"Şuny açyp bolýan bolsa…"
Awgust 11, 2013 | 1 teswir | 1285 okalan
Saparguly kakamyň "Pobeda" maşynyna ýaplanyp, oglanjyk ýaly ýylgyryp duran suratyny elimden düşürip bilemok. Goýýanam-da ýene elime alýan. Ol düýbünden bize meňzänok. Kakama-da kän meňzemändir. Gür gaşlary kakamyňky. Kakam entek 18-em ýaşapmy-ýaşamanmy ony kolhozyň Saşka diýen injeneri bilen Orsýede maşyn getirmäge ugradýar. Maşyny sürüp gelmeli, ýol uzak. Olar biraz eglenýärler welin, töwereginden "Ýumruk ýaly çagany, dünýäň puly bilen, bir orsa goşup goýberdiň" diýip, igenip başlaýarlar. Kakam şonda bir darygjak, aljyrajak ýaly edipdir. Hernä kän gün geçmän olar "Pobedaly" gelýärler. Saşka gaty gowy orsdy. Saparguly kakam bilenem dostdy. Birine açar getir diýip ýa-da başga bir ýumuş bilen ugratsa, olam haýalrak gelse, "Seni ölümi getir diýip ugradaýsaň" diýýär diýip, Saşka hakda gürrüň bererdi. Köp ýaşandyr-da, bizem ony bilýäs. Öz-ä kolhozy taşlap gitmedi. Soň garrap giden bolaýmasa.
Saparguly kakam awtoýol (awtodorojnyý) tehnikumy tamamlap, instituda girenden soň, ony öýermekçi bolýarlar. Ol döwürler ýigrimi ýaşa ýetdigiň öýererdiler. Ýogsa agam öýlenende, okasa, ikinji kursda okaýandyr.
1948-nji ýyl Ýer yrananda Köşüde has erbet bolýar. Şonda kakam "Bäşim agaň gyzyna zat bolmadyk bolsa bolýa" diýen eken. Diýmek, kakam şol wagtlar Amanjahan gelnejemi gelin edinmek niýetinde eken. Ýer yrananda gelnejem on bäş ýaşynda bolmaly. Hudaýa şükür oňa hiç zat bolmaýar. Ýalňyşmaýan bolsam, bir oglan jigisi kesegiň aşagynda galaýýar öýdýän. Ýalňyşypdyryn. Telefon edip gelnejemden soradym. "Barymyz kesegiň aşagyndan çykdyk" diýdi. "Ýogalanyňyz barmy?" diýsem, "Howa üç jigim ýogaldy, ikisi oglan, biri gyz" diýdi. Edenim bar bolsun, garryja gelnejemiň (häzir segsen ýaşynda, tüweleme) ýarasyny täzeledim. Kakamyň dilegi welin, kabul bolýar, geljekki gelnejemiz, hem biz ekizleri emdiren, eje ýerinde mekdebi tamamlaýançak ekläp-saklan, ýekeje gezegem silterlemedik Amanjahan gelnejem diri galýar. Gelnejemiň kakasyna Bäşim aga diýerdiler. Gözleri okara ýaly, gaty gürem däl, owadan sakgally, uzyn boýly, syratly, juda hudaýhon adamdy. Loh-loh edip gülüşi bardy. Ors döwründe-de Alla diýip, bäş wagtyny geçirmedik Bäşim aga atamyň ýanyna gelýär eken. Mundan başga-da, Köteliň (Bäşim agaň kakasy) bir gyzyny Ugurly atamyz alypdyr. Şeýlelikde, bu içeri bilen, Amanjahan gelnejemi edinmegimizden kän öň, gatnaşygymyz bolupdyr. Amanjahan gelnejem tüýs, aňrybaş türkmen gyzyna berilmeli edebi doly alan aýal. Ol hiç wagt Saparguly kakamyň adyny tutmazdy. "O" diýerdi. Bizem bilgeşleýin "Kim o?" diýerdik, Saparguly kakamyzyň adyny tutdyrjak bolardyk. Ol türkana aýal biziň bilip edýänimizden bihabar, "kakasy" diýerdi, "ho-da" diýerdi. Soň biz gülüp başlardyk welin, düşünip ýylgyrardy. Ýaňy-ýakynda ýazgylarym üçin, käbir zatlary anyklaýyn, durmuşa çykan ýyllaryny gürrüň berdireýin diýen niýet bilen ýanyna bardym. Ýene-de oglanlygymdaky ýaly, bilmediksirän bolup, gelnejeme Saparguly kakamyň adyny tutdurjak boldum. "Ikiňiziň araňyz näçe ýaş? Haýsyňyz uly?" diýdim. "Kakasy uludyr, iki ýaş uly bolmaly. Men 33, ol 31-nji ýyl" diýdi. Henizem agam diri ýaly, adyny tutup bilenok. Menem, oglanlygymdaky ýaly, ýene-de gürrüňi aýlap-dolap, gelnejeme agamyň adyny tutdyrjak bolmagy başarmadym. Ýogsa näler şeýdesim geldi. Ýöne men indi altmyşdan geçdim, Saparguly kakamam ýok. Aslynda, agam diri bolan bolsa, segsenden geçenem bolsam, gelnejeme oýun ederdim, bir ýylgyrdardym.
