Dilim ejiz – agam ýokarda | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Dilim ejiz – agam ýokarda

Fewral 06, 2014 | 0 teswir | 933 okalan

"Köne suratlara ýazgylarymy" Malaýziýaň merkezi, Kualalumpurdan ýazýan. Bu şähere gelip, ilki ýazymy agam Saparguy kakamdan başlasym gelýär. 03.02.2014.
Saparguly kakam, özaramyzda diýişimiz ýaly Apby kakam, ýatlamalarymam, edil köne suratlarymyz ýaly ýene seni aýlap-dolap alyp gelýär. Agalarymyň biz ekizler üçin edenlerini ýatlaýan welin, sen ep-epesli öňde bolaýýaň. Baýramguly kakam bizi Gurbannazar şahyr bilen tanyşdyrdy, oňa çaý demläp bermek bagtyna ýetirdi. Soltanmyrat kakam elimden tutup Pionerler köşgüne, dutar krujogyna äkitdi. Men o wagtlar 14-15 ýaşlarymda bolsamam şähere çykmamsoň hiç zat bilemokdym. Saparguly kakam biziň instituda okuwa girmegimizde dik durupdy. Emma, Saparguly kakam ömri ötýänçä ähli Amangeldiň nesline maşynly hyzmatkärlik edipdi. Sen utanman ýumuş buýrup bilseň, ondan ýok sözni ýa-da başga bir bahanany eşitmersiň. Çakyzasy bardy, kellesi köp agyrardy, şonda-da "emedekläp diýen ýaly maşynyna mündi, Jahany şähere okuwyna äkitdi" diýip gürrüň berýär biziňkiler. Amangeldi agalar beýlede dursun, tutuş oba-da maşynyna bir zat bolsa, Saparguly kakamyň ýanyna gelerdi. "Maşyna, traktora, umuman tehnika gaty ökdedi. Oturan ýerinden, sesinden ulagyň kemini aýdardy" diýip, Rahym Sary köp gezek ýatlapdy. Rahym Sary diýýänim obada atbakar, şofer bolup işlän, ýönekeý adam. Biziň bilen garyndaş, tiredeşem däl ýa-da kolhozda agranom zaw ferma bolan adamam däl, ýöne gowy, adamkärçilikli adam. Näçe gezek Saparguly kakamyň ýanyna ýumuş bilen gelen bolsa, ýekejesine-de agamyň ýok diýmändigini arkaýyn aýdyp biljek. Türklerde bir ajaýyp söz bar – pidakär. Saparguly kakam şeýle pidagär adamdy. 
Bilmedim, beýle pikir edenem bolmasa bolmaz, ýöne kimdir biriniň "Agasny öwüp otyr-laý" diýmegi mümkin ýaly. Aslynda men bulary agtyklarym, çowluklarym üçin ýazýan, goý, olar bilsin atalarynyň uly doganynyň, "Uluja BAýramguly" şehit bolandan soň, iň uly doganym, soň kakam dünýeden gidensoň, kakamyň ýerini tutan Saparguly kakamyň kimbolandygyny bilsinler, onuň neslinden gelýänleriňem aňyrsynyň kimdigini, diňe şonuň üçinem olary gowy görmelidigini bilsinler diýýän. Ýogsa Saparguly kakam üçin indi öw-öwme parhy ýok. Ýöne agamyň bärden gaýdan ýerinem ýazjak bolaýyn. Bu maňa kyn düşýär, ýöne gepim ýalana meňzemesin. Saparguly kakam 7 ýyl kolhoz başlygy boldy. Belki, agam kakamça başlyk bolup bilen däldir. Ýöne kakam dili bilen kolhozy aýlan bolsa, agam zähmeti bilen kolhozy ýöredipdi. Umuman, Saparguly kakamda dünýewi nebisjeňlik beýlekilerimize görä köpräk bolmagy mümkin. Ýöne agam ol nebisjeňligini kolhoza gönükdiren, kolhozy ösdürmekde ulanan adam. Kolhoz üçin gar ýaga-da bulanandyr, 68-nji ýylyň gyşynda gar ýassanym öýken kesellem bolandyr. Daňdan gidip, çagalary ýatanda zordan öýüne gelen ýyllaram kän bolandyr. Emma, agam kakam ýaly arajygam bolsa içip, uly başlyklary daşyna üýşirip bilmezdi. Ol arassalygy bilen muny başarjagam däldi. Saparguly kakamyň raýkomy we ş.m.-leri arak bermeseň, para-peşgeş etmeseň... halajak gümany barmy. Ýöne kolhoz gurply, hasyl bol, halk razy bolansoň mejbury başlyk edip saklaýardylar. Haramzadanyň nökerem haramzada bolýar. Onsoň Saparguly kakam, kakam ýaly 20 ýyllap başlyk bolup biljek däldi, bolmalam däldi. Munuň üçin agamy günäkärläp bilemok. Saparguly kakamyň başlyklygy Brejnewiň, Gapurowyň döwrüne deň geldi. Olaram "Çaýka" maşyndan düşmän ýurdy dolandyjak, bolmasa, ýurt başyna ýumrulaýsyn diýýän adamlardy. 
Gürrüňim uzady. Ýöne şonda-da Apby kakam barada aýdasym gelýän zatlarymyň ýarsynam aýdyp bilemok. Dilim ejiz, agam ýokarda...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.