Bir gezekde hem çaý, hem çal, hem suw | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Bir gezekde hem çaý, hem çal, hem suw

Fewral 15, 2014 | 0 teswir | 1082 okalan

Pöwrizede, mähnet çynarlaň aşagynda «Şelebiýa» aýdýan ýyllarymyz geçip gitdi. Amanjahan gelnejemden başga-da gelneje bolup biljekdigini bilmän ýörkäk, ikinji gelnejeli, Orazsoltan gelnejeli bolduk. Onda-da gelnejem az salymdan «Daşhowuz 11-e» göçüp geldi. Belki, Baýramguly kakam hakda gürrüň bermezden owal «ikinji gelnejemi» ýatlasam dogry bolar. Baýramguly kakamyň soňky durmuşyna-da gaty uly täsir ýetiren gelnejem dört gyzdan soň, garaşyp-garaşyp ýekeje ogully bolandan soň, uzak ýaşaman dünýeden ötdi. Pahyr gözüni açyp gitdi. Belki, men muny ýazmaly däldirin. Ýöne dünýeden gözüňi açyp gitmek ýagdaýyny «Gören kim, görünen kimde» bolşy ýaly diýsemem bolýar, ulandym. Bagyşlaň biraz dirileriň ýüregi gyýylandyr. Ýatlamanam, hamala, hiç zat bolmadyk ýaly «ýaş gitdi pahyr» diýp geçibermegem başarmadym. Baýramguly kakamyň Orazsoltan (Oňa näme üçindir Gülbaýam diýýärdiler ýa-da Orazsoltan adyny bize gelenden soň dakaýdlarmyka?) gelnejem hakynda öz beren gürrüňini ýadyma düşüşine görä ýazaýyn. Gelnejemiň entek gelin bolup ýören wagtlary (o döwürler gelinler tä çagalary bolýança, kürtelerini aýyrmazdylar) Baýramguly kakamam kolhozyň traktorçysy bolup işleýär. Onuň başlygyň ogly halyna kolhozda, onda-da Gäwersde traktor sürmeli bolşy barada soň ýazaýyn. Garaz, traktor bir kem tapýar-da agamam ony gapyda aşagyna girip bejermäge durýar. Megerem, tomsuň güni bolarly, Baýramguly kakam suwsaýar-da gelnejeme içer ýaly bir zat äbersene diýýär. Bir salymdan gelnejem podnosda bir çäýnek çaý, süýjüsi bilen, bir saplowda düýe çaly, bir stakan sowuk suw alyp gelýär. Agam geň galyp, gelnejemden «Bu näme?» diýip soraýar. Gelnejemem «Näme işjegiňi bilmedim. Sorap durmagam gelşiksiz gördüm» diýip düşündirýär. 
Orazsoltan gelnejem gör, näçe gezek daňa çenli Baýramguly kakamyň dostlaryna Gurbannazar Ezize, Derýa Baýramgula, Ahmet Gurbannepese… ýatman hyzmat edendir. Bir gezegem gaşyny[ çytylanyny bilemok. Orazsoltan gelnejem Amanjahan gelnejemiň kakasynyň doganynyň gyzy. Ol ýaşula Kakaly aga diýerdiler. Gaty köp ýyllap Köşiň selposynda işlän. Gurply ýaşardylar. Emma, gyzlaryna baýyň gyzy diýer ýaly däldi. Baýramguly diýip ölüp ýatardy. Elinden gelen hyzmatyny etmäge çalyşardy. Ýüwürjilerim diýip bizem gowy görerdi. Gyzka haly dokaýar eken. Gelin bolup gelensoňam  bir haly ýüwürdenlerini bilýän. Bir gezekde hem çaý, hem çal, hem suw getirip berýän gelnejemi Baýramguly kakamam gowy görerdi. Gelnejem aýrylanda agam kyrk, kyrk iki ýaşlarynda bolmaly. Emma, soň öýlenmedi. Edil Hangeldi atam ýaly, indi gelnejemsiz 30 ýyldan köp ýylyny ýeke ýaşap ýör. Munuň agramyny men bilmerin, muny başyndan geçiren biler…  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.