Çyn dost
Sentýabr 17, 2013 | 0 teswir | 1133 okalan
Biz duşmançylygy halamyzok, dostlugy gowy görýäs. Duşmanymyzyň bolmanyny dostumyzyň bolanyny, onda-da köp bolanyny isleýäs. Gurbannazaram "Ýeke bir çyn dostuň bitiren işi / Müňde bir ýoldaşyň golundan gelmez" diýýär. Muny hemmämizem bilýäs, emma, şonda-da çyn dostumyz ýok ýa-da isleýşimizden juda az. Näme üçin beýlekä? Bir döwürler 1976-80-nji ýyllar Tokar bilen şeýle dost bolupdym. Iýeinim aýra gitmändi. Hatda bazardan diri balyk satyn alyp gelsemem, Tokaryň öýlerine gidip, alyp gelerdim, bile iýerdik. Sungat hakynda şeýle gowy gürrüňler ederdik. Soň, ýaşynyň soňunda birhili sowadyk. Öýkeleşmedik, biri-birimizi gowam gördük, ýöne men onsuz, olam mensiz oňýardy. Soň Bapba. Bapba-da bizi (hasam Ylýasy) gowy görýärdi, bizem ony. Islendik wagt, başymyza iş düşse, arkaýyn Bapba diýip baryp bilýärdik, olam gelýärdi. Dogrusy, çyn dostduk, emma, ol mende kemçilik görýärdi, men onda. Klasdaş, kursdaş diýilenler bilen dostluk bir möwsümleýin bolýan eken. Ahmet Bekmyrat bilen "Edebiýat we sungatda" bile işedik. Menem ýaňy edebiýata başlan, olam. Biri-birimizi şeýle gowy gördük. Bir gün neresse: "Ikimzem biri-birimizden daşlaşdyrarlar" diýdi. Men: "Goýsan-aý, kim daşlaşdyrsyn? Adamlaň başga işi ýokmy?" diýdim. "Ynha görersiň" diýdi. Soň hakykatdanam daşlaşyp gitdik. Ol Akademiýa işe gitdi men telewideniýä. Setanda-seýranda bir görüşdik.
Şeýle. Galanlary ýoldaşlar bolup çykdy. Häzir oturyp näme üçin beýle bolduka diýýän. Ýa men dostlarymdan juda köp zady talap etdimmi? Ýa-da men olaryň göwnünden turmadymmy? Bilmedim. Ýene Gurbannazaryň aýdyşy ýaly "Bir seretsem dost nire? Boşapdyr daşym" diýip otyryn. Ýok Hudaýa şükür, daşym boş däl. Dostlaram azalsalaram bar. Ekiz taýym bar. Agalarym, inilerim, ogullarym bar. Emma, garry ynjyklygy bilen çyn dost hakda oýlanýan. Hemem çyn dostly bolmagyň nähili uly bagtdygyny bilemsoň, azajyk gussa gelýär. Dostlaryňyzyň gadyryny biliň! Başarsaňyz çyn dost boluň, siziňem çyn dostuňyz bolar ýaly.
Birki sagat soň, öýle namazynyň täretini alyp durkam, Ussadyň şu setirleri ýadyma düşdi:
Dost isleseň, Alla ýeterlikdir,
Ýaran isleseň, Kur'an ýeterlikdir,
Nesihat isleseň, ölüm ýeterlikdir.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.