Kur'an okaýşym | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Kur'an okaýşym

Ýanwar 12, 2014 | 0 teswir | 9380 okalan

Kur'any ilkinji gezek megerem, studentkäm Ylymlar Akademiýasynyň kitaphanasynda, Kraçkowskiniň terjimesinde gördüm. Onda-da elime alyp däl, aýnaň aşagynda durdy. Şonda oňa adaty kitap diýilýän zada bakyşymdan başgaça göz bilen seredenim ýadyma düşýär. O wagtlar akylym dinden daşda, hatda yslam dini hakynda düşünjämiňem ýok diýerlik derejedäki wagty. Şonda-da ol maňa Tolstoýyň, Dostoýewskiniň kitaplary ýaly, adaty kitap görnüşinde görünmändi. Ol belki, meniň üçin bir syrdy ýa-da gaty açylmajak, gulpy ýok sandyk ýalydy. Bu duýgy derrewem ýadymdan çykdy. Soň SSSR ýykylmagynyň öň ýanlary Bakuwdan rusça Kur'an getirip satdylar. 50 manat bahasy diýdiler. Oglanlaryň biriniň üsti bilen birinden baryp satyn aldym. 50 rubl o wagtlar az pul däldi, megerem aýlygymyň üçden birine ýakyn bardy. Şeýle begenenim ýadyma düşýär. Ýene-de Kraçkowskiniň terjimesi, ýöne bu gezek aýnaň aşagynda däldigindenmi, adaty kitap ölçeginde bolandanmy, sözleri rusça, ýagny maňa düşnükli bolandanmy ýa-da pula satyn alyp bolýanlygyndanmy Kur'an maňa öňki üýtgeşik keşbinde görünmändi. Elimden düşürmän okadym, düşünen zadym bolmady. Maňa düýbünden täsir etmedi. Emma şonda-da ony ýanymdan aýrasym gelmeýärdi. Soň Krişnaçylar bilen Moskwa gitdim, şol Kur'anymam ýanyma aldym. Şol ýerde bir gurzin krişnaçy, meniň Kur'anymy eline aldy, agdaryşdy-da ýerinde goýdy welin, menem "Ol kitap "Net Boga krome Boga" (Lä ilähä illallah - Alladan başga ylah ýokdur) diýýär. Şol dogrumy?" diýdim. Gurzin bir salym dymyp durdy-da, "Dogry" diýdi. Krişna dini bolsa, bir topar ýarym hudaýlar, hudaýyň aýallary diýen ýaly zatlardan doly. Şonda "Bu näme üçin beýle?" diýmedim. Ýöne rusça Kur'anym şol ýerde meni krişnaçylykdan daşlaşdyrdy. Belki, şol Kur'anymdan bar öwrenen, peýdalanan zadymam şol bolsa gerek. Soň Alla elimden çekdi, namaza başladym, krişnaçylygam öz-özi galdy. Ýogsa ikisinem bir wagtda ýöreden wagtymam boldy, näçe aýlap, irden namazymy okap, soň "Hare Krişna" diýip gezenim ýadyma düşenok. Emma "Muny tapdym, indi sen gerek däl" diýmedim. Soň gaty kän wagtlap Kur'an okamagy öwrenmegiň höwesinde ýaşadym. Ýöne muňa gaty kän bahanalar böwet boldy. Ilki bilen "Sözler, harplar arapça, öňi-soňy düşünjek zadym ýok" diýdim. Ýogsa men dutar sazlaryny gowy görüp, hatda ondanam ýokarrakdaky duýgular bilen diňleýän, emma dutaryň diline düşünemok, onuň owazlaryndan anyk many-mazmun alamok. Dutaryň sazynyň özboluşly täsiri bar. "Näme üçin Kur'an saňa saz ýaly täsir etmesin? Onuň diline düşünmegiň hökmanmy?" diýip öz-özümden soramandyryn. Emma, onda özüne çekýän güýç bardy. Ýyllar geçdi – harplaryny öwrendim, bolşuna görä okan bolýan. Iki gezek türkçe mealyny okadym. Şonda-da Kur'ana düşündim diýip bilemok. Ýekeje düşünen zadym Kur'an (hakykatdanam şol student ýyllarymdaky duýgym dogry eken) - ol ýöne bir kitap däl eken. Magtymguly, Rumy, Dostoýewskiý, Tolstoý, Şekspir... – bular hernäçe akylyňy haýran etse-de adamyň elinden çykandygy bildirýär. Kur'any düşünmeseňem eliňden düşüresiň gelenok. Emma, iňlisçe ýazylan Şekspiri men näme edeýin? "Gamleti" men diňe rusça terjime edileninden soň haýran galyp okaýan. Kur'any welin, kiçijikkäm "Şelebiýany" aýdýarkam, ondaky arap sölerine düşünmesemem aýdyşym ýaly, hiç zat düşünmesemem okaýan. Mysal üçin, çagalar bagyna gidýän çagalarymyzyň rusça hiç zat bilmeselerem orç dilinde goşgy okaýyşlary ýaly. Emma bu gün bir akyldaryň "Kur'andaky her söz şol bir manyny düşündirmek üçin inçejik ýaplardan gelip, bir howuza guýulyşy ýaly şol bir mana guýulýar" diýen manyda sölerini okap haýran galdym. Zamahşariniň "Eý, araplar! Geliň, men size arap dilini öwredeýin" diýendigini eşidenimde, dogrusy, kän maňzyma batmandy. "Käşgä, onuň ýerine "Eý, türkmenler! Geliň men size türkmen dilini öwredeýin" diýen bolsa, has bähbitli bolardy" diýip içimden pikir edipdim. Bu gün oturýan "Arap dili diýilende Kur'an dili göz öňünde tutulýar. Zamahşary "Geliň, men size Kur'any öwredeýin, düşündireýin" diýen manyda aýdan bolmaly" diýip düşünýän. 
Kur'an – üýtgeşik, adamogluna ýazdyrmajak Kitap. Ol maňa "Gör, ine men saňa nätanyş, aklyňa-da getirip bilmejek başga dünýäden bir alamat, nyşan" diýýär. Ynsan başy ölümli, ölenimizden soň Kur'anyň düşünip aňyrsyna çykyp bolmaýan älemine gideris. Üýtgeşik äleme...

