Ýamanlyk, şer...
Ýanwar 12, 2014 | 0 teswir | 1023 okalan
Adam adama ýamanlyk edýär, duşman bolýar. Beýle ýagdaýa her birimiz dürli derejelerde bolsa-da, durmuşymyzda duş gelendiris. Ilki-ilkiler "Näme üçin maňa duşman bolsunlar? Meniň hiç kime ýamanlygym ýok, ýamanlygam edemok. Meniň duşmanym ýok, maňa kast edip ýamanlyk etjek bolýanam ýok" diýip düşünýärdim. Häzirem munuň uly derejede, mysal üçin, "Şulam öläýse. Şuny öldürsem" diýen ýaly, maňa garşy has öte duşmançylykdaky adam ýokdur. Ýöne "Tigrime taýak sokulan" ýerleri boldy. Nalajak bolamok, ýöne "Näme üçin?" diýen sowal beýnimi iýýär. Käte ýamanlyk edýänleriň adamçylyklarynyň pesligini sebäpkär etsem, käte özümi günäkärleýän. Hatda öz-özüme "Sen bir jik-jiki. Saňa geregi şol" diýip, etimi iýen gezeklerimem boldy. Käte "Ol namaz okaýar ahyryn, näme üçin beýle edýärkä?" diýip, ýüzümi tutup, ýeke özümiň aglan gezegimem boldy. Emma bu meselä başgaça seretmändirin. Mysal üçin garaňky gije ýagtylygyň iň pes, nolunjy derejesi. Diňe şonuň bilenem eýýäm ol haýyrlydyr. Asla, ýamanlyk, şer diýlen zat ýok. Ýamanlygam, şerem haýyr, ýöne haýryň iň pes derejesindäki ýagdaýy. Eger şer bolmadyk bolsa, haýyr bilinmezdi. Ýamanlyk bolmasa, ýagşylyk nädip tanalsyn? "Bu aýralyk bolmasa, güýzüň görki näm bolsun?!" diýýär şahyr. "Bu görk aýralygy bilen, ýamanlygy, şeri, aglatmagy bilen bize gymmat düşýär" diýmek dogry däl eken. Sebäbi şer, ýamanlyk diýlen zat asla ýok. Emma, bu diýildigi sen ýamanlyk et, şer gözle sogap gazanarsyň diýildigi däl. Sen ýamanlyk etseň, niýetiň ýamanlygy bilen jogap berersiň. Seň ýamanlygyň özüňde galar, özüňe geler. Onuň günä derejesi, hasap soralmak meselesi niýetiňe, islegiňe görä hasaba alynar. Mysal üçin, Çingiz han dünýä gan çaýkan adam. Emma, şol adamyň gelmegi zerur. Ýöne zerurlyk bolany üçin geleni, gyrgynçylyk edenini aklamaýar. Ol gahar-gazapda, zulumda hetden aşdy, ondan belki, lezzet alandyr. Soňam onuň gazaby, zulmy özüne dolanyp gelýär, ondan ahyretde hasap soralýar. Hakykatda bolsa şer ýok, ýamanlygam ýok. Diňe haýyr bar, ýagşylyk bar. Hatda ölümem ynsan üçin ýagşylyk dälmi näme?!
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.