Iň aýylganç ýalňyş | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Iň aýylganç ýalňyş

Noýabr 11, 2013 | 1 teswir | 1093 okalan

Biz hemişe ýalňyşlarymyzdan kösenýäris. Gör, näçe wagtlap ökünip gezýäris. Käbir ýalňyşlarymyzy ömürboýy unutmarys, olar bize tä ölýänçäk yza berer. 
Emma ýalňyşman ýaşamak mümkimi? Bilmedim. Illeň, töwergiň, geçenleriň ýalňyşlaryndan sapak almaly diýýärler, hatda öz ýalňyşlaryňdanam öwrenmeli diýýärler. Diýilýän zat köp, emma ýalňyş ýaşaýar, bilmän, garaşman otyrkak başymyza gelýär. 
Belki, diýilýän zatlardanam peýda bardyr. Ýöne anyk bir zat aýtmak kynam welin, bir zada göz ýetirdim – ýalňyşmazlyk üçin ertir nämäň boljagyny, birgünüň näme getirjegini bilmeli. Olam diňe Hudaýa mahsus häsiýet, biz ynsanogullaryna beýle ukyp berilmändir. Pal atsaňam, jynlar bilen gatnaşyk gursaňam, ylymyň aňyrsyna çykyp, münejjimleriň ýolbaşçysy bolsaňam, erter-ä däl, edil bir salymdanam nämäň bolup geçjekdigini, Ýer hopjakmy, seni maşyn kakjakmy, ýa-da bir aýlanyp ýören mikrop başyňa musallat boljakmy, dostuň satjakmy, duşmanyň tarpa-taýyn öljekmi…. – hiçisini bilip bolanok. Diýmek, ýalňyşmazlygam mümkin däl. Onda näme etmeli? Gözüňi ýumup, gylyjyňy aýlabermelimi? "Degene gözüm menden däl" etmelimi? Seresap bolmaly, ýalňyşmajak bolmaly, "ýedi ölçäp bir kesmeli" – bulary hemmämiz bilýäs. Munuň daşynda edip boljak zat, bir çäre ýokmy?
Ýekeje çäre, alaç bar ýaly görýän, olam – eden işiňi Allaň ryzasy üçin etmek. Ýalňyşmy, ýalňyş dälmi – bu ikinji mesele, birinji mesele edýän işiňi diňe Allaň ryzasy üçin edýäňmi ýa-da başga-da şahsy bähbitjikleriň, aldanýan oýawaçlaryň bu hereketiň aňysynda barmy? Ine, birinji mesele şunda ýaly görünýär. Sebäbi käbir ýalňyşlarym bar, üstünden ýyllar geçýär welin, şol ýalňyşym bolmasady, men bu gyzyldan gymmatly dogryny tapyp bilmezdim diýýän. Onsoň ol ýalňyş diýýänim, meniň üçin dogrudan dogry bolýar durberýär. Göwnüme bolmasa, bize bizden ýakyn Alla ýalňyşyňy dogra öwürýär. Muňa-da ýyllar geçip akyl ýetirýän, soň bilip galýan. Diýmek, ýalňyşdan gorkmaly däl, şol işiň, hereketiň içine ýalňyş niýetler, ters maksatlar, salgym aldawaçlar goşmakdan gorkmaly. Şonda ýalňyşmasaň, beýleki ýalňyşlaryň ýalňyşdygy däldigem belli däl. Käbir ýalňyşlarym bar, häzir olaryň malaýyndan öpesim gelýär, goý, olar maňa ömrüm ötýänçä yza, dert berseler beribersinler, olary çekmäge taýyn. Emma Allaň ryzasyndan çykyp, başga zatlar üçin ýaşamak – iň aýylganç ýalňyş bolup görünýär. 

Teswirler (1 sany)

Abdylla Gurbanmuhammedov:
15 Noýabr, 2013

Yalñyshmazlygyñ gelejegi bilmek bilen
baglanshygy yokmyka diyyän.on son hem
Dogry aydyañyz esasy zat yalñyshlaryñdan
Netije çykarmak shol bir çukura iki gezek
Gaçmazlyk yykylmayan Ynsan yokdur esasy
Zat yykylansoñ turup bilmek

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.