Bu (Kuran) özüniň (hakykatdygyna) şek-şübhe bolmadyk we takwalar
(Alladan gorkýanlar) üçin dogry ýoly (görkezýän) kitapdyr. (Bakara süresiniň ikinji aýaty).
Kurany Kerim durky bilen mugjyza-keramatdyr, ýagny oňa meňzeş haýsydyr bir kitaby ynsanlar ýazyp hem-de döredip bilmezler. Kurany Kerim inende, Muhammet aleýhissalamyň ene dili bolan arap dilinde inderilipdir. Kurany Kerimi ynsanlara öwretmegiň ýoly ony başga dillere terjime etmekdir. Her bir halk üçin Kuranyň şol halkyň öz diline edilen terjimesi peýdaly bolar.
Bu terjimäniň taýýarlanmagynyň esasy maksady musulmançylygyň mukaddes kitaby bolan Kurany Kerimiň halkymyz üçin düşnükli bolmagyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle- de, bu terjime ýurdumyzyň metjitleriniň ymamlaryna edýän wagyz-nesihat işlerinde uly hyzmaty ýerine ýetirer. Kurany Kerimiň türkmen diline terjimesi bolan bu kitap Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat medeni, ruhy we ahlaky ýörelgelerini rowaçlandyrmak başlangyçlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan taýýarlanyldy.
(Türkmen dilinde ýakynda taýýar edilen Kur'anyň sözbaşynyň soňy.)

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.