“Gidemden soň gidenligim duýulsun…”
Gurbannazaryň şu setirem, bir ýerden gelinendigini aňladýan, “gitmek” diýlen zadyňam bardygyny, onda-da diňe bir gitmegem däl, “gideniňden soňy” barada-da oýlanmalydygy barada asla ýazamag-a beýle-de dursun, pikirinem etmeýän türkmen-sowet şahyrlarynyň arasynda ýoň bolan setirleriň biri bolupdy. Edil “Il günüň derdini ýüregne jemläp, soňra ýürek agyrsyndan ölýärler” diýen setirlerden soň ýazýanlaryň arasynda ýüregi “sanjaýanlaryň” köpelişi ýaly. Elbetde, Gurbannazary Gurbannazar eden zat onuň adaty çäkleriň daşynda pikirlenip, ýaşap bilenligidi. Saparguly kakamam şeýle pikir edipdimi ýa-da ýok, ony bilmedim, ýöne agam aramyzdan gidenden soň, gidendigi duýlan biri boldy. Iň bärkisi, indi şähere gitjek bolsaňam öz günüňi özüň görmelidi “Agam, şähere gideňok-maý?” diýip barara, elmydam hyzmata taýýar, doganymyz ýokdy.
Arada Mele aga geldi. Saparguly kakam bilen institutda bile okan kursdaşy. Agamyň dünýeden öten gününi anyk çislosy bilen aýdyp, “Gelip bilmedim, onsoň görnüp gaýadaýayn diýdim” diýýär. Men ol günüň haýsy gündügini eýýäm unutdym. Mele aga welin, unutmaz, aňry-ujy demi gelip-gidip dursa “görnäýeýin diýdim” diýip geler.
Mele aga Saparguly kakam bilen dost bolşuny şeýle gürrüň berdi.
“Ilki okuwyň başlanan günüdi. 1953-nji ýyl. Öňde oturdym, bir depderim, awtoruçkam bardy. O döwürler awtoruçka, depder diýilýän gyt zatdy, gymmatjady. Garaz, bir bahana bilen oturan ýerimde ýaňky zatlarymy goýup daş çykyp gelsem, ýerimde başga bir oglan otyr. Elinde ruçkam, depderim. "Bu meň ýerim” diýsem, “Ýeriň bormy?” diýýär. Aý, itenek-çomanak boluşdyk. Ýaşlygyň edýäni-dä. Ilki gün her kim özüni ejiz görkezmejek bolýar. Garaz ýerime geçdim welin, Saparguly geldi. Gelişine-de “Gorkmagyn” diýdi. Men gorkamagam-la welin, (Mele aga uzynak adam. Ýaş wagty adamdan ejiz gelmejegi görnüp dur), Sapargulyň şeý diýmesine hoşal boldum. Şol sözi bilen dogan, aga-ini bolduk. Saparguly menden iki ýaş uludyr. Şeýdip, biri-birimizi sulhumyz aldy. Ol ýerime geçip oturanam gowy oglan eken, onuň bilenem soň dost bolup gitdik. Saparguly bilen bir ýyllap selhozyň obşidinde, bir otagda bir krowatda herimiz kellämizi bir tarapa goýup ýatdyk. 6-7-nji günler oba gaýdardyk. Kolhozyň ýük maşynda, ekine dökülýän dermanlaň arasynda oturyp Ýalkyma gelenimizem ýadyma düşýär.“
- Saparguly "Pobedaly” okuwa gatnanokmydy?
- Ýok. Pobeda-da bardy, ýöne okuwa münüp gelmeýärdi. Ony kakaň kolhoz işine ulanýardy, şofýoram Mişkedi. (Mişkäň çyn ady Balmyrat bolmaly. Biz oňa Mişke kaka diýerdik. Hangeldi atamdan ulusy Sapargeldilerden).
- Bir zada geň galýan. Saparguly kakam içenokdy…
- Men içýädim, çilimem çekýädim.
- Onsoň “Aý, ol içenogam” diýip kän gepiňiz alyşmajak ýaly.
