"Paltalap" kartoşka | Gündelik | Hydyr Amangeldi

"Paltalap" kartoşka

Awgust 07, 2013 | 1 teswir | 1057 okalan

Kartoşkamyz orsýediňki bişip ýetişmänkä ýetişýärdi. Maýyň başy, 9-njy maý töweregi täzeje kartoşkany bazara çykarýardyk. Ors halkynyňam öler jany kartoşka. Dogrusy, türkmenem onuň tagamyny alyp ugrapdy. Ýöne ors aýallar saýlap-saýlap alýardylar. Gutarsa nobata durýardylar. Kartoşkaň bir kilosy 2-1,5 rubldy. Nurjemal ejem (kakamyň aýal dogany) pahyr "poltora" diýip bilmän "paltala" diýýärdi. Şeýdip, "paltalap" kartoşka satdyk. Dört-bäş terezi bilen Aşgabadyň bir ýerde bazary bar bolsa, äkitdik. Bir günde her tereziden 1000 rubl geleni ýadyma düşýär. Ol wagtlar ortaça aýlyk 150 rubl töweregidi. "Köne ýarmarka" diýilýän ýerde, häzrki "Jennet" bazarynyň gündogar gaýrasynda uly bazar bardy. Ýöne maşyny bazara eltip bolanokdy, 100-200 metr bärde ýüki düşürmeli, soň aňryk arkaň bilen äkitmeli bolýardy. 20 kg töweregi, bir bogdak kartoşkany silkip, egnime mündirip bazara tarap alyp ugramda yzymdan iki sany ors soldat oglan gelýän eken. Olar biri-birine meni görkezip: "Oni tirýäk kurýat" (Olar tirýek çekýärler) diýişýärdiler. Daşyndan agyr görünýändir-dä, ugruny bilseň, bir egniňe alaňsoň agyram däldi. Emma, biz, başlygyň körpe ekizleri şonda gowy işe bişdik. Hezil bolýardy. Hasam agşamlyk bazarçylar öýe ýygnanda, kakam puly sananda. Her kim köp pul getirjek bolardy. Esasy satyjylar Nurjemal ejem, Amanjahan gelnejem, Soltanmyrat dagydy. 
Nurjemal ejem täsin aýaldy. Onuň adamsy Nurum kakam urşa gidip dolanyp gelmeýär. Nurjemal ejemem bir gyzy (Gurban ejem), hemem bir oguljygy bilen galýar. Oglanjygam kiçijikkä aýrylýar. Şeýdip Nurjemal ejem bir gyzy bilen atasy öýüne dolanyp gelýär. Tä ölýänçä-de bizde ýaşapdy. Pahyr gorkakdy. Kakam muny "Nurjemal kiçijikkä gara ýel gelip, gara öýümizi üstümizden alyp gitdi. Şonda gorkdy" diýip düşündirerdi. Hakykatdanam ol sähel ýel tursa zowzanaklabererdi. Ýadyma düşýär 6-7 ýaşlarymyzdakak, häzirki Çehow bilen Görogly köçeleriniň çatyrygyndan geçemizde bir eli bilen Ylýasyň, bir eli bilenem meň goşarymdan tutup, köçäň o tarapyna gözüni ýumup ylgaýany. Bizem süýräp alyp barýardy. Maşynlar ony görüp durardylar. Dogrusy, o ýyllar Aşgabatda kän maşynam ýokdy. Soň gürrüň berip gülüşýärdik. Emma işeňňirdi hem şeýle gowy sesi bardy. Ýalbaryp-ýalbaryp läle aýtdyrardyk. Gopuz çalmaga-da gaty ökdedi. Sygyr saganda-da hemişe "Höwlüm-höwlüm" diýip aýdym aýdyp sagardy. Kolhozda sagýan sygyrlaryndan käbiri diňe Nurjamal ejeme sagdyrardy. Başga sagymçy baryp bilmezdi. Gapyda iki sany sagylýan düýe saklardyk. Iki küýze doly çal-agaran bolardy. Hemmesine seredýänem Nurjemal ejemdi. Küýzäni gaty arassa saklaýardy. Men kiçiligimden çal-gatyk içip bilmesemem, öýmüziň çalyny içýärdim. Emma, başga ýerden içip bilmezdim, ýakymsyz ysy bolardy. Nurjemal ejemiň çaly üýtgeşik bolardy. Kartoşka satmakda-da Nurjemal ejem öňdedi. Ala-galmagal edip, öz bolşuna-da özi gülüp, töweregindäkilerem güldürip, satardy. Şonuň üçin her kim onuň kartoşkasyny alýardy. Teke bazarda meşhurdy. Çekende-de agyr çekip bererdi. Puluň hasabynam gowy bilmezdi. Şonuň üçin ýa birimiz ýanynda durardyk, ýogsa-da başga ekin satýan goňşusy kömekleşerdi. Ala-ýaz diýilýändi. Galjaňdy, ýadamanam bilmezdi. Soňky gelinelere-de ýalta diýip göwni ýetmezdi. Şeýdip biz kolhozsyzam ýaşap boljak ekendigini gördük. Bilmedim, kime nähili degenini, ýöne men muňa kän wagtlap öwrenşip bilmedim. Her zatda, her meselede kakamyň, Saparguly kakamyň ýanyna masalahatlaşmaga gelýärdiler. Biziň öýmüzde mesele çözülýärdi. Men bu halk bizsiz nähili ýaşaýarka/ diýip içimden pikir ederdim. Obada iň kyn düşýän zadam kime salam bermeli, kim salam berilmeýänler - tanap bilmeýärdim. Bir gezek Geldew kakamyň ogullaryndan biri "Eý o pylanylar-a. Näme salam berdiň?" diýeni ýadyma düşýär. Biz owal özümizden uly bolsa salam bermeli diýip terbiýelenipdik. Indi adam saýlamaly bolýardy. Bary geçip gitdi. Bilmeim, megerem halk Amangeldi agalaryň yzyna düşmegi goýup kösendimi-kösenmedimi? Oba adamlary bizi öňküsi ýaly sylasa-da, ruhy taýdan bu bize agyr düşüpdi. Emma maddy taýdan kösenmändik. Saparguly kakam kartoşkaň puluna maşyny täzeläpdi. Yzy-yza ilki men, soň Ylýas, yz ýanam Atabaý öýlenipdi. Bu işleri esasy gurnaýjam Saparguly kakamdy. 
Aslynda, men agamyň öýlenen ýyllary, Amanjahan gelnejem, kakamyň Ýer yrananda "Bäşim agaň, Amanjahan gyzyna bir  zat bolmadyk bolawersin" diýeni hakynda ýazjakdym, indiki gezege galdy.  

Teswirler (1 sany)

begmyrat:
07 Awgust, 2013

Tüweleme diýaýmek galýar!

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.