Orginallyk
Oktýabr 23, 2013 | 1 teswir | 977 okalan
Göwnüme bolmasa, köp zehinli adamlaryň derdi orginallyk ýaly bolup dur. Töweregiňize serediň, kim orginal geýinsem diýýär, kim orginal gürlesem diýýär, kim orginal ýazssam diýýr, kim "Maňa orginal adam diýsediler" diýýär. Ortarak adam bolsamam razy diýýän adam az ýaly. Eýsem, bu ýaramaz ymtylyşmyka? "Il ýaly" bolmak gowumy aý-da erbet?
Dogrumy aýtsam, 20-25 ýaşlarymda meňem ilden saýlanasym gelýärdi. Hat-da bir hepde ýaly murtumy ösdüribem gezdim. Ýazýan hekaýalarymam okaýan hekaýalaryma düýbünden meňzemeýän bir hekaýa etjek boldum. Bu zatlary geçen zamanda ýazýan welin, häzirem ýüregimiň bir ýerlerinde orginal bolmak höwesiniň ýatan bolmagyndan gorkýaryn. Ýene bir gorkýan zadym ile gowy diýdirjek bolmak. Bir tarapdanam oýlanýan - bu isleglerimiň niresi erbet? Näme süriň biri, ýagny, mal ýaly nirä kowup ýörseler şoňa gitmek ýa-da ile erbet diýdirmek gowumy? Şonda-da bu isleglerimiň bir ýerinde hapaň, kiriň ýokundusy, soň hasap soralmagy mümkin bir zat bar ýaly bolup dur. Ile "süri" diýdim. Özümi ilden ýokary tutmak isleýän. Ile gowy diýdirip, hakyky ýüzümi gizlejek bolýanmy ýa-da eden işimi il gözüne edýänmi? Bu sowallar süýde goşulan suw ýaly biri-biriniň içinden geçip gidýär. Iň esasy zadam edýän her işimi, agzymdan çykýan her sözi Alla ryzasy üçin etmegi başaramok. Ilimi, halkymy, türkmenimi Gurbannazar ýaly söýüp bilemokmykam? Toýa-ýasa-da kynlyk bilen gidýän. Kä wagt şeýle bir halaýan adamlarym öýe gelýär - aýagym ýere degmän hyzmat edýän, käte-de gelen adamlardan ýüregim gysýar, öýe sygyp bilemok. Diýmek, adam saýlaýan. Hatda ölüp gidenleri diri gezip ýörenlerden gowy görýän. Bu zatlar üçin, bu häsiýetlerim üçin ahyretde nädip jogap bererin?
Bu zatlary ýazmasam gowy bolardy. Aslynda edebiýatda orginallyk hakynda gürrüň etjekdim. Edebiýat allaowarrada galdy. Ýöne bozasymam gelenok. Şu duýgularym hakynda owal, oglankam, ýigitkäm az pikir edipdirin. Olary az synlapdyryn. Dogrudyr öýdüpdirin. Siz bir meniň ýalňyşymy gaýtalamaň diýip, aýdasymyň gelmeýän, köpüň gözünden gizleýän zatlarymyň üstüni açdym.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Näme çäre görmelidiginem aýdynda ýaşuly?