Körpe ogullary Çarymyrat biziň dymyşanymyzdan peýdalanyp: "Kakamyň şu ýerimi açyp bolýan bolsa açyp, seni oturdardyn" diýenini aýdyp bersene" diýdi. Ol ýüreginiň üstüni yşarat edýärdi. Gelnejem utanýan ýaly, ýatlap bilmedi. Onsoň ýene Çarymyrat düşündirdi. "Aý, oýun eden bolup, Ejegyza (gelni) degişýän welin, ejem "Ýüwel bolma" diýýär. Menenm "Kakamam saňa, keýpi kök wagty, şoň ýaly bir zat diýendir-ä?" diýsem, "Kakaň ömür diýermi" diýip kakamyň arkasyny aldy, soňam birden ýadyna düşdi-de: "Bir gezeg-ä ýüreginiň üstüni görkezip "Şu taýyňy açyp bolýan bolsa açyp, seni oturdardym" diýipdi, gyz" diýdi. Saparguly kakamyň agrasdygyny bilemsoň, ýüregim jigläp gitdi. Saklanyp bilmän "Beý diýer ýaly näme etdiň, gelneje?" diýdim. Gelnejem ýylgyryp (garry eneleriň nähili owadan ýylgyrşynyň bardygyny bilýänsiňiz) "Hiç zadam edemok" diýdi. "Süýji nahar bişirip berensiň, bir zat edensiň-ä" diýsem, gelnejem: "Ýadyma düşenok. Üýtgeşik zat edemok" diýip jogap berdi. Kelläme taýak degen ýaly boldum, ne sorag ýadyma düşdi, ne-de gelnejemi gürletjek bolmak. Ýygşyryp goýan diktofonymam işläp dur. Men heniz bir adama-da beýle sözi çynym bilen diýip görmändim. Ýogsa bäş wagt namazly, Alla diýýän, emma, "Aýalda-da göwün bardyr. Göwni bitsin. Bolmanda hyzmatyňy göwünjeň eder" diýen ýaly düşünje bilen şuňa meňzeş bir zat, kiçi diliň bärsinden diýilen bolsa diýilendir. Emma, Saparguly kakamyňky ýaly, gursagyma yşarat edip, "Şuny açyp bolýan bolsa…" diýip ahmyr etmändim. Agam, seň bilen özümi deňeşdirsem, (muňa hakym bir barmy, onam bilemok) men hiç kim…
Aslynda, sen diňe gelnejemi däl, ähli jigileriňi, tutuş Ýalkymlylary (içinde iki-ýekesi bolaýmasa) şeýle gowy görýärdiň. Öz işiňi taşlap, başga biriniň ýumuşyny etmäge gideňde, ýok diýmäge utanjyňdan däl, ol adamy ynjadyp bilmeýäniň, oňa dözmeýäniň üçin şeýle edýän ekeniň. Muňa indi-indi düşünýän.
ary saklany ýadyma düşýär. Dostlarynyň biri "Siňekden sähel uly möjejigiň yzyna düşüp çaga ekeledermi?" diýipdir agama. Agam welin, bir küý edinen zadyny etmän goýmazdy. Elbetde, maslahatlaşýan, goldaýan ary saklaýan dostlaram bar eken. Men olary soň tanadym. Ýöne esasy tutaryk agamyň öýken keseline aryň baly, awusy, arassa howa, ýene-de arydan baldan başga-da alynýan zatlar derman diýip düşündiler. Saparguly kakam özünden kiçi dogany Baýramguly bilen pul döküp ary satyn aldylar, ary ýeşşiklerini, bal alynýan apparatlary… garaz birgiden zatlary satyn aldylar. Olardan häzirem galan-gaçany kümelerde duşýar.
