10.02.12.
Biri “Ýazaňda okyjyny, okaýan adamy gözöňüňe getirýärmiň?” diýip sorady. Oňa gysgajyk jogap berdim welin, häzir has giňişleýinräk bu ýagdaý barada ýazasym gelýär.
Gazetde işleýärkäm her hepde bir sütün (1,5-2 sahypa) ýazgy taýýarlamaly bolýardym. Hepde diýeniňem gelip dur. Şeýdip 40-dan gowrak dürli temada ýazgylar ýadym. Häzir şolary az-azdan esseler diýip şu sahypada goýýaryn. Gazýet diýleni degirmene deňeýärler. Oňa näme berseň üwäp geçirip dur ertir ýene täzesini taýýarlamaly. Her hepde diýlenem şoň ýaly. Onsoň käteler kösenerdim. Ýazmalymyş diýseler, hökman her hepde ýazjak bolup, boş, manysyz, gowşak bir zat ýazmakdan gorkýardym. Ilkinji okyjym, bolýa-bolanok diýýänem redaksiýaň iň ýaşuly işgäri Atamyrat Orazlyýew diýip bir ýaşulydy. (Ýatan ýeri ýagty bolsun, gowy adamdy). Onsoň her gezek ýazamda şol ýaşulyny gözöňüme getirip ýazaýjak ýaly-da welin, ne ýaşuly, ne onuň etjek pikirlerini (halajak-haamajak zatlaryny) gözöňzme getirmeýärdim. Getirmejek bolubam däl, öz-özi gelenokdy, ýaşuly ýadyma-da düşenokdy. Aslynda men olary öz-özüm bilen gürleşip ýazýardym. Jedelleşsemem özüm bilen, oňuşsamam. Ol esselerde bir wakajygyň, käte-de hiçhili wakasyz pikir ýöredilýärdi, onsoň öz-özüň bilen gürleşip bilseň ýazmak kyn däldi. Esasy mesele şol gürrüňi gozgamakdady. Özüňi gyzyklandyrjak, böwrüňi gyjyklajak, diňşirgendirjek gürrüňi gozgamakdady. Ol gürrüňi salgy berýänem şol günki, şol hepdedäki görýän zatlarymdy. Şu gündeligiňem ilki günlerini şeýdip başladym, emma, soň, “ýürege düşäýmäýin” diýip, edebiýatly gürrüňe sowdum. Çynymy aýtsam, ýazmak iňňe bilen guýy gazan ýaly kyn, hemem howply (pagtabent bolaýmagy mümkin) ýöne şonça-da gyzykly. Magtymguly “Gabz bolup dolan köňlüm” diýýär-ä, şonuň ýaly içiňi boşadyp hezil edýäň. Mollaň gündeliginde-de okyjy gyzykdyranokdy, ondaky gahrymanlar gyzyklandyrýardy. Sebäbi ýazyp bolýançaň olary doly görüp bolanok. Gahrymanlar birhili sudur ýaly görünýär, soň ýakynlaşýar. Şolaryň içinde mollany has anyk görýärdim. Hudaýi Jan bir gezek “Şolaryň içinde iň gowusy, Alla ýakyny ýene Şammat molla” diýdi. Men razylaşsamam henize çenli bu jähdden seredip görmändim. Hawa, hakykatdanam şeýle. Belki, şonuň üçinem ol şonça ejiri çekýär.
Şu günlikçe hoş!
P.S. Şu ýazgylarymda-ha okyjyny gözöňüme getirýän, edil öz-özüm bilen gürleşýän ýaly ýazamok. Emma, şol okyjynam gahrymanlarym ýaly sudur şekilinde görýän. Ýogsa, edebiýatçy dostlarym kän, şolaryň birine ýüzlenibem ýazyp bolardy.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
S.A. Sayt gowy bolupdyr. Görüp, gaty begendim. Hasam beter gundelik juda ýerlikli. Gundelikdaki ýazylanlary bir demde okap çykdym. Haladym. Galamyňyz ötgür, zehiniňiz jomart ömrüňizem uzyn bolsun! Sag boluň!