09.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

09.02.12.

Fewral 09, 2012 | 0 teswir | 876 okalan

Adam pahyr akymyň ugruna ýüzüp ýaşaýar. Tersine ýüzmeg-ä däl, sähel akyşlarymyň bady gowşasa-da darygyp başlaýan. Emma, ägirtler akymy öz islän taraplaryna akdyrypdyrlar. Şu gün ýatýaň ertir plan, plan zatlary ederin diýen bolýaň. Şu aý muny, ýylyň ahyrynda şulary ederin diýmek edähedimizem bar. Iň soňunda-da günler, aýlar, ýyllar seniň diýeniňi däl, seň olaryň diýenini edip ýaşanyňy bilip galýaň. Derwüşleriň çilehanalardan çykman çile çekmekleriniň esasy sebäpleriniň birem şu ýagdaýy üýtgetmek, günleri öz isleglerine, ýagny wyždanlarynyň isleglerine görä ýaşamak, nebisleriniň, boş höwesleriniň pidasy etmezlik bolsa gerek. Kakamyň bir häsiýeti bardy “Boldum, iýjek däl” diýip, tabagy öňünden itip goýbererdi. Soň “Byjagazam iýäý, galmasyn...” diýseňem ömür etmezdi. Bir gezegem kakamyň nas kädisini gözläpdik. Men ýaňy öýlenen ýyllarym. Gelinler, gyzlar, oglanlar, agtyklar... garaz barymyz kakamyň oturan-turan ýerlerine aýlanyp gözleýärdik. Nas kädini welin ýer iýen ýalydy. Birdenem kakamyň özi ony tapdy. Ýassyklarynyň biriniň (köp ýassyk ýassanardy) arasyna düşüpdir. Kakam “Tapdym-la eýesizi. Siziň baryňyza-da iş boldum” diýdi-de, näs kädini açyk penjireden daşaryk zyňyp goýberdi. Şondan soň kakam gaýdyp nas atmady. Indi pikir edip otyryn. Şu wakajygy köp ýerde gürrüň berdim. “Kakam ýaly ýaramaz endigiňi penjireden daşaryk zyňyp bolýan bolaýsady” diýdim. Bilmedim, çilim, nas weş.m.-lerden azatdygym üçin kakama sag bol aýtmalydyryn. Kaka diýilýän ýalňyşlary bilenem ogullaryna nesihat berýän, bir zatlar öwredýän eken.
Indi ýarym aý töweregi her gün bir zatlar ýazan bolýan. Ýaz ýaňy çykyp ugranda, otlar ýerden çala dümterip görünýär. Şonda goýun janawer gök zada aldanyp, şojagaz otlary çirtip başlaýar. Çopanlar muňa “Goýunlar gyltyma kowalaşýar” diýýär. Goýun janawer gury özüni aldaýar. Menem häzir özümi şol gyltyma kowalaşýana meňzedýän. Bar, özüm hiç, sizem gyltyma kowalaşdyrýan ýaly bolup durun. Aý, il akmak däldir, uzak kowalaşmaz aňyna, ruhuna peýdaly bir zatlar almasa, uzak okamaz diýibem özümi köşeşdirýän. Garaz, gün-dä, her gün birhili gelýär, dogrusy sen ony her gün birhili garşylaýaň. Düýn bir zat okadym. “Alla ýakynlaşan, ýokary derejlere göterilen adam ýykylsa, beýlekiler ýaly ýere düşmez, has çuň çukura ýykylar” diýýär. Soňundanam “Beýle bolsa gaty ýakylaşjak bolmaýyn, ortarak derejede gezibereýin” diýip pikir etmäň, bu siziň eliňizde däldir diýýär. Wyždany bilen Allany tanap, söýüp, düşünip bilen adamyň ýakynlaşyp-ýakynlaşmazlygy öz erkinde däldir” diýýär. Haýran galdym. Bu hakykatdanam şeýle, emma ýokardan ýykylmak, Alla gorasyn, daş etsin...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.