esasy orun iň ulymyz Sapargulydady. Biziň içerimizde, şäherde, Daşhowuz köçesindäki jaýymyzda arak-çilim beýlede dursun, hapa sögünjem dile alynmazdy. Biz hiç wagt holodilnikden agamyz Sapargula arak alyp getirip beren oglanjyk bolup ulalmadyk. Emma, Saparguly kakam ömrüniň köpüsini garaýaga bulaşyp, maşyn-traktor bejerip geçirdi. Ol Ýer ýüzünde restoran, gyz-gelin, arak-şerap bardygyny bilmän diýen ýaly ýaşady. 1968-nji ýylyň sowgy diýilýän gyşda çopanlara ot-iým alyp barýarka, ýolda maşynlary döwülip, gara-buza arkasyny berip, onuň aşagyna girip bejermeli bolan Saparguly kakam öýkenine sowuk degirýär. Şonda ýolugan astma keseli sebäpli ömrüniň soňky ýyllarynda Kryma özüni bejertmäge giden bolaýmasa, ol bu dünýäň lezzetini gördümikäberi diýýän. Başlygyň uly ogly, jübsüni puldan dolduryp, Moskwa gitmeli halyna, maşynynyň bagyny doldurmaga benzin pulam ýeterlik bolmazdy. Mydam 10 litr guýdurardy. Menem "Saparguly kaka, doldursana bagyny. Öňi-soňy ýene gelmeli bolarsyň" diýsemem, "hä, howwa" diýer oňaýardy. Men onuň hiç wagt jübsünden petdeläp pul çykaranyny ýa-da "Ýörüň, gerek zadyňyzy alyň" diýip, çagalaryny "Ýympaşa" äkidenini görmedim. Dogrusy, ol wagtlar "Ýympaşam" ýokdy, adamlaryň düşünjesem başgady.     

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.