Raýkom - häzirki dilde etrap häkimi bolýar | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Raýkom - häzirki dilde etrap häkimi bolýar

Mart 03, 2014 | 0 teswir | 951 okalan

Köne suratlaryň içinden Baýramguly kakamyň iň ýaş, oglanjyk wagty düşürilen şu suraty çykdy. Egnini ýygyryp dur. Biziň tohumymzda egniňi ýygyrmak häsiýeti bar. Hatda agtyklarymda-da bar.  
- Mamamyň ogly bolmandyr. Iki gyzy bolupdyr, kiçisem ejem. Onsoň babam Meret aga dünýeden ötensoň ol bizde bolýardy. Mamam haltajyk tikip beripdi. Ýer yranmazyndan öň, köne ýurtda ýaşaýardyk. O döwrüň tamlarynyň äpişgesi pessejik bolardy. Ýatan ýeriňden daşaryny görüp oturmalydyr. Men mamamyň tikip beren haltasyny alyp, düýe bolan bolup, emedekläp «Men argyşa gidýän. Mama, sag otur onda» diýen bolup penjireden çykyp gidýädim. Daşardan owunjak daş, çagyl guýuşdyryp haltama, üsgürinjiräp, ardynjyran bolup, gapydan girip argyşdan gelen kişi bolan bolýadym. Çalaja ýadyma düşýär. 46-njy ýyllar bolmaly…
Bu-da agamyň çaga döwründen ilkinji ýadynda galan ýatlamasy. Uruş döwri, yzýany açlyk. Adamlar un, ýag, tüwi diýip, düýeli Daşhowuza argyşa gidýän eken. Häzirem gazanja diýip daşary ýurda gidýän bar. Ýöne, bilmedim, öňki döwürdäki ýaly bir döwüm çörek tapman gidilýärmikä? Göwnüme düýä mündürip, «Bar gidiber» diýseň, şol höwesjeňler azalaýjak ýaly. Dogrudyr, aýraçylyga döz gelinip gidilýän bolsa, kynçylygam ýok däldir. 
Soň ýer yranýar. 
- Biziňkilerden hiç kime hiç zat bolmaýar. Diwarlar daşyna ýykylýar. Kakam bilen ejemem mallaryň sesine daşaryk çykypdyrlar, entek ýer yranmaga başlamanka. Kakam krowatda ýatýady. Ýokarsynda-da diwara teble urulyp tekje edilen, şoň üstünde «Ural» diýip radiopriýomnigimiz durardy. Oňam ullakan 6 sany batareýi bardy. Edil kakamyň ýassygynyň ýokarsynda. Şol diwar daşyna ýykylýar. Radioň batareýlerem edil kakamyň ýassygynyň üstüne gaçypdyr. Kakam ýatan bolsa, erbet etjek eken. Alla gorapdyr… Nädip Soltanmyrady alypçykypdyrlar bilemok. Ol kiçijikdi. Ýöne men galypdyryn-da. Aňk ýaly bolup, şeýläme serdip oturanymy bilýän tozanyň içinde. Bu ýüzümem açyk. Daşary görnüp dur. Diwar ýok. Çala ýadyma düşýär. Kakam çagalary sanapdyr. Kim bar, kim ýok. O wagt biziň näçedigimiz nädip ýadyna düşjek Hudaý bilsin, garaz, biri ýetenok diýip ylgap girýär. Meni goltugyna alyp çykýar. Ýer yranmazynyň öň ýanlarynda kakamdan öýkeläpdirin. Ejem bir ýerik gitjek bolýarmy, garaz tut çybyk bilen çalaja çaldy. Hawa, size berlen çybykdan maňa-da beripdi kakam. Dogrusy, ilki maňa berlen çybykdan soň sizem dadyp görüpdiňiz. Şonda kakamdan öýkeläp dört-bäş aýlap hiç gujagyna barmandyryn. Ýer yrananda, ýykyk jaýdan alyp çykanda, gorkujygyma kakamy gujaklap oturdym, ýadyma düşýär. Soň Kömekler tarapdan ýüzüni tutup kakam aglap gelýär. Pil alyp gitdi. Gazyp Sabyry çykarypdyr. Uty diýýän gyzam ölüpdir. Galanyny gazyp çykarýalar. Öýleri düp-düz bolup ýatyr diýýä-dä. Gaty gorkupdyr. Atamyň tamy çala jaýryk atypdyr. Onam bir zat gelip süsdümikä diýdim diýýärdi. Şo taýda ýoljagaz bardy. Edil şol ýoluň gyrajygynda-da atamyň aýratynja jaýjagazy bardy.