- Ýok, Sapargulyň seň içýäniň bilen işi bolmazdy. Bizem oňa içirjek bolup durmazdyk. Özem höwesjeň däldi… Men “Başlygyň ogly, student, ýoldaşlary içýär, ol näme üçin içmeýärdikä?” diýip soramadym. Amangeldi agaň ogly bolsaň, etmeli däl diýlen zadyň ýanyna barmak bolmaýardy. Hatda beýle etmek kelläňe-de gelmeýärdi. Özüňi köpçülikden aýra görmek, aýry tutmak dogry däldirem welin, biziň aňymyza şony guýupdyrlar. Şindi-şindem şol duýgudan saplanyp bilemok. Saplanmanam giderin. Elbetde, munuň gowy tarapam, erbet tarapam bardy.
- Soň şäherden howly aldyňyz - 1955-de.
- Biz oglankak, şol howluda sizem ýaşapdyňyz öýdýän?
- Hawa. 1962-nji ýylda Tejenden göçüp geldim. Ýalkymda ýaşara ýer edinýänçäk, “Daşhowuz 11-de” bolduk, çagalar bilen. Üç ýyl bärde işledim, soň ýene yzymyza gaýtmaly bolduk.
- Näme üçin?
- Kakam bir hepde ýanymda boldy-da, teý, goýmady “gideli” diýip. Her gün irden turanyňdan başlaýar “Meň ýeke özüm, gideli” diýip. Şeýdip alyp gitdi. Kakaň pahyr kän goýbermejek boldy. “Kakaňy getir” diýdi. Mellek berdi. Kakam göwnemedi. Yzyma göçüp gitmeli boldum. Biz Saparguly bilen şeýle dostduk. Belki, Saparguly kakamyň dostlary hakynda gürrüň berýärkäm, kakamyň dostlary hakynda-da aýtsam laýyk bolar. “Alma agajyndan daşa gaçmaz” diýilýär-ä. Kakamda-da şeýle dostlar bardy. Olardan has ýakyn bolany, megerem, Sary aga bolsa gerek. Ýöne Sary aga hakynda aýratyn gürrüň edesim gelýär. Mele aga “Sulhum aldy, aga-ini bolduk” diýýär. Ol döwrüň adamlary “Şu adamyň maňa geljekde peýdasy degermi-degmezim?” diýip, ölçäp-biçip, soň dost bolmadyga meňzeýär. “Sulhuň almagy” diýlen ölçeg häzir ulanyşdan galyberen ýaly, edil gadymky “at gaýtarym” “bir menzil” diýen ýaly ölçegleriň ýitip gidişi ýaly…
Teswirler (2 sany)
$ol könäni agtaryp otury$yñyzmy. Ölmän gezip ýörsek ýene-de 40-50 yyldan biz namani yatlarkak?
Gurbannazar Ezizowy a$a öwmegi, oña syrdan doly bir ynsan hökmünde garalmagyny dogry hasaplamok. Özüm Gurbannazaryñ gosgularynda hakykaty tapmaga tesne, emma tapdym diyip bilmeyan adamyñ kesbini görýän. Elbetde, bu hakykatdanam seýle. Hakykaty tapan ýok. Tapdym diýýänlerem aslynda öz tapandyklaryna ynanýan adamlar diýäýmeseñ, olaram tapmadyk.
Göwnüme bolmasa, Gurbannazar: ''Hudaýyñ (pelegiñ, dünýäñ, durmusyñ...) etmeýän gowulyklaryny señ özüñ et, eý adamogly!'' diyyän ýaly...
Gurbannazaryñ täzeçillige kowalasyp, gowsak ýazan gosgularam kän.
Emma meñ ýaly haýsydyr bir adaty okyjyñ berýän bahasy bilen Gurbannazar kemsinmezem, gatam görmez. Sebäbi onda çylsyrymly, agyr zatlary sada sözlere, onda-da çeper sözlere sygdyrjak bolmak höwesi, ukyby, talanty bar! Ol sadalygy söýýär! Ulumsylygy ýigrenýär! Aramyzdan ir giden söýgüli sahyrymyza hormatym uly. Gosgularyny halayan, söýüp, gaytalap okaýanlarymam köp.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Sary aga baradada yazaysanyz