Dostlugyň gyşy-güýzi, pasyly-möwsümi bolmaýar…
Oktýabr 09, 2013 | 0 teswir | 1349 okalan
Sary aga… Sary Ýolly… Kakamyň iň ýakyn, dost bolup gatnaşan sanaýmaly adamlarynyň iň öňde durýany, megerem, Sary agadyr.
Sary aga Garrygalaly, döwlet edaralarynda, Aşgabatda işlän, şol döwürlerem kakam bilen dostlaşan, soň ýene Garrygala dolanyp baran, gökleň tiresinden, sylanýan ýaşulularyň biridi. Meniň özümi ilki gezek uly adam hasabynda duýup başlamagyma Sary aga sebäp boldy. Sebäbi "Hydyr jan" diýse-de, maňa, 14 ýaşlaryndaky ogalana, uly adama sereden ýaly seredýärdi. Meniň bilen uly adam bilen gürleşen ýaly gürleşýärdi, agalarymyň (kakam bilen-ä asla) gürrüňini etmeýän temelaryndan gürleşip oturýardy. Maňa uly hormat goýýärdy. Şonuň üçinem men Sary agany oglanlygymdan gowy gördüm. Şeýle ýumşak, mesge ýaly, ýüpek ýaly ýakymly, uzyn boýly, inçesagt, syratly ýaşula hemişe hormat goýdum. Şu wagtam käteler ýatlap oturýan. Gowy adamlar ölmeýär. Ölmek islemeýän bolsaň, başarsaň, gowy adam bolmaly. Sary agadan men ölmezligi öwrendim. Öwrendim diýdigim, başardym diýdigim däl, gynansamam. Sary aga ýaly mylaýym, mylakatly bolmagy başarýanlar juda az-azdyr. Meniň ýadyma diňe Gurbannazar düşýär…
Bir gezek, Daşhowuz 11-den "Ýaşyl Wolga" bilen (GAZ-21 maşynymyz bardy) oba gaýdarman bolduk. Sary aga-da bar. Ol döwrüň maşynlarynyň iň uly problemalarynyň biri gapysydy. Şarkyldadyp ýapmasaň, ýapylman, ýarym ýapylyp, şakyrdap barýardy. Sary aga, men ýene-de biri (kimdigi ýadyma düşenok) yzdaky oturgyçda oturdyk, kakam öňde. Sary aga yzda oturan ýerinden maşynyň gapysynyň söýesinden ýapyşypdyr. Kakamam öňüne mündi-de şarkyldadyp gapysyny batly ýapdy. Sary aganyň dört barmagy gapyň arasynda galdy. Pahyr şonda-da çalaja "Amangeldi! Amangeldi!" diýýär. Biz gygyrşyp kakama gapysyny açdyrdyk. Sary aganyň dört barmagam gök-nil bolupdyr. Kakam: "Gatyrak gygyrmaly, dur diýmeli ahyryn, betbagt" diýip, ýene Sary aga igenýär. Sary aga-da müýnli ýaly utanýar. Ol adamda şeýle hakyky, içki medeniýet bardy. Başga biri ýasama, özüni mejbur edip, medeniýetli gürläp, asylly bolup biler, emma, barmaklaryny gapa gapjadaýsaň, itiň guýrugyna basylan ýaly bolar, şol ýasama medeniýetden nam-nyşan galmaz. Sary aga üýtgeşik adamdy. Akyllydy. Gowy gürrüňler bererdi. TW-de işleýän wagtlarym (ýaşlar redaksiýasynda) birnäçe gezek getirip, gürledipdim. GIdip, Garrygalada sýomka edipdim. Sary agaň arkasyndan işde öwülipdim. Edep, sylag-hormat, ýaşlara nesihat edip, gaty gowy gürlärdi. TW-da, kameradan çekinip, ýa-da boş gürrüňler edip oturmazdy. Syratly, sakgaly ýüzüne gelşip duran saryýagyz ýaşuly edil, TW üçin doglan ýalydy.
Baýramguly kakam gürrüň berýär: "Bir ezek maşynda (megerem, ýene şol "Wolga" bolsa gerek) yzynda iki bolup otyrys welin, Sary aga gysylyp otyr. "Sary aga, näme gysylyp otyrsyň?"diýsem, "Seni gysmajak bolýan, Baýramguly jan" diýýär. Men bir oglan, Sary aga-da ýaşuly adam. Kim-kimi gysmajak bolmaly? Emma Sary aga meni gysmajak bolýardy…"
Näme üçin Sara aga beýleki adamlara meňzänokdyka? Oturýan-oturýan-da şeýle netijä gelýän: Mümkin ýalňyşýandyryn, biz, köpümiz, dogrusy meniň tanaýan adamlarymyň aglabasy, her bir zatda ilki bilen töwerekden aýp gözleýärler. Halys töweregi aýyplamaga zat tapmasalar, şonda zordan özlerini aýply, müýnli saýýarlar. Kakamyň Sary agaň elini gapa gapjadyp, ýene ony günäkärleýşi ýaly. Köplenjem her kim özüni aklamagyň ýoluny tapýar. Gurbannazar "Il derdi" diýip köp ýazypdyr. Aslynda il derdini götermek diýmek, ili däl özüňi günäkär saýmak, dagy bolmasa, iliň aýbynda öz günäň paýyny duýmak, hemişe özüňi günäkär duýmak dälmi näme? Kim batyr bolmagy, kim mert bolmagy, kim akylly, kim ýeser… bolmagy höwes edýär, emma özüni elmydam günäkär duýmagy başarýan adam az. Bu akyl bilen däl, megerem, ýürek bilen ýetilýän bir dereje bolsa gerek.
Sary aganyň gahary gelende, pert-pert gürläninem görüpdim. Şonda Saparguly kakamyň ýerine başlyk boljak bolup, obany bulaýanlaň gürrüňi gidýärdi. Sary aga-da myhmançylyga gelipdi. Onuň gaharly ýüzüni ýekeje gezek göremsoň, hiç ýadymdan çykanok. Bulagaýlar hakynda-da, hapa sögünç diline alman, agyr-agyr sözler diýipdi.
Soň kakamyň dosty bilen guda-garyndaş bolup gitdik, gyz berdik, ogul öýerdik. Häzirem nebereleri bilen gatnaşyp ýörüs. Ýöne bir gezek kakam pahyr: "Sary aga öldi, Garrygalaňam gyzygy gaçdy" diýipdi. Hakykatdanam, düýnjik, hatyra güni (6-njy oktýabr) Garrygala, Şibli baba zyýarata gitdik. Sary agalara sowulyp bilmedik. Şeýdip, Sary agalara barman gaýtmaly boldy. Elbetde, olar ýaly adamyň ýerini tutjak ýok, ýöne gatnaşyp-garyndaş bolanymyza begenýän. Agtyklarynyňam bize hormaty, biziňem olara hormatymyz uly. Çyn dostluk şeýle bolýar. Dostlugyň gyşy-güýzi, pasyly-möwsümi bolmaýar… Gurbannazar näme diýýär: "Meniň şeýleräjik dostum bar / A, siz-de barmy?"
Kakamyň şeýle dosty bardy…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.