Baýramguly kakamyň gürrüňini diňläp oturşyma, geň galdym. Men kakamyň gujagynda ýekeje gezek ýatdym. Olam hiç ýadymdan çykanok, agam bolsa, kakamdan öýkeläp 3-4 aýlap gujagyna barmandyr. Ýogsa ýer yrananda ol ýedi ýaşynda. «Uruş döwri, yz ýanlary dünýä inen çagalar üýtgeşik gowy görülerdi, sebäbi, çaga azdy» diýýäler, şondanmydyka? Ýa-da o wagtlar kakam has ýaş, ikinji ogly. Ilkijie oglunyň at dakylany, özüne meňzäp duran, gök göz, dillije… şondanmydyka? Bizem-ä gök göz, diňe dillije-de däl, aýdymam aýdardyk. Bäş ýaşymyzda gazet okaýardyk. Ýok, göwnüňize gelmesin, kakamdan nägile bolup ýa-da kemsinip bu zatlaryň pikirini edemok. Kakamyň pikirlerini, terbiýe meselesindäki soňky üýtgemeleri, onuň sebäpleri hakynda oýlanýan. Baýramguly kakam bizden öň ors mekdebine berilen eken. Hatda 2-3 aý töweregi okapdyram.
- Raýkomyň sekretary bardy (häzirki dile geçirseň, etrap häkimi bolýar) Nyýazdurdyýew diýip şolaň öýlerinde bolup, 17-nji ors mekdebinde okadym.
Saçy arkan daralan daýaw, uzyn adamdy. Obada üç klasy gutaryp gitdim. Nyýazdurdyýewiň özi äkideýin, okasyn diýip, kakamy göwnedipdir. Ogly bardy meň bilen deň-duş, 41-nji ýyl bolan. Illi diýýärdiler.  Men ors dilinden hiç zat bilemog-a. Awgustda, okuw başlamazynyň öň ýany gitdim, 3-4 aý bolandyryn-da. Aýalyna Gözel eje diýýädiler, gaty gowy adamdy.  Adamkärçilikli, şeýle artykmaç adamdy. Ogullaram şeýledi. Ogullaryndan iň kiçisi galaýdy öýdýän, Kuly bolmaly.  Kakam bir gezek  Nyýazdurdyýewlere bardy welin, näbleýin, göresim gelip agladymmy bilemok, aglaberipdirin. Bir zada begensemem, gynansamam aglabermäm bardy-da. Kakamam maňa ýeksireýändir öýdüp alyp gaýdyberdi. Ýogsa men olaň çagalary bilen oýnabam ýördüm…
Obkom (häzirki dilde welaýat häkimi bolýar) Mätiýewdi. Kakamyň dosty bolansoň Kürre bilen Annagulyny äkidip, öýünde ýaşadypdyr. 
Baýramguly kakamyň Kürre diýýäni Amangelen, (atamyz Hangeldiň dogan Sapargeldiň nesli) Annaguly diýýänem (Ugurlyň nesli, Kömegiň ogly).
O döwrüň adamlaryny göz öňüňe getirmek kyn. Häzirki häkimlerden arçynyň çagasyny okatjak bolup öýünde saklajagy tapylarmyka? 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.