Saparguly kakamy ýatlasam mydama göz öňüme gara zahmet, çynlakaýlyk, türkanalyk gelýär. Ýadyma düşýär dollar diýlen zat ilki Aşgabada gelende gaty arzandy. Saparguly kakamyňam limon teplisasy (100-den gowrak düýp) bardy. Üç sany limonyň bahasy bir dollardy. Satyp puluňy dollara öwürip otursaň, bir ýylda eslije gazanyp boljakdy. Emma Saparguly kakam "Öz pulumyz barka, daşary ýurduň puly gerek däl" diýerdi. Oňa beýle däldigini, dollaryň dünýä derejesinde ýöreýän puldugyny düşündirjek gümanyň ýokdy. Dogrusy, bizem agamyzyň aýdýanlaryny dogry hasaplaýardyk. Ýadyma düşýär, orsuň rubly ýatmazynyň öň ýanlary banka pul tabşyrylyşyk çykdy. Belki, diňe Saparguly kakam tabşyrandyr. Şol pula şol wagtlar ýük maşynyny satyn alyp bolýardy diýýärdiler. Ýeňil maşyna ýetýämi-ýetenokmy bilemok. Soňam pul çalyşdy. Saparguly kakamyň tabşyran puluna bir jübüt gowja aýakgabam düşmeýän boldy. Dogrusy, meniňem bu zatlardan başym çykanok. Pul näme, dollar näme, çalşdy-çalyşmady - düşünýän zadym ýok. Sebäbi menem aýlyjagyma, ýaşap ýören adam. Saparguly kakamam köýen pullary üçin köýüp ýörmedi. Saglyk bolsa, limonlar ýene düwüp, gülläp otyr, ýene satarys, kösenmeris diýýärdik. Bilmedim, ýöne şol döwürler meniň tanaýan içerilerimde kanagat diýlen häsiýet bardy. Iň aňrybaş arzuw maşyn almak. Şony alaňdan soň boldy. Kaşaň iki gat jaýam gerek däl, Antaliýa gidip dynç almagam bilýän ýok. Telewizor arzan, garnituram gelin getirýär, düşegem keçe, naharam palow, tüwem gymmat däl. Her kimiň gapysynda tamdyry, towujagy, toklu-toram - ýaşalyp ýör. Ogul öýerjek bolsaň kynyrakdy, onam il-gün karz-kowal edersiň, gudalar bilen razylaşarsyň, garaz, öýlenip bilmän ýören-ä ýokdy. Saparguly kakamam limonlarynyň puluna iki ogluny birden öýerdi, ullakan bergi edenini bilemok. Hatda Annajemal ejem (aýal doganym) kakamyň ýanyna pul sorap gelipdir. Kakamam "Annajemal gyz, han-ha limon iki garzinkäni doldur-da äkit bazara, iki garzinka-da puly alyp gaýt" diýipdir. Muny maňa Muhatmetgurban aga (Annajemal ejemiň ýoldaşy) gürrüň berdi. Onuň kakam hakynda, içerimiz barada şol ýene bir aýdanyny ýazaýyn.
"Başlyklykdan aýryldylar welin, bulardan garyp adam ýok. Men geň gördüm. Göwnüme Amangeldi agaň çölde birki ýüz goýny, kyrk-elli düýesi, on-ýigrimi göleli sygry bardyr öýdýärdim. Otuz ýyl kolhozy eliňde saklamak az-küş iş däl. Her ýyl sähelçe süýşende-de dünýäň zady bolmaly. Emma, bular obaň garyby boldy galaýdylar. Onsoň Amangeldi aga gönüläp göwnümdäkini aýtdym, "Aýryp goýan zadyň, malyň ýokmy?"diýidm. Amangeldi aga şonda: "Iýendiris, iýmedim diýjek däl. Bir oturşymyza bir öküzi öldürdip, iýenimizi-iýip, iýmedigimizi goýup gaýdan gezeklerimizem bolandyr. Ile-de iýdirendirin. Ýöne şol öküzden bir buduny "Äkidiň öýe eltiň" diýen däldirin. Çagalarym haram duz iýen däldirler. Aňryma-da ýeke köpük basan däldirin" diýdi. Soň kartoşka diýdiler, limon diýdiler ýene gurplandylar gidiberdiler."
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Mamam yoldashynyn adyny tutmandyr welin daje chowlugyna at dakylany saparguly dp bilenok kakamyrat diya name un saparguly diymeyaniz diysem ay edil baban adyny tutup dursan bir hilida kakamyrat diysemem bolya 2nji adyny tutup diydi