Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk | Gündelik | Hydyr Amangeldi

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk

Iýul 20, 2014 | 0 teswir | 923 okalan

Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Ine, şoň üçinem geçdik şonça ýol.

Şat günlerim az boldy diýip gynanma,

Şat günleriň bolanyna monça bol.

Ýene köne suratlary dörüşdirip otyryn, akyllymda-da Gurbannazaryň ýokarky setirleri… Ýene sekiz ýyl Alla ömür berse, men bu ägirt şahyryň iki ömrüni ýaşaýaryn. Armanym näme?! Aslynda, men ol suratlara armanym bolany üçin, ýarajygymyň ýüzüniň kesmegini dyrmalap, ganadyp, birhilije özboluşly syzlamasyndan lezzet almak üçin gaýta-gaýta dolanýanmy? Internetde goýup, köp kişi bilen paýlaşýanmy? Ýogsa olar, maňa degişli, aňry gitse, Amangeldi agaň nesline, neberesine degişli. Megerem, has dogrusy meni «…şonça ýol» özüne çekýär. Oňa düşünesim, ony duýasym, hatda elläp göresim gelýär. «Sonça ýol» diýen Gurbannazar 35 ýaşady. Biz ony juda az görýäris. Ol hakykatdanam juda az. Ýöne Gurbannazar şol gysga ömri bilen maňa «Geçdik şonça ýol» diýip ýüzlenýän bolsa, şahyr ömrüne düşünipdir, ony duýupdyr, elläp görüpdir. Soňam maňa «Şat günlerim az boldy diýip gynanma» diýýär. Göwünlik berenok, megerem, «şonça ýola» düşünenimi isleýär. Çynymy aýdýan, oglanjyklygyňyzdan utanmaň, köne suratlara biparh bolmaň, olara köp serediň. Düşünýän, kimiň oglanlygynda şatlyk köpräk, kimiňkide kyn günler agdygrak bolandyr. Zyýany ýok. Başga biriniň baýlygynda gözümiz ýok. Meniň çagalygym – meniň baýlygym.  


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.