Saparguly kakam geň adamdy
Awgust 02, 2013 | 3 teswir | 1085 okalan
Saparguly kakam geň adamdy. Ol 1965-nji ýylda kakamyň ýerine kolhoz başlygy boldy. 1972-nji ýylda-da başlyklykdan aýryldy. Ol ýyllar men oglan. Känbir jikme-jigi bilen bilýän zadym ýok. Ýöne Saparguly kakamam edil kakam ýaly kolhoz üçin janyndan, içersinden geçen adam. Şonuň üçin kolhozam erbet däldi. Saparguly kakamdan soň her iki ýyldan başlyk çalşyldy, kolhoz dargady. 1968-nji ýylyň sowgy Saparguly kakamyň başlyklyk edýän döwrüne düşdi. Mekdepde okuw ýokdy. Biz obadadyk. Ýadyma düşýär serçeler telegraf simine gonýardylar-da, "gy-yk" edip, ýere daş gaçan ýaly gaçýardy. Ylgap baryp eliňe alarsyň welin, eliňdäki guş doňan buz ýalydyr. Öýmüze soldat bary gelipdi. Gapymyzda mähnet-mähnet "woýenniý maşynlary" hatar-hatar durupdy. Soldatlar bize özleriniň "suhoý paýogyny" berýärdi. Ondaky kakadylan çöregi hil bir zatmyka öýderdik. Olar biziň öýmüzde ýatyp, maşynlaryny bededen ýüklänlerinden soň, çöle çopanlaryň üstüne gidýärdiler. Şonda kakamam, Saparguly kakamam olar bilen gidipdi. Ýadyma düşýär kakam gelensoň bir çopan goşuna barandyklaryny sürüden hiç zat galmandygyny çopanlaryňam çatmaň içinde hersi bir gyrada çugutdyryp oturandygyny gürrüň beripdi. Çopanlaryň biri şonda kakamy gujaklap aglapdyr. Kakamam "Iki bolup bir üçmegiň içine girmeli ahryrn, biri-biriňizi ýyladar ýaly, betbagtlar" diýip käýýedim diýýänini agzymy açyp diňläpdim. "Şoça barmasak, öljek ekenler" diýipdi, Saparguly kakamam. Şol sowukda ýolda döwlen maşyny bejerjek bolup, Saparguly kakamam öýken ýollaryny (bronh) üşedip, astma keselli boldy. Keseli tutan wagty göm-gök bolup ýatýardy, demi gelenokdy. Saparguly kakam bu keselden köp horluk çekdi. Moskwa gidip, keselhanada ýatyp geldi. Moskowada oňa garmonal dermanlar beripdirler. Olam bagra zyýan edýän eken. Şol ýyllaram, 1971-72-nji ýyllar, obada agzalalyk döredi. Bu agzalalyk barada hiç zat ýazasym gelenok. Ol pis niýetli adamlar, olara özlerini oýnadyp, pitne döredenler, obada "Sen kimlik-de sen kimlik?" diýip gapy-gapy aýlananlar - bary ölüp gitdiler. Ölmedigem iki-ýeke bar bolsa, olaram gitmegiň bäri ýanynda. Şonuň üçin, ol ýaramazlyklary ýatlasym, gidenleriň ruhuny ynjydasym gelenok. Olardan eden işleri üçin hasap sorajak bardyr. Alla hasaplaryny ýeňletsin. Ýöne bir zady aýdyp biljek - şol agzalalykdan soň obada bereket azalmak bilen boldy. 10 müňläp goýunly, maşyn doly süýtli kolhozda ne goýun galdy, ne sygyr. Sähelçe ýyllyň içinde telim başlyk çalyşdy. Aýrylan başlygam täze gelenden gowy boldy çykdy durdy. Obaň adamlary Aşgabadyň, Büzmeýiniň edaralaryna siňdi. Menem ol wagtlar "Ýaşkomda" işleýärdim. "Kolhozlar" döwrüni geçirdi, ýeri hususy hojalyklara bermeli" diýip makala ýazýardym.1972-den 90-ynjy ýyllara çenli 20 ýyl töweregi wagt bar. Onça ýylyň içinde hakykatdanam kolhoz, kakamyň, agamyň janyny goýmaga taýýar kolhozy tozupdy.
Saparguly kakam başlyklygy tabşyrandan soň, öýmüz çolaran ýaly, bar zat manysyny gaçyran ýaly boldy. Biz - kolhozdan başga zady bilmeýän Amangeldi agalar näçe bildirmejek bolsagam, özümizi aldanan, onda-da gaty erbet aldanan ýaly duýýardyk. Ýogsa, Saparguly kakam birbada başlygyň orunbasarymy, baş injenermi bolubam işleýärdi. Bir günem mellegimizdäki üzümleri goparyp, ýerine kartoşka ekmeli, onam bazara äkidip satmaly diýen karara gelipdirler. Bu kararda esasy rol oýnan Saparguly kakam bolmaly. Baýramgulam hemişe özünden uly agasyny goldardy, şol gezegem goldandyr. Kakam kartoşkaň ussadydy. Ol "Znançogy (gahrymanyň ýyldyzy) kartoşkadan bir ýylda iki gezek hasyl alanym üçin berdiler. Indi gapyňda al, hany, göreýin" diýerdi. Şonuň üçin kakamam bu pikiri goldandyr. Soltanmyrat agamyzyň-a täzelik, üýtgeşiklik bolup dursa göhi gelýärdi. Şonuň üçin olam göwünjeň bolandyr. 20-22 ýaşlaryndaky Ylýas ikimiz et diýilenini edýärdik. Ol wagt ikimizem öýlenmedik oglandyk. Ýöne esasy iş Soltanmyrat, Ylýas ikimiz, Saparguly kakamyň bizden iki ýaş kiçi ogly atamyň at dakylany, Atabaý dagymyza düşýärdi. Obada melleginde kartoşka ekýän şol wagt ýa ýok ýa-da iki-ýeke bolsa gerek. Biz üzümleri gopardyk. Gapymyz top oýanbermeli boldy. Üç mellek (hersi 16 sotok) ýer pil bilen agdarmaly, el bilen ekmeli, iki gezek kätmenlemeli, soňam pil bilen ýygmaly. Bazarda satmagam özbaşyna uly işdi. Şeýdip Geroý başlygyň maşgalasy mellekde kartoşka ýetişdirip, bazara çykarmaga başlady.
Teswirler (3 sany)
Hydyr Amangeldiyev:
07 Awgust, 2013
Hawa, iň uly doganym. Bizde şeýle diýilýär. Agaňa-da adynyň yzyna "kaka" goşulýar, süýtdeş doganyňa-da şeýle. Biziň içerimizde-hä şeýledi. Umuman beýle dälem bolup biler.
begmyrat:
07 Awgust, 2013
Ya$ aratapawudy ulurak bolsa öz doganyña-da adynyñ yzyna kaka sözi go$ulyp ýüzlenilýar. Biziñ tohumymyzda-da $eýle.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Saparguly doganynyz aganyz bolyadami name saparguly kaka diyaniz?