Şeýdip täze durmuş başlandy…
Fewral 13, 2014 | 0 teswir | 952 okalan
Agtyklarym, menden soň dünýä injek çowluklarym, häzir Kuala Lumpur şäherinden 2014-nji ýylyň 13-nji feýralyndan size ýüzlenýän. Siziň näçinji ýyllarda, nirelerde gezip ýöreniňizi, hatda ýagylarymy eliňize aljagyňyzam bilemok. Emma, okanyňyzy islärdim. Özüm, özümiň ýatlanmagym üçin däl. Bu zatlar ýyllar geçip manysyny ýitirer. Menem ýitip giderin, emma dünýe dursa, Amangeldi aganyň nesli dowam eder. Ony tanamagam siziň üçin örän möhümdir. Meniň munuň möhüligini özümde duýýanym üçin size-de degişli edip aýdýaryn. Siz kim bolsaňyzam, ata-babalaryňyz hakyndaky maglumat möhümligini ýitirmez.
Meniň ýalan ýazasym gelenok. Şonuň üçin ýazýan zatlarymyň köpüsini, hatda hekaýalarymam özüm bilen baglanyşdyrýan.
Indi megerem, Baýramguly kakam hakynda ýazmaly.
Baýramguly kakam, Saparguly kakamdan soň ikinji erkek doganym. Ilkije Baýramgulyň at dakylany. 1941-nji ýylda doglan, häzir 73 ýaşynda, tüweleme, Allaha şükür aramyzda ýaşap ýör.
Pygamberimiz birini ýüzüne öwseňiz boýnuny oňurdygyňyzdyr diýen manyda hadys aýdypdyr. Menem Baýramguly kakamy öwmän, başardygymdan özüm bilen baglanyşdyryp gürrüň bereýin.
Baýramguly kakam içimizde kakama daşky keşbi bilen iň gaty meňzeýänimiz. Içki dünýesi hakynda pylan diýmekden, ýagny haýsymyzyň kakamyza has gaty meňzeýänimizi aýtmakdan saklanýan. Megerem, hiçimizem meňzeýän däldiris ýa-da herimiz azajyk, bir tarapdan, belli bir derejede meňzeýändiris, ony ýatladýandyrys. Munuň iň birinji sebäbi, megerem iň esasysam kakamyň oglanlykdan ejeden mahrum, ýetim ulalandygy bolsa gerek. Biz bolsak, başlygyň ogullary bolup ulaldyk, aýratynam Ylýas ikimiz. Baýramguly kakam ýetginjek ýyllarymyza ýakyn ýyllarda 10-12 ýaşlarymyzdakak öýlendi. Soňam Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýä fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girdi. Biziň üçin (Hydyr-Ylýas) esasy zadam ol Daşhowuz 11-e gelni, Orazsoltan gelnejem bilen göçüp geldi. Saparguly kakam, Amanjahan gelnejem bilen oba göçüp gitdiler. Howluda başgaça ýaşaýyş başlandy. Özümden uly doganym Soltanmyrat kakam üçin bu öwrülşik kän bir täsir edenem däl bolsa eden däldir, sebäbi ol hemişe welosipediň üstündedi. Türgenleşige gider, geler, ýatar, dynjyny alar ýene gider. Biz bolsa köplenç öýdedik. Şonuň üçin, öýmüzde ýaşaýyş görnüşiniň üýtgemegi bize-de uly täsir edendir diýip hasaplaýan. Ýadyma düşýär, ylgaşyp kakamyň ýanyna barypdyk. Öýmüzde gije çilim çekilendigini bolup bilmejek zat hökmünde kakama aýdypdyk. Megerem, şol gije öýmüzde gije Baýramguly kakamyň dostlary ýygnandyr-da, olardan galan çilim galyndylaram aýrylan däldir. Kakam bu habary adaty bir zat ýay garşylady. Bu bize ýa-da maňa geň täsir etdi. Sebäbi biziň öýmüzde, onda-da Saparguly kakamlarda çilim çekilmeýärdi ahyryn. Şeýdip täze durmuş başlandy…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.