"Amangeldiýew bolsa – gitmez!" | Gündelik | Hydyr Amangeldi

"Amangeldiýew bolsa – gitmez!"

Mart 31, 2014 | 0 teswir | 1112 okalan

Bu sözleri şol wagtky (1961 ý.) Ministrler Sowetiniň (häzirki Ministrler Kabineti) başlygynyň orunbasary Atanepesowa diýilýän aýal aýdypdyr diýýärler. Iberilmejek bolunýan ýerem Moskwanyň energetika instituty (MGU-nyň energetika bölümem bolsa bilemok). Baýramguly kakam mekdebi tamamlandan soň Moskwa gitmek üçin ekzamenleri tabşyrýar. Soňam Taşkente tigir ýaryşa gidýär. Şol ýyl ol mekdep okuwçylarynyň arasynda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň çempiony bolýar. Taşkentden gelenlerinden soňam Atanepesowanyň familýasynyň üstüni çyzandygyny hem ýokardaky zözleri aýdandygyny agama aýdýarlar. Olam gelip kakama aýdýar. Kakamam belli zat – göni Atanepesowaň üstüne gidýär. 
Bärden baranlarynda oň ýanynda adam bar eken, kakam biraz garaşýar. Ol adam çykýaram welin, Baýramgulynam alyp, kabinete girýär. 
- Atanepesowaň ýanynda adamam ýokdy, ýöne kakam sekretar gyza habar berdirmän göni gereni üçin etdimi ol: «Göreňizokmy, men zanýat» diýdi. Kakamam «Sen aýal meň bilen syrtyňy öwrüp gepleşme. Sen-ä şuny okuwa ibermejek bol, menem iberjek bolaýyn» diýdi-de, gapysyny şarkyldadyp çykyp gaýtdy. Menem yzynda.
Olar, ataly ogul tirkeşip, göni SK-aň birinji sekretary Balyş Öwezowyň kabulhanasyna gelýärler. 
Megerem, ol aýalyň jogaby kakamyň gaharyny gaty getiren bolmaly, ýogsa kakam adamyň dilini tapmagy, ony ýumşatmagy oňarman duran däldi. Balyş Öwezowyň özüni gowy görendigini öň telim ýola bize gürrüň beripdi. Ol bu işiň bitjegine gaty berk ynanandyr. 
Şu ýerde Saparguly kakamyň Balyş Öwezow bilen kän ýyl soň, Balyş aga pensiýadaka, Saparguly kakamyňam demi gysmaly wagty Krymda bile bolandyklaryny gürrüň bereni ýadyma düşýär. Şonda Balyş aga Saparuly kakamy gowy görüp, «Gowy kadrlar burnumyň aşagynda eken görmändirin» diýipdir. Indi pikir edýän, kakam Türkmenistanyň partiýasynyň Mekrezi Komitetiniň birinji sekretary bilen gowy gatnaşykda, ogly Saparguly, içmeýän, çekmeýän işeňňir, edepli oglam kolhozda injener, traktor bejerip, günde garaýaga bulaşyp öýe gelýär. Ýeke agyz «Balyş, şuny ýanyňa al, adam et» diýse ýeterlik, emma kakam muny diýmändir. Näme üçin? Düşünip bilemok. Nesibe bolmagam mümkin, kakamyň islemedik bolmagam mümkin.
Gürrüňi biraz başga ýana sowdum, garaz, Balyş Öwezowyň kabulhanasynda durkalar aňyrdan Uniwersitetiň rektory Pygam Azymow gelýär. Gelişine-de kakam bilen salamlaşýar. Elbetde, duran gapyňa görä, «Bu ýere näme iş bilen geldiň?» diýiler-dä, kakamam «Aý, bir heleý bilen gidişmeli boldy» diýip, bolan işleri Pygam Azymowa gürrüň berýär. SSSR döwrüniň rektorlary minstrlerden özlerini ýokary tutmasalar, pes tutmazdylar. Ol gülýär-de, kakamy gyra çeken bolup: «Sen gaýta begen Amangeldi. Birki ýyldan ogluň bir ýewreý gyzyny yzyna tirkäp gelip «Eto moýa jena, papa, poznakomsýa» diýse, näme diýjek» diýýär. Bu kakamyň ýüregine jüňk bolýar.
Hakykatdanam bu bolup biljek eken. Saparguly kakam bolsa, arkaýyn «Ýok Saparguly beýle zat etmez» diýip bolar, ýöne Baýramguly kakam garagolyrakdy. Ol munuň şeýledigini soň çalarak görkezipdem. Ýöne kim bilýär, giden bolsa, welosiped sürmesini taşlamazdy. Belki, ýygyndy komandalara alardylar… 
Pygam Azymow Baýramguly kakamyň öňüne uniwersitetiň bölümleriniň spisogyny oklap, «Saýla» diýýär. BU ýerde düzgün bozmak ýok. Agamyň Moskwa gitmek üçin tabşyran ekzamenlerinde alan bahalary muny etmäge, rektora doly hukuk berýär. Pygam agaň özi iňlis dilini saýlamagy maslahat berýär. Ýöne agamyň tabşyran ekzamenleriniň tehnika bölümlerine gabat gelýäni üçin, eger iňlis diline girjek bolsa taryhdan ekzamen tabşyrmaly boljakdygyny synag komissiýasynyň jogapkär sekretary Gawrilýuk diýilýän aýdýar. Pygam Azymam oňa «Düzet» diýýär. Emma, Baýramguly kakam geologiýa bölümini saýlaýar hem Moskwa gitmän Aşgabatda galýar. Kakamam, kim bilýär, ýewreý gelinli bolmakdan halas bolýar. Yzy soň.  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.