Adam satmak, ýaranjaňlyk | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Adam satmak, ýaranjaňlyk

Ýanwar 12, 2014 | 0 teswir | 959 okalan

Mysal üçin, men bir haýyr iş bilen meşgul. Meniň başlygymam bu haýra päsgel berýär. Mende başlygymyň ýokarsynda oturan has wezipeli adam bilenem aram-aram duşuşýan wagtym bolýar. Şonda men arkaýyn başlygymyň ýagdaýyny has uly başlyga aýdyp biljek, ýagny owadanlaman aýtsak, satyp biljek. Netijede, meniň haýyrly işim has giň ýol aljak. Bu dogrumy? Ýok, şahsy bähbidim üçin däl, diňe haýyrly işimiň hatyrasyna şeýle etsem bolýarmy? 
Ýaranjaňlygam edil şonuň ýaly. Sähel has uly başlygyň halajak hereketlerini gowja başaryp, sepini bildirmän edip bilsem, başlygymyň ýerine geçmegim mümkin. Munda-da edýän haýyrly işimi has aňsat, has giň gerimli edip biljek. Şeýle etmek dogrumy? 
Adama oýnamaga çig süýt emen diýilmeýär. Ol maksadyna ýetmek üçin "çiglik" edip bilýär. Soň ol eden işini öz ýanyndan aklabam bilýär.
Eýsem hakykatdanam hak işe, haýyrly işe egri ýollar bilen aýlanyp, öwrülip ýetip bolmaýarmy, ýetilmeýärmi? 
Mysal üçin, bir adama bir zady düşündirjek bolsaň, ilki onuň öz aýdýalaryna dogry diýmeli, soň öz pikiriňi aýtmaly bolýar. Şeýle etmeseň, seniňki ýalňyş, dogrusy şeýle diýseň, köp kişi muny kabul etmeýär. Şonuň üçin, şeýle eden ýerlerim köp boldy. Mundan ýaranjaňlygyň ysy gelýär. Haýra egri ýol bilen ýetjek bolmagyň ysy gelýär. Diýmek, bu ýalňyşmy?
Bu ýerde mesele birazajyk garyşýar. Biriniň pikirini ilki makullap, soň onuň tersini, ýagny dogryny aýtmak, birinji makullamagyň üstüne atanak çekýär. Şonuň üçin, ilki makullanyňy hasaba alman bolýarmyka diýýän. Emma, adam satyp, ýa-da ýaranjaňlyk etseň, olaryň yzyna gaýtaryp alyp bolmaýar, ýagny ol edeniňi öz ýanyňdan aklasaňam, atanak çekdigiň bolmaýar. Belki, seniň haýryň ýol alar, ýa-da özüň başlyk bolup has haýyrly işleri köp edersiň, emma, başdaky eden hapalygyň, gara tegmil bolup galmazmy? "Galmaz" diýýän bolsaň, gaty ýalňyşýaň. Aljyrasam, (beýle etmek dogry dälem bolmagy mümkin welin) "Pygamberimiz näderdikä? Nätdikä?" diýmäge çalyşýan. Pygamberimiziň ýokardaky "usullary" ulanan ýeri ýok. Ol bir söweşde köp ot ýakdyryp, duşmana hile salyp, adam sanyny köp görkezipdir, emma adam satmandyr, ýaranjaňlygam etmändir. Şol bir wagtda-da Pygamberimiz mesge ýaly, mahmal ýaly (bu deňeşdirmelerim gaty ejiz gelýär) ýumşak, mylaýym, mylakatly bolupdyr. 
 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.