Ýüregimizde näziklik gülüni oturdan agam
Fewral 20, 2014 | 0 teswir | 1069 okalan
Kakamyň eken tudunda Baýramguly kakama degişli şaha, Saparguly kakamyňkydan birneme gönüräkdi, hamala kyn günleri has az gören ýalydy. Belki, bu hakykatdanam şeýledir. Saparguly kakam uruş döwrüniň 10 ýaşlaryndaky oglany. Açlyk näme, horluk näme – gören. Baýramguly kakam urşuň turan ýyly dünýä inipdir. Ejemiň howsaladan, gorkudan, aladadan, ýatman geçirýän gijelerinden emip ulalypdyr. Bilmedim şondanmy, Baýramguly kakam biziň aramyzda iň näzigimiz, iň duýgurymyz bolaýmasa. Çünki onuň dostlary duýgurdy, dözümsizdi, dost diýip her kynçylyga taýýardy. Diňe Gurbannazary mysal getirsemem ýeterlikdir. Baýramguly kakamyň onsuz güni geçmezdi, häzirem geçýändir öýdemok. Güni dogup-ýaşyp durandyr, elbetde. Baýramguly kakamyň şeýle bir mähirli, mylaýym, duýgur seredişi bar. Men muňa oglankam haýran galardym. Saparguly kakam – ol agam. Ony göreňde derrew gönelýäň. Baýramguly kakam welin, maňa bir zat bolsa, aýagyma tiken çümse-de ýanymda aglap oturjak ýaly. Her kimiň doguşy bar – bolaýyn diýip bolup bolanok, bolmaýyn diýeniň belenem bolman bolanok. Käbir adamlara käbir zatlary diýesiň gelýär, diýip bolanok. Baýramguly kakamda şol diýip bolmaýan sözler has köp ýaly, göwnüme bokurdagy dolup, dili aýlanman duran ýaly. Gözleri welin, seni gujaklaýar. Bu mähri, mähribanlygy dostlary gowy bilerdiler. Bir gezek, Ahmet Gurbannepes maňa «Baý aga (Baýramguly kakamyň öz aramyzda ýörgünli atlarynyň biri) nemetmäň, ol üýtgeşik adam» diýipdi. Utanjyma ýer ýarylmady men girmedim. Hakykatdanam biz şol döwürler ürç edip ony «terbiýelejek» bolupdyk. Ahmet Gurbannepesiň Baýramguly kakamyň oglanlyk ýyllaryndan beren başga bir gürrüňinem ýazaýyn. Ahmet agaň oglanlygam ýetimlikde geçýär. Onuň kakasy frontdan gelmeýär. Ahmedem bir döwür, daýylary, Gurt Melejelerde ýaşaýar. Şonda bir gezek aşyk oýnanlarynda oba oglanlaryndan biri (kimdigi nämä gerek) Ahmedi ýetim görüp azar berjek bolýar. Şonda Baýramguly kakam onuň arkasyny alýar. Muny hiç unutmadyk Ahmet öýli-işikli bolandan, bizem ýetişip adam çykanymzdan soň, ýatlap gürrüň beripdi. Ahmet aga bilen biziň ýaş tapawudymyz… ol ýalňyşmasam 1944 bolmaly bizem 52-nji ýyl – sekiz ýaş bolýar. Baýramguly kakamam Ahmet agadan üç ýaş uly. Ol: «Men bir ýetim, maňa näme edeňde-de bolýar, emma Baýramguly arkamy aldy, degdirmedi» diýipdi.
Baýramguly kakamyň öýmüze Gurbannazary getireni, Gurbannazary ilki görüşim – bu täsinlikler barada Gurbannazar hakyndaky ýatlamamda bolany üçin gaýtalasam gelişenok. Ýöne häzirem göz öňümde Derýa Baýramguly, Çary Sähetmyrat, Ahmet Gurbannepes, Baýramguly kakam hemem Gurbannazar… Gijäňem ýary, kim bilýär, daň atyp gelýändir. Çary kaka dutar çalar, Gurbannazar goşgy okar, Derýa-da hem gyjak çalar hem ýetişip bildiginden «swejiý anekdot» diýip gülüşdirer. Bizem Ylýas ikimiz haçan çaý diýerlerkä diýip, bir gyrada oturandyrys. «Gidiň, ýatyň» diýilmesek razy. Diýmedi. Baýramguly kakam bize git diýmedi. Ol mydama «Gel!» diýýärdi. Bizi edebiýada imrindirenem, ýüregimizde näziklik gülüni oturdanam agam Baýramgulydyr. Ýazmak maňa kyn. Galanyny soň…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.