Mal üçin adamy maşyna süýredip bolarmy?
Sentýabr 10, 2013 | 1 teswir | 1064 okalan
Hawa, limon ekilişi, oňa başlanylyşy özbaşyna bir gürrüň. Ýöne häzir başga bir gürrüň has öňe düşýän ýaly. "Saparguly kakamdaky ahlaklylyk, il-gün üçin ýaşamak, kakamyň dili bilen aýtsam "Illik dogan" (il üçin doglan) bolmak häsiýeti, ondanam beýleki çagalaryna geçen ýörelge nireden gelýär?" diýen mesele. Dagy näme? Kakamdan.
Bir gezek öýmüze bir garry ýal bilen saçyna ak giren erkek adam geldi. Biz olary tanaýardyk. Saglyk-amanlykdan soň olar kakamyň öňünde eden günälrini aýtmaga oturdylar. Olar owal kolhozyň sygyr fermasynda işleýärdiler. Biri sagymçy, beýlekisi ot-iým daşaýan şofýor. Olar kolhozyň süýtli sygyrlaryndan bolan göleleri halta salyp öýlerine alyp gaýdýan ekenler, ýerine-de özleriiň süýtsiz (tohumy pes) sygyrlaryndan bolan göleleri getirip goşýan ekenler. Indi kolhozam ýok, kakamam başlyk däl. Şonda-da olar "Amangeldi, geçen geçdi. Bizden razy bol" diýýärdiler. Kakam "Geçen geçýän däldir. Kolhozyň malam diňe meňki däl. Gapymdaky sygryň gölesini alan bolsaňyz, razylaşardym. Ýöne ol mallar halkyň maly, men köpüň ýerine jogap berip bilmerin. Ol gölelerde Aýnur ejäňem, Gözel Durdymyradyňam, Orazjemalyňam… (adamsy urşa gidip, dul galan, kolhozda diş-dyrnak bolup işleýän adamlar) tutuş obaň paýy bar. Baryň ýeke-ýeke, gapy-gapy aýlanyp obaň adamlarynyň razyçylygyny alyň, soň meň ýanyma geliň, menem razylygymy bereýin" diýdi. Bu wakany Amangeldi agaň ogullaryndan bilmeýäni ýokdur. Mundan sapak almadygam ýokdur. Elbetde, her kim öz derejesine görä sapak aldy - bu başga gürrüň, ýöne Saparguly kakam muny iň berk sapak edinenimizdir. Olam kakam ýaly ýigrimi ýyl bolmasa-da, ýedi ýyl obaň garamatyny boýnuna aldy, emma çagalaryna-da jigilerine-de haram iýdirmedi. Ýeke mysal az ýaly boldy. Kakamyň başyndan geçen ýene bir wakany ýazaýyn.
Bu waka Saparguly kakamyň ýaş wagty bolup geçýär. Bizem 5-6 ýaşly oglanjyk bolaýmasak. Kakam ýanynda Puhary aga diýip permesi hem ýakyn dosty bilen guma mal üstüne aýlanmaga gidýär. Bir çopan goşuna barýarlar welin, Puhary aga: "Hojaýyn, (ol kakama mydama hojaýyn diýerdi) mal üýtgäpdir" diýýär. Kakam gepe düşüş adam, derrew "Maly sanaň!" diýýär. Sürüni sanaýarlar. Sany dogry. Puhary aga bolsa şol bir diýenini tutuýar: "Hojaýyn, mal üýtgäpdir." Sürüni gaýtadan sanaýarlar, ýene kemçilik ýok. Kakam çopany gyssamaga durýar. Çopanam arkaýyn "Sanaň, kem bolsa jogap bererin" diýýär. Şonda kakam ýanyndakylara "Çopany daňyň!" diýýär. "Dogrusyny aýtmasa, süýräň maşyna tirkäňde." Şonda ýanyndaky türkana ýigitleriň biri: "Amangeldi aga, aýagyndan daňaýynmy, bilinden?" diýip sorapdyr. Kakamam "Aýagyndan, daň!" diýipdir. Ol daýanykly pyýada şatyrdadyp çopanyň aýagyndan tanapy geçirip, daňmaga başlaýar. Süýremeli maşynam otlanýar. Şonda çopan maşyna süýrelemekden gorkusyna "Duruň, aýdaýyn" diýip gygyrmaga başlaýar. Görülip oturylsa, çopan sürüdäki gurat mallary goňşy kolhozyň çopanynyň hor mallary bilen başa-baş çalşypdyr. Üstesine-de pul alypdyr. Pulam tirýege berjek eken. Derrew goňşy kolhozyň arryk mallaryny saýlaýar-da äkidip berýärler. Kolhozyň gurat mallarynam yzyna alýarlar. Puhary aga ol goýunlary adam tanaýan ýaly tanaýan eken. Tanyş goýunlaryny sürüde görmänsoňam "Mal üýtgäpdir" diýýär eken. Bu wakadan soň, yzlaryna dolananlarynda Puhary aga durup bilmändir: "Hojaýyn, bäş-on sany goýun diýip, çopany maşyna süýredäýjekmidiň?" diýip sorapdyr. Kakamam ýylgyryp: "Mal üçinem adamy maşyna süýredip bolarmy? Ýöne men çopanyň gorkjagyny, gorkusyna-da dogrusyny aýtjagyny bilýärdim. Munuň başga ýoly ýokdy" diýip jogap beripdir. Bu sapagam biziň içerimizde eşitmedik ýokdur. Anyk biemok welin, Saparguly kakam bu waka gatnaşan bolmagam, şol çopany daňanlaryň biri bolmagam mümkin…
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Ýiti sužetli wakalara bolupdyr geçmişde