"Käriz" obasynyň düýbüniň tutulşy | Gündelik | Hydyr Amangeldi

"Käriz" obasynyň düýbüniň tutulşy

Noýabr 14, 2013 | 0 teswir | 997 okalan

Ara eslije gün düşdi. Köne suratlary biraz soňa goýmaly boldy. Kinossenariý diýdiler, soň ony terjime etmeli, soň "Heserli", soň täze ýyl bilen baglanyşdyryp ýene telessenariý, garaz, öz ýaltalygymam üstüne goşsam "köne suratlara ýazgylary" näme üçin şunça wagtlap ellemändigim düşnükli bolar. Ýöne has dogrusy, bu ýazgylary çuňlaşdyrasym gelýär, olaryň yzygiderliligini ýitiresim gelýär. Suratlar albomda ýyllara görä yzygiderli durmaýar ahyryn… Garaz şu işiň hötdesinden gelmek maňa kynyrak düşýär. Bolýar, bu zatlar sizi iň az gyzykdyrýan, diňe özüme degişli dertlerim. Gowsy, gepi köpeltmän “ýazgylaryň" yzyny dowam etdirjek bolaýyn. Alla maňa kuwwat bersin, ýalňyş ýazdyrmasyn…
Törelere, şolaryň içinde biziň içerimize-de, uly täsirini ýetiren bir şahs bar. Oňa Ugurly diýýär ekenler, has dogrusy, "Ugurly ata" diýýän ekenler.
Ugurly atamyz Çaryýar atamyň doganlaryndan ýa-da dogan oglanlaryndan biri bolýýan ýaly. Hangeldi atam 10-12 ýaşlaryndaka, Gökdepe galasy ýykylýar. Şol wagt Ugurly atamyzam ol megerem 20-25 ýaşlaryndadyr, belki ondanam ýazdyr – anyk bilemok. Gala ýarylanda Hangeldi atam, Sapargeldi hem Akjagül ejem (aýal doganlary) Nedirbike enemiz (Çaryýar atamyň aýaly, Sapargeldi bilen Hangeldiň ejesi) bosgun millete goşulyp, gum içine gaçýarlar. Gökdepäň gaýrasynda, gum içinde bir ýerde öýsüz-öwzarsyz otyrkalaram, Ugurly atamyz "Nedirbike diýen aýal maşgalany, ýanlarynda Sapargeldi, Hangeldi diýen iki ogly bilen gören-eşden barmy?" diýip, jar çekdirip gelýär. Ugurly atam şeýdip bizi gum içinden ýygnaýar-da, megerem Köşä alyp gelýär. Sebäbi Gökdepe urşunyň öň ýanlary biziň Köşüde mülkümiz bar eken. Men ol mülk barada Tutluk han barada ýazamda aýdyp geçipdim. Megerem, Gökdepe urşundan soň, bolşewik gelmeziniňem öň ýanlary Ugurly Bekrewe bilen Köşüň arasyndaky baýryň içi bilen käriz gazdyrmaga başlaýar. Käriz jemi 40 (kyrk) sany biribiri bilen aşakdan baglanyşdyrylan guýudan ybarat bolupdyr. Ugurly ony kümüş gran töläp (orsuň puly-ha däl) Eýrandan gelýän talaban, kärizgen kürtlere gazdyrypdyr. Käriz gazylyp ýörkä, Ugurlynyň puly gutarýar. Kärizgenler bilen hasaplaşyp bilmeýär. Şol ýyllarda-da Hangeldi atamyň öýüne Gazanjyk, Gyzyletrek tarapyndan sürüläp goýun satmaga gelýän baý adamlar myhman bolar eken. Ugurly atamyz şol baýlaryň birinden karz pul sorapdyr, "Täze ýyl ýene mal alyp geleňizde üzlüşerin" diýipdir. Emma, baý bermändir. Ugurly atam näçe ýagdaýy düşündirse-de, göwnemändir. Ertesi gün daň atmazynyň öň ýany, adamlar ertir namazyna örmänkäler, Ugurly atamyz biziň öýmüziň deňinden geçip barýan eken. Görse, pul bermedik baý daşarda arkan düşüp süýji ukuda ýatyr. Onuň egnindäki donunyň jübüsindenem gran pullar dona agram salyp, bildirip dur diýýär. Ugurly atamyz bu görnüşiň deňinden geçip bilmeýär. Ol baryp, myhmanyň jübsüni pyçagy bilen kesýär-de, pullary alyp gidýär. Daň atýar adamlar örýär. Myhmanam jübsüniň kesilenini, pullarynyň gidenini gelip atam Hangeldä aýdýar. Ogry belli. Muny Ugurlydan başga etjek ýok. Atam myhmanyň öňüne düşüp Ugurly atamyzyň üstüne gelýär. Ugurly eden işini boýun almaýar. Ahyry myhman "Puluň ýarsyny bereýin, ene süýdünden halal bolsun, ýarsyny bir ber" diýýär. Şeý diýenden Ugurly myhmanyň kesilen jübüsini, içindäki teňňeleri bilen, öňüne oklaýar. “Sana-da, al ýarsyny" diýýär. Lebiz eden myhmanam oturyp, granlary doly sanap çykýar-da, puluň ýarsyny alýar. Ugurlam galan ýarsyny alyp, kärizgenleri bilen hasaplaşýar. Şeýdip owalky "Käriz" häzirki "Ýalkym" obasynyň (Aşgabadyň merkezinden "Ors bazary" diýilýän ýerden günbatarlygyna gitseň, 13-15 km. töweregi uzaklykda) düýbi tutuljak ýere suw getirilýär. Ugurly atamyz ähli garyndaşlary bilen suwuň başyna göçüp gelýär. Elbetde, diňe töreler däl, başga-da Köşüden göçüp gaýdanlar bolandyr. Netijede, kiçiräjik oba döreýär.
Soň, bolşewik gelip, Ugurly atamyz üzümli haýatlaryny talabana, garyp-gasara, özi öňlerine düşüp, paýlap berýär-de sürgün edilmekden halas bolýar. Ähli mülki elinden giden Ugurly atamyz Hangeldi atama: "Käriziň suwuna haram goşanymdan boldumyka bu işler?“ diýipdir. Bir gezegem ol: "Hangeldi, bolşewigiň geleni gowy boldy, ýogsa,  Köşi bilen Käriz obasynyň arasyndaky meýdana tutuşlygyna eýe bolup, üzümden doldursam diýýärdim" diýipdir. Orsuň geleniniň yz ýany üzüm pul ýasaýar eken. Ony ermeniler gelip, sebetläp satyn alar ekenler. Pulunam nagt hasaplaşypdyrlar. Ermeniler ol üzümlerden çakyr edip satypdyrlar. Bu wakalaryň anyk ýylyny bilmeýänime gynanýan, belki ýaşulular okar, anyklap bolar. 
 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.