Kartoşkadan soň ary hem limon | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Kartoşkadan soň ary hem limon

Awgust 26, 2013 | 1 teswir | 1395 okalan

Agamyň ary saklany ýadyma düşýär. Dostlarynyň biri "Siňekden sähel uly möjejigiň yzyna düşüp çaga ekeledermikä?" diýipdir agama. Saparguly kakam welin, bir küý edinen, höwes eden zadyny aňsat-aňsat etmän goýmazdy. Belki, başlygyň çagalarydygymzdandyr, bu häsiýet biziň ählimizde-de azda-kände bar. Biz birbada başa barmajak ýaly görünýän zatlary arzuw edip, şony boldurjak bolmagyň keýpine düşegen. Elbetde, Saparguly kakamyň maslahatlaşýan, goldaýan ary saklaýan dostlaram bar eken. Men olary soň tanadym. Ýöne esasy tutaryk agamyň öýken keseline aryň baly, awusy, arassa howa, ýene-de arydan baldan başga-da alynýan zatlar derman diýip düşündiler. Saparguly kakam ilki, soň özünden kiçi dogany Baýramguly bilen pul döküp ary satyn aldylar, ary ýeşşiklerini, bal alynýan apparatlary… garaz birgiden zatlary edindiler. Olardan häzirem galan-gaçany kümelerde duşýar. Ary saklamak işine bizem goşulýardyk. Arylary ýaz-tomus aýlary nirede gül bar bolsa, şol ýere göçürip äkidýärdiler. Munam diňe gije, arylar öýüne ýygnanansoň edip bolýardy. Ýeke-ýeke olaryň öýleriniň deşigini ýapyp, maşyna ýüklemelidir, ýörite ary prisepiň bolsa ýene ýeňiliräk bolýar. Onsoň gijäň garaňkysynda tozanly ýollarda, pagta meýdanlarynyň, ýorunjaly kartalaryň gyrasynda düşlärsiň. Olaryň başynda-da ýatmalysyň. Baýramguly kakam bir gije ýeke özüniň galanyny, şonda-da erbet ýel turanyny gürrüň berýär. Şol ýelde gijäň ýary ho beýlede traktor sürüp, ýer düzläp ýören oglanyň gelip kömekleşenini aýdyp berende agam "Adamlar gowy eken. Men ýogsa oňa gelem diýmedim. Özi gelip telärimi saklaşýar" diýip, haýran galyp başyny ýaýkaýar. Baýramguly kakamyň özem bir döwürler Gäwersde traktor sürüpdi. Megerem, onuňam işläp ýören ýeriniň golaýyndaky aryçynyň öýüni ýel göterip barsa, onuňam işini taşlap, kömekleşmäge geljekdigine sähelçe-de şübhäm ýok. Şonda-da ol başga bir nätanyşyň kömege gelmegini geň görüpdir. Kä wagt Ylýas ikimizem gijelerine aryň başynda goýup gaýdardylar. Esasan Gökdepäň töwereginde, Isbirden diýen ýaly ýerlerde düşleýärdiler. Aryçy dostlary Ýalkymdan Çaryguly daýym (ol soň obada sylanýan molla boldy), Muhammetmyrat aga  (çarwalardan), Şalyk aga (kürtlerden), NKWD obasyndanam Mişa diýip bir orsam bardy, türkmençe arassa gürleýärdi. Arylardan bal almak täsindi. Bir çadyryň içinde, daş-töweregiňi ary gelmez ýaly ýapyp almaly. Sentrifuga prinsipinde, güýçli aýlanmaň hasabyna bal, arynyň öýjüklerinden daşyna akýardy. Çadyryň içi balyň, gülüň ysyndan şeýle  üýtgeşik bolýardy. Howada yssy. Megerem, bir ýerde keseliň bolsa baryna derman bolsa gerek, şol çadyryň howasy. Bal suw krandyndan akan ýaly akyp, 40 litrlik flýagalary doldurýardy. Umuman, girdejili işdi, ýöne hysyrdysam, aladasam ýetikdi. Emma, ary saklamak işi 2-3 ýyl töweregi çekdi. Arylara kesel degdi, bary gyryldy. Şonda Saparguly kakamyň ýanyna Muhammetmyrat  aga gelip: "Saparguly, arylaram-a gyryldy, indi çagalary nädip ekläris?" diýipdir. Saparguly kakam muny ýylgyryp gürrüň bererdi. Häzir aram galmady, Muhammetmyrat aga-da ýogaldy, emma çagalary tüweleme gurply ýaşap ýörler. Hatda iki gat jaýlysam bar. Ýöne şol wagt, boşap galan ar ýeşşikleri bilen galan ýaşuly darykjak bolupdyr. Seredip otursaň, hakykatdanam, çagalary "siňekden sähel uly" arylar ekläp bilmejek eken. Hatda mUhammetmyrat agaň özem olary eklemeýän eken… 
