"Ak papak" | Gündelik | Hydyr Amangeldi

"Ak papak"

Aprel 23, 2014 | 0 teswir | 1862 okalan

Kakamda käte göwnündäkini çekinmän aýdyp goýbermek häsiýeti bardy. Ýogsa, aslynda ol «çemeçil» diýilýän adamdy. Kesä çekilmez ýaly «çemeçil» sözüne berýän manymy biraz açygrak aýtjak bolaýyn. Kakam jaýdar geplemegi oňarýardy. «Men näme  diýýän, dutarym näme diýýär» diýilýän ýagdaý onda bolmazdy. Gürrüňdeşini diňlär, aýtjak bolýan, isleýän zadyny duýardy, köplenjem onuň garşysyna gitmän ugruna kowup gürlemäni başarardy. Onsoň diňleýän üçin kakamyň aýdýanlary jüňk bolardy. Kakamdan anyk, ýüregindäki sözi eşitjek bolsaň, maslahat sorap, «Nätsem dogry bolarka?“ diýip gelmelidi. Umumy gürrüňçilikde gürrüňe, diňleýjisine görä gepler tapyp, köpçüligi güýmäp oturardy. Käte-de joşup gitse, dili ýiti, käte göwne degjek derejede ötgür sözlerem diýerdi. Şonuň üçin köp kişi onuň dilinden çekinerdi. Mysal üçin, biri gelip kakama «Amangeldi meň adymy «pylany» diýip tutýarlar welin, nämedenkä?» diýip soraýar. Kakamam «Kelläň diňe şoňa ýaraýar, başga zada ýaranok, içi boş» diýidikleri bolaýmasa» diýip jogap berýär. (Men muny has anyk ýazmadym, goý, ol adamyň nebereleriniň göwni ynjamasyn.) Soň o gürrüň oba dolýar. Ol adamyň lakamam has berkeýär. 
Urşuň yz ýanlary belki, 50-nji ýyllar kolhoza biri zootehnik bolup işe gelýär. Ol adamam hemişe kellesine ak papak geýýän eken. Obada her kim oň adyny «ak papak» diýip tutýar. Belki, ilki bolup oňa «ak papak» diýeniň kakam bolmagam mümkin. Garaz, ol adamy oba halamaýar. Olam az salym işleýär-de işden çykyp gidýär. Ak papak her kimiň ýadyndan çykýar. Soň ýyllar geçýär, Türkmenistanyň kompartiýasynyň birinji sekretary bolup Jumadurdy Garaýew diýip biri bellenýär. Ol pagtada pripiska diýip birnäçe başlygy, onda-da Baýar Öwezow valy geroý başlyklary işden aýyrýar, basdyrýar. Onuň meň kakama-da «jyny» düşýär. Kolhoza yzly-yzyna barlaglar gelip başlaýar. Goýunlary ýeke-ýeke, erkegi-urkaçysyna çenli deňeşdirip sanaýarlar. Skladlaryň gapysy gulplsnyp, plombalangy durýar. Emma kolhozdan kemçilik tapmaýarlar. Şonda ministrlerdenmi, ýa ondanam uluraklardanmy biri gelip (adyny tutmaýyn), kolhozyň kontorasynda derňewçilieriň başlygy bir ors aýala «Kemçiliksizem kolhoz bolarmy? Tapmaly» diýýär. Kakamam oňa «Şu kolhozyň terretoriýasynda men başlyk. Çyk kontordan. Sen meň abraýymy kolhozçylarymyň arasynda peseldermiň» diýip kowýar. Soňam şol wagt Ýokary Sowetiň başlygy bolup işleýän Balyş Öwezowa ýagdaýy aýdyp jaň edýär. Balyş Öwezow: «Ýagyň soňky demini sanap ýatyr. Azajyk sabyr et» diýýär. Hakykatdanam, Magtymguly Galry ýaly bagşylara çenli tirýekkeş diýip azar beren, olaryň gargyşyna galan Garaýew keselleýär-de ýogalýar. Kakamyňam, kolhozyňam başyndan duman sowulýar. Bu wakadan kän ýyl soň, kakam garransoň, pensiýasyny almaga baranda kassada özündenem garry biri kakam bilen salamlaşýar. Soňam kakamdan ötünç soraýar. Ol: «Men şol «ak papak» diýýäniň, Jumadurdy Garaýewiňem garyndaşy. Bir wagt men Jumadurdyň ýanyna ýörite baryp: «Amangeldini işinden aýyr, basdyr. Ol maňa «ak papak» diýdi» diýip ýamanladym. Olam şol niýet bilen üstüňe barlag iberdi. Meni bagyşla» diýýär…
Kakam bu wakany gürrüň berende, ýeke men däl, tutuş oba oňa «ak papak» diýýärdi diýip gülerdi.    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.