Şelebiýa ýa-da biziň tas bagşy boluşymyz
Ýanwar 12, 2014 | 0 teswir | 1067 okalan
Daşhowuz köçesi bilen baglanşykly ýene bir waka ýadyma düşýär. Elbetde, munuňam aňyrsynda biziň, Amangeldi aganyň çagalarynyň ýaşaýşy azda-kände görünýär. Biz entek mekdebe gidip başlamandyk, şonuň üçin Saparguly kakamlara, Daşhowuz köçesiniň 11-nji jaýyndaky howla seýrek gelerdik. Bir gezegem biz (Ylýas ikimizi) şol howla "garawul goýup gitdiler. Megerem, 1-2 sagatlyk bolaýmasa. Sebäbi o wagt biziň özümize garawul gerekdi. Garaz, iki bolup galdyk, giden howluda. Hiç kim edýäniň näme diýjek däl. Elbetde Ylýas ikimiz şolbada baryp radionyň ýokarsyndaky plastinka (kartam diýýärdiler) aýtdyrylýan ýerini açdyk. Umuman, biziň içerimizde üýtgeşik naharlar iýilmese-de, üýtgeşik geýinilmese-de, telewizor, magnitofon diýen ýaly döwrüň tehnologiýasyna degişli zatlar satlyga çykan badyna alynardy. Oňa biziň öýmüzde pul gysganmaýardylar. Bu zatlaryň satyn alynmagynyň esasy sebäpkärlerem doganlarymyz – Saparguly, Baýramguly, Soltanmyrat dagydy. Elbetde, bize kiçijik bolanymyz üçin o zatlary ellemek gadagandy. Emma, öýde ýeke özüň galsaň, gadaganlyk gutarýar. Şeýdip biz plastinka aýtdyrmaga durdyk. Biz onuň nähili aýtdyrylýandygyny bäş barmagymyz ýaly bilýärdik. Goýan plastinkamyzam, şol döwrüň meşhur estrada aýdymçysy, häzirbegjan, Zeýneb Hanlarowanyň plastinkasydy. Bu sesi ýakymly aýal araplaryň "Şelebiýa" diýen aýdymyny aýdýardy. Biz bu aýdymyň aşygydyk. Bilmedim näçe gezek gaýtaladyp diňlänimizi, emma şol ýeke galmak möhletimiz gutarýança biz bu aýdymy, gapdalynda bile aýdyp-aýdyp öwrenip gitdik. Ýok, bizde aýdym öwrenmek, aýdym aýtmak diýen ýaly niýet ýokdy. 5-6 ýaşlaryndaky çaga niýeti näbilýär, bagşyçylygy näbilýär. Emma biz birden meşhur bolduk durberdik. Her kim bize "Şelebiýa" aýtdyrýardy. Hasam kakam, ýanynda ikimizem dik durardykda başlardyk aýdyma. Soň bilmedim nädip öwrendik "Ogonýok" diýip bir ors aýdymyny, geologlaryň aýdymy eken soň görüp otursam, öwrendik. Biz edil "Şelebiýany" aýdyşymyz ýaly sözlerine düşünmän, dilimiziň öwrülişine görä aýdýardyk. Soň "Ýeriň emeli hemrasy" diýip bir aýdymy öwrendik. Bu aýdym türkmençedi. Aýdymyň içinde "duşmanlarymyz hyrçyn dişläp, otyr oýlana-oýlana" diýen sözler bardy. Şu sözler ähli maşgalamyzy, hasam kakamy begendirýärdi. Aýdymda "duşmanlarymyz" diýip Amerika, kapitalistik ýurtlar göz öňüne tutlýan bolmaly. Emma şol ýyllar obada bulagaýlyk, pitne döredip, obany iki bölüp kakamy başlyklykdan aýyrjak bolup, soňam başarmadyklar bardy. Kakam dagy "duşmanlarymyz" sözünde şolary göz öňünde tutýardylar. Öýe myhman geldigi ýa-da kakamyň keýpi kök bolsa, derrew "Şelebiýadan başlap, şol üç aýdymy aýtdyrýardylar. Bu bize-de ýakman durmaýardy. Bir almany iki bölen ýaly meňzeş, ekizje oglanjyklaryň aýdymyny her kim geň galyp diňleýärdi. Bize şol üç aýdymdan başga aýdym öwretjek bolýanam, ýanymyzda saz çalýanam ýokdy. Ýogsa şol ýyllarda sazçylyk mekdebine ýa-da halypalaryň biriniň ýanyna gatnadan bolsalar, bagşy bolmasagam, sazanda bolardyk. Soň mekdebe gitdik. Mekdepde-de şol üç aýdym. Täze ýyl baýramçylygy diýen ýaly bir baýramçylyk bolsa, bize "Şelebiýany" aýtdyrýardylar. Yzdakylar görenok diýip, oturgyja mündürýärdiler. Indi mekdebimiziň aýdym mugallymy akkordionda bize sazandarlyk edýärdi. Biziň boýumyz kiçijikdi. Soň Alla tarapyn birki ýyldan sesimiz gyryldy durberdi. Şeýdip aýdym aýtmagam goýduk. Soň 13-14 ýaşlarymda Pionerler köşgüne, Bäşim Lallak diýilýän ýaşulyň alyp barýan dutarçylar krujogyna 5-6 aý gatnadym, ýene tas sazanda bolupdym, ýöne bu hakynda soň.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.