Ömrüň manysy
Dekabr 20, 2013 | 0 teswir | 1107 okalan
Ýene
bir çaga dünýä inýär. Ol ene-atasynyň ýüregine şatlyk, obasyna begenç getirer. Her
kim bäbejigi ýüzüne sylyp: «Оl, dünýä ýük bolmaz, dünýäň derdini gerdenine
göterer» diýip umyt eder. Umyt bolsa ynsanyň kalbynyň nury dälmi näme? Biziň ömrümizi dünýä inen çaga bolan umudymyz
ýagtyldýan bolsa, täze dogýan Gün mysaly
bu ümmülmez äleme-de ýagtylyk getirýän şol umytdyr. Çaga dünýä indi, älemde ýene bir ýyldyz peýda
boldy. Biziň umydymyz artdy, älemiň nury köpeldi. Her bir ynsanyň bu dünýä gelmeginiň manysy şol umydy ödemek
dälmi eýsem?!
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.