Sen kim üçin doguldyň?!
Awgust 24, 2013 | 1 teswir | 1398 okalan
Toýlarda, sadakalarda köp görýänsiňiz, otuz ýaşlaryndaky pyýada oguljygynyň elinden tutup geler, saçagyň başynda oturar. Onuň bar aladasy dogmasydyr, şony iýdirjek bolar, içirjek bolar. Olam hyk-çok eder.
Şular ýaly görnüşi synlap näme diýjegimi bilemok. Hawa, çagaňy gowy görmeli, çagasyny ýigrenýänem ýokdur, ýöne munda çäk bolmalymy ýa-da söýgüde çäk ýokmy? "Lälik çaga" şol aşa söýgüniň netijesimi? Çagany aşa berk tutmak bilen läliksiretmegiň araçägi nirede? Kakam bizi bir gezejik gujagyna alyp "Oglum" diýende atam "Haý, ýüwel. Men ölemden soň, oglum diýseň bolar. Entek seň özüň ogul" diýen manyda kakamy utandyrypdyr. Men atamyň bu sözlerini aşa ýowuz görýän. Kiçijikkäm ýekeje gezek kakamyň gujagynda, ýorganynda bileje ýatypdym. Bu meniň hiç ýadymdan çykanok. Belki, günde-günaşa kakamyň ýanynda ýatan bolsam, men muňa öwrenşerdim, beýle gadyryny bilmezdim. Düşünýän atamyň sözlerinde bedewilik bar. Emma häzirki ýaş kakalaryň balalaryny söýüşinde-de läliksiretmek bar ýaly. Aslynda çagaňa, hasam ýigit çykyp barýan perzendiňe çagam nazary bilen seretmek dogrumyka? Gurbannazarda şeýle çuň manyly setirler bar: "Aglama eje jan, bes et ahyňy / Täk seň üçin dogulmanyma düşün ahyry."
Çaga näçe ýaşyndan başlap, özüniň diňe ejesiniň ýa-da kakasynyň ogly däldigine düşünip başlamaly? Bu düşünjäni çaga-da nädip oýarmaly? Ýaňky tutaklanylyp ýören çaga ulalanda ol halk üçin däl, halk onuň üçin hyzmat etmeli diýen düşünjede ulalyp adam bolsa, munda biziň günämiz bolmazmy? Biziň her birimiziň ogullarymyz, jigilerimiz, ýetişip gelýän ýaş ýegençilerimiz, daýy ýigdekçelerimiz bar. Araňyzda entek ýaş ýetginjek ýaşdakylaram bardyr. Heý, içiňizden ýokardaky sowaly beren wagtyňyz boldumy?
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Sheyle sowaly öz-özüme beryän wagtlam bolya käte. Gynansak-da näme ücindir köpcülikde halka, watanyña hyzmat etmek düshünjesi ýok diýen ýaly gaty azmyka diyyän.
Men ýakynlarda uniwersitet gutardym. Indi bolsa obamda öz ugrumdan mugallym boljak bolýan. Öñräkden bäri planym sheyledi. Maña birki sany gowy aýlykly ishlerden teklip geldi kabul etmedim. Bashgada shäherdäki bir yöriteleshdirilen mekdepden ish teklip etdiler, okatmaly sagadyñ köp aýlygyñ gowy bolar diydiler. Meñ öñden niyetim obamda mugallym bolmakdy, obamyzyñ cagalaryna bilim bermekdi diyyän welin "sen dälimiñ, sheyle gowy aýlykly ishler hödürlenip durka, shäherde gowy ýerde gezmek barka obañ tozanly köcelerinde pes aýlykly ishde näme peyda bar? Hic bolmanda shäherde mugallym bolsañ bolmayamy" diyyäler. Beyle gepi köp kishi aydya maña. Esasy zat aýlyk, baýlyk däl diyip düshündirjek bolyan welin teý bashardanok. Maña shonýaly gepi öyümdäkilerem aydya, gynansamam olara-da niyetimi düshündirmek kyn.