«Gözleriň bilen meniň sesimi eşdermiň?» | Gündelik | Hydyr Amangeldi

«Gözleriň bilen meniň sesimi eşdermiň?»

Mart 20, 2014 | 0 teswir | 871 okalan

Hemmäňiz bilýänsiňiz, Rumyda şeýle meşhur setirler bar. Ony her ýerde gaýtalaýarlar köp ýatlaýarlar. 
Bolşuň ýaly görün ýa-da görnüşiň ýaly bol!
Şu ýa-dadan öňki ýa-da soňky aýdylanlar biri birini gaýtalanokmy? Olaryň haýsam bolsa birini aýyrsaň, näme ýitýär? Rumy köp sözlülik edipmi? Ýa-da men kemakyllyk bilen olaryň tapawudyna düşünemokmy? 
Ýene-de hemmäňiz bilýänsiňiz Gurbannazarda
Eneler jomartdyr, giňdir eneler
diýip setir bar.  Bu setirdäki juda güýçli jomartdan soň gelýän, hasam ejiz görünýän «giňdir» gerekimi? Gurbannazar köpsözlülik edipmi ýa-da men… 
Jomartlyk bilen enäň jomartlygy meňzeşmi? Giňlik bilen enäniň giňligi deňmi? Enäň giňliginiň aňyrsynda çäksizlik görnenokmy? Ondanam aňyrda başga bir giňlik, çäksizlik – enäni Ýaradanyň mähriniň çäksizligi… Enäň jomartlygy, giňligi ýaly giňligi ýaradanyň Özi nähili jomartdyr, giňdir? 
Jogap bermäge howlugmaň, men tapmaça ýa-da zehin soragyny ýazmadym. 
Ýa-da Gurbannazaryň setirindäki «R» harpynyň sazyny diňläp gördüňizmi?
Ýa-da Magtymgulyda 
«…kepene çolan köňlüm»
 diýip setir bardyr. Şundaky, umuman «Köňlüm» goşgusyndaky «K» harpynyň güýjüni duýduňyzmy? 
Ýok, duýan dälsiňiz diýjek bolamok, ýöne men häzir şeýle bir gowy kofe içdim-de, edil serhoş ýaly, sözlemleriň, sözleriň, harplaryň sazyny diňlemäge başladym. Bu owazy size-de şu baýram güni sowgat etmek isledim. Ýüregimde dörän sazy size sowgat berýän. Şekspirde
«Услышишь ли глазами голос мой?» «Gözleriň bilen meniň sesimi eşdermiň?»  diýen setirlerem bar, sonetlerinde. Elbetde, eşdersiňiz, eşitjegiňize ynanmasam ýazmazdym, sowgat etmezdim. Meniň garypja sowgadymy kabul ediň! Nowruzyňyz gutly bolsun! Bereketli, haýyrly ýyl bolsun!

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.