Şu ýerde agamyň dostlary hakda-da ýazman bilemok. Dostsuz, tanyş-bilişsiz adam ýokdur. Adam hemişe, töweregi bilen adam. Men diýip, döşüne kakýanam, özüni üýtgeşik başarjaň, akylly, gaýratly hasaplaýanam ýalňyşýar. Saparguly kakamyňam gowy görşüp gatnaşýan dostlary bardy. Agamyň dünýeden ötenine on ýyl bolup barýar, emma henizem dostlary şol içerde toýam bolsa, sadaka berilse-de, ýasam düşse, ýygnanyşýarlar. Diňe aralarynda Saparguly kakam ýok. Ölenden soňam dost diýip, sarpasyny saklap gelýän dostlary bar bolsa, megerem, munuň özem agam hakynda köp zatlary aýdýar.
Saparguly kakamy ýatlasam mydama göz öňüme gara zahmet, çynlakaýlyk, türkanalyk gelýär. Ýadyma düşýär dollar diýlen zat ilki Aşgabada gelende gaty arzandy. Saparguly kakamyňam limon teplisasy (100-den gowrak düýp) bardy. Üç sany limonyň bahasy bir dollardy. Satyp puluňy dollara öwürip otursaň, bir ýylda eslije gazanyp boljakdy. Emma Saparguly kakam "Öz pulumyz barka, daşary ýurduň puly gerek däl" diýerdi.  Oňa beýle däldigini, dollaryň dünýä derejesinde ýöreýän puldugyny düşündirjek gümanyň ýokdy. Dogrusy, bizem agamyzyň aýdýanlaryny dogry hasaplaýardyk. Ýadyma düşýär, orsuň rubly ýatmazynyň öň ýanlary banka pul tabşyrylyşyk çykdy. Belki, diňe Saparguly kakam tabşyrandyr. Şol pula şol wagtlar ýük maşynyny satyn alyp bolýardy diýýärdiler. Ýeňil maşyna ýetýämi-ýetenokmy bilemok. Soňam pul çalyşdy. Saparguly kakamyň tabşyran puluna bir jübüt gowja aýakgabam düşmeýän boldy. Dogrusy, meniňem bu zatlardan başym çykanok. Pul näme, dollar näme, çalşdy-çalyşmady - düşünýän zadym ýok. Sebäbi menem aýlyjagyma, ýaşap ýören adam. Saparguly kakamam köýen pullary üçin köýüp ýörmedi. Saglyk bolsa, limonlar ýene düwüp, gülläp otyr, ýene satarys, kösenmeris diýýärdik. Bilmedim, ýöne şol döwürler meniň tanaýan içerilerimde kanagat diýlen häsiýet bardy. Iň aňrybaş arzuw maşyn almak. Şony alaňdan soň boldy. Kaşaň iki gat jaýam gerek däl, Antaliýa gidip dynç almagam bilýän ýok. Telewizor arzan, garnituram gelin getirýär, düşegem keçe, naharam palow, tüwem gymmat däl. Her kimiň gapysynda tamdyry, towujagy, toklu-toram - ýaşalyp ýör. Ogul öýerjek bolsaň kynyrakdy, onam il-gün karz-kowal edersiň, gudalar bilen razylaşarsyň, garaz, öýlenip bilmän ýören-ä ýokdy. Saparguly kakamam limonlarynyň puluna iki ogluny birden öýerdi, ullakan bergi edenini bilemok. Hatda Annajemal ejem (aýal doganym) kakamyň ýanyna pul sorap gelipdir. Kakamam "Annajemal gyz, han-ha limon iki garzinkäni doldur-da äkit bazara, iki garzinka-da puly alyp gaýt" diýipdir. Muny maňa Muhammetgurban aga (Annajemal ejemiň ýoldaşy) gürrüň berdi. Onuň kakam hakynda, içerimiz barada ýene bir aýdanyny ýazaýyn. 
"Başlyklykdan aýryldylar welin, bulardan garyp adam ýok. Men geň gördüm. Göwnüme Amangeldi agaň çölde birki ýüz goýny, kyrk-elli düýesi, on-ýigrimi göleli sygry bardyr öýdýärdim. Otuz ýyl kolhozy eliňde saklamak az-küş iş däl. Her ýyl sähelçe süýşende-de dünýäň zady bolmaly. Emma, bular obaň garyby boldy galaýdylar. Onsoň Amangeldi aga gönüläp göwnümdäkini aýtdym, "Aýryp goýan zadyň, malyň ýokmy?"diýidm. Amangeldi aga şonda: "Iýendiris, iýmedim diýjek däl. Bir oturşymyza bir öküzi öldürdip, iýenimizi-iýip, iýmedigimizi goýup gaýdan gezeklerimizem bolandyr. Ile-de iýdirendirin. Ýöne şol öküzden bir buduny "Äkidiň öýe eltiň" diýen däldirin. Çagalarym haram duz iýen däldirler. Aňryma-da ýeke köpük basan däldirin" diýdi. Soň kartoşka diýdiler, limon diýdiler ýene gurplandylar gidiberdiler."
Aslynda Saparguly kakamyň obada ilki bolup, gapymyzda ýörite teplissa gurup limon ekişi özbaşyna bir gürrüň. Ony soňa goýaýyn. 

Teswirler (1 sany)

begmyrat:
30 Awgust, 2013

Tüweleme, siziñ töwerekleriñizde häzir iki öýüñ birinde diýen ýaly parnik (teplisa). Tüýs halal girdeji, ki$ä minnetsiz. Zähmetinden gaçmasañ hor etjek gümany ýok.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.