Ýukaýüreklilik gowumy ýa-da doňýüreklik?
Sentýabr 03, 2013 | 0 teswir | 1038 okalan
Eşidensiňiz, şeýle bir rowaýat bar: Alla iki gezek ýylgyrypdyr. Sebäbinem şeýle düşündiripdir: "Men biriniň mertebesini beýgeldýän, ryzkyny artdyrýan, adamlar bolsa, aýagyndan asylyp ony aşak çekýärler. Ikinjisi bolsa, Men biriniň depesinden basýan, adamlar bolsa, onuň elinden çekip ýokaryk galdyrjak bolýarlar. Meniň peseldenimi kim beýgeldip biler?"
Bu rowaýatda many kän, ýöne men bir tarapy hakynda pikir edýän. Adama nä derejede kömek etmeli? Kömek etmegiň çägi barmy?
Oglankam, özümden uly doganym ýaryş welosipedini sürýärdi. Welosipedçidi. Menem şähere barýan, Pöwrüze ýoluna pyýadalap çykmaly, onsoň bir awtobusa münüp şähere gitmeli. Doganyma "Welosipeidiňi beräý" diýsem - bermedi. Şonda şeýle bri ýokuş degdi. Ýumrugymy düwüp, dişimi gyjap iki kilometri tomsuň yssysynda ýöredim. Özem doganym muny maňa "terbiýe" bolsun diýip ýörite edýänini aç-açan aýdyp edipdi.
Indi pikir edýän, şol wagt ol maňa dözmän tigrini berip goýberen bolsa, men muňa endik bolmazmydym? Ol agam, men jigisi, ol maňa dözmeli däl, maňa kömek etmeli (mydama) diýmezmidim? Hemişe-de birinden kömege garaşyp, birinden tamakin bolup ýaşamaga endik etmezmidim?
Häzir şeýle bir düşünje giň ýaýran ýaly: "Men ýaş. Men geljekde uly adam bolup ýetişmeli, uly işler etmeli. Şonuň üçin häzir maňa her kim ýerli-ýerden kömek etmeli. Meni okatmaly, yzymdan pul ugratmaly, kişmiş ugratmaly. Mydama meniň aladam edilmeli. Sebäbi men geljekde il-günüň aladasyny etjek adam." Bu düşünjänem biz ýukaýürek ejeler, kakalar, doganlar bolup, oňa ýerli-ýerden kömek edip, onuň aňyna guýýan ýaly. "Alla elinden çeksin. Oglumam bolsa, elimden geleninden artyk kömegi etjek boljak däl. Beýle etsem Alla halarmy?" diýýän eje-kaka, dogan barmyka? Ýa-da beýle diýmek ýalňyş, doňýüreklikmikä? Tamakinçilik adamda haçan, nädip döreýär? Kim ony ösdürýär, aşagyna suw guýýar?
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.