Sütün | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Sütün

Ýanwar 12, 2014 | 0 teswir | 959 okalan

Ýene bir ýyl geçdi ýa-da ýene bir ýyl geldi diýseňem bolýar. Inşalla, täze ýyl Pygamber ýaşyna ýetýäris (Ylýas bilen). Men özümiň Pygamber ýaşyna ýetjekdigimi ýa-da ýakynlajakdygymy akylyma sygdyryp bilmeýärdim. Adam segsenem ýaşap biler, emma Pygamber ýaşynyň begenjini ýaşamak oňa nesip etmän biler. Dünýede gör, nije kişi namazyň nämedigini bilmän ölüp gidýär. Aslynda, men munuň gürrüňini etmek islemändim. "Altmyş ikinji ýaşa ýetip barýaň, nämä düşündiň?" diýip öz-özümden soraýan, jogap tapyp bilemok. Ýa-da şeýle bir jogaplarym bar, bir-birden sanap çykmaga ýagdaýymam, ukybymam ýok. Kerpiç ören ýaly günleri, aýlary, ýyllary ördüm, megerem bir kümemi, jaýa meňzeş bir zatmy dikeldendirin diýýän. Jaý galdyrmak üçin fundament, binýat bolmaly, ýagyşdan, gardan goraýan depesinde üçek bolmaly. Iň esasy zadam olaryň ählsini saklaýan sütünler bolmaly. Diňe diwar öreniň, kerpiçleri üst-üstüne goýanyň bilen jaý bolmaýar. Fundament hökmünde türkmen milletimiň däp-dessurlary, enem-atamdan alan edebim, terbiýäm bar diýsem, sütünlerim hany? Özümede sütün dikerlik ukyp ýok – men ömrümiň ussasy bolup bilmedim. Gegel diýdi, Freýd, Nişse, Sokrat, Pifagor diýdi birgiden pelsepeçileri öwrenip bilmesemem, taglymatlary bilen tanyşdym. Megerem, özüm bilmän olary ömrüme sütün edinmek isländirin. Magtymgulyny okadym, häzirem wagtal-wagtal elime alýan, emma Magtymguly nirede oňa düşünip bilmek nirede? Magtymgulyny ilki türkmen bolany üçin, soň akyldar, klassyk diýenleri üçin, soňam haýran galyp okadym. Düşünip, sütün edineýin diýip okadym diýmäge dilim baranok. Soň Alla nesip etdirdi – Kur'ana gözüm düşdi, Pygamberimiziň ömrüni terjime etdim, azda-kände öwrendim. Hadyslary okadym, diňledim. Kümejgimi salyp gutarmaly wagtym golaýlanda olaryň sütündigine akylym ýetdi. Hemişe-de namaza durýan ýaş ýigitlere, din öwrenýän ogullara gözüm düşende emenip seredýän. Ýyllary yzyna gaýtaryp getirip bolanok, günler kerpijinden başly-barat ören diwaryňy ýykyp, şol sütünlere görä gaýtadan örüp bolanok. Jemläp aýtsam, garrylar hataryna goşulanymdan soň, akyl ýetiren zadymy bir sözleme jemläp bilsem, sütünsiz diwar galdyryp bolmaýan eken. Özbaşdak, durmuş tejribäňi, ýalňyşlaryňy, üstünlikleriňi sütün edinip diwar örseň öý däl küme salyp bilseňem zor boldugyň eken.  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.