Türkmeniň türkmenligi
Iýul 22, 2014 | 0 teswir | 907 okalan
Ýene-de suratlar… Kakam, ejem… Kakamyň dostlary… Öz ýanymdan ýadamadyňmam diýýän. Belki, sen ýadamarsyň, ýöne okaýany ýadadýan bolaýma-da diýýän. Emma ýüregimdäkini basyp saklabam bilemok.
Adam garaňkyda ýol ýörejek bolsa, oňa hökman bir yşyk gerek. Dagy bolmanda şeýle uzakdaky ýyldyzlar, altyn çaýylan nokatjyklar ýaly ýylpyldasyn welin, bir ýylpyldy gerek. Durmuş diýlenem ýola meňzedýärler. Munda, megerem, üç sany ýagty berip biljek zat bar – biri geçmişiň, beýlekisi geljegiň, ýene birem häzirki düşünjäň, akyl-paýhasyň. Näme üçindir geljegiň ýagtysy soluk görünýär, sebäbi ony näçe gowy görseňem, ol hyýaly, boljagy-bolmajagy gümana. Häzirki düşünjäňem gözüňe ygtybarly ýaly görünse-de, ýyllar geçýär – olaram üýtgeýär.»Wah, şol wagtky düşünjäm ters eken, bilmändirin» diýdirýär. Indi bize galýar – geçmiş. Eger ony ýoýmasaň, timarlamasaň ol seni aldatmaýar. Geçmişimiz biziň geljegimeze-de, akyl-paýhasymyza-da ýagtylyk berip bilýär. Emma, geçmi bar, geçmiş bar. «Seňki hezil, başlygyň körpe ogly» diýjeklerem bardyr. Ýöne özümiň şeýle adamyň ogludygyma utanyp ýere girip bilmedik wagtlarymam bolupdy. «Kakam bir türmede oturan, arakhor ýa-da şoňa meňzeş bolan bolsa, munça örtenmezdim. Kakamyň direnip gelýän hasasy ony neneň göterýärkä? Pikirleriniň agramyna, derdiniň agyrlygyna ol hasa nädip jorta döwüläýmeýärkä?» diýip ökünenimem ýadymda. Bir zady aýdyp biljek – ynsan ene-atasyny, geçmişini hem ölümi hiç ýadyndan çykarmasa gowy. Toýa barsyn, ýasda bolsun, dostlary bilen otursyn, gaýry-ýat bilen duşuşsyn, çagasynyň galpagyny sypalasyn… hiç wagt, hiç haçan geçmişi bilen ölümi unutmasyn. Şu düşünjäm meni ýene kakamyň jana-jan, iň ýakyn dosty Sary aga sary alyp gaçýar. Bu wakany maňa Sary agaň ýeke gelni Ogulnur daýza gürrüň berdi.
Bir gün Sary aga Garrygaladan Aşgabada ýygnaga barýar. Ýygnak birküç güne çekjekdigi üçin ony myhmanhanada, ikinji gatda ýerleşdirýärler. Bir günem gije Sary aga düýşürgeýär. Düýşünde oňa köçede oýnap oturan eýjejik çagagörünýär. Aňyrdanam bir maşyn ýetip gelýär. Şonda görgüli düşündäki çagany halas etjek bolup, huşunda myhmanhanaň ikinji gatyndan özüni oklaýar. Pahyryň arkasynda düwün galdy şonda, hernä naýyp-müjrip bolmady bende. Şeýle il diýip, iliň derdini ýeňledeýin diýip ýaşaýan adamdy. Soň garransoň ony öýde oturtmazdylar. Obada bir bolamasy iş bolup töwella gidilmeli bolsa, her kim pahyry öňüne salyp barardy. Sary agaň hormatyna-da gelenleriň töwellasy alynardy, günäleri bagyşlanardy.
Gepiň gerdişine görä, Ogulnur daýza öz başyndan geçen bir ýagdaýam gürrüň berdi. Adamsy ýogalyp dul galan gelin Ogulnur daýza o wagtlar mekdepde işleýär eken. Bir günem bir işe gümra bolup gijiräk galýar. «Öýmüze tarap barýan welin, her kim maňa «Bu gelin işinden indiden soň gelýärmikä?» diýip geňläp, hyşy-wuşy gürrüňimi edýän ýaly. Ýogsa oň ýaly zadam ýokdur, garaňky düşerdenem entek irdi. Ýöne hemişe iş wagtym gutardygy, eglenmän öýe gelip ýöremsoň, bu gezek eglendim diýýip şeýle pikirler edýän. Ýuwaşja edimläp göni öz otagyma geçdim. Soňam entegem gelenokmyka diýdirmejek bolup, gaýynlarymyň oturýan jaýynyň gapysyny çala açdym. Görsem, gaýyn atam Sary agany töwella diýip alyp giden ekenler. Gaýyn enem Enebibi daýzaň ýeke özi pejiň başynda gyşaryp ýatyr. Menem zordan: «Daýza, milisä dagy habar beren dälsiňiz-dä?» diýdim. Pahyr ýatan ýerinden şobada dikeldi-de «Sen entegem özüňi gelinmikäň öýdüp ýörsüň. Biz seni oglumyz hasaplaýas, ynanýas» diýdi. Ýogsa Gaýly neresse oň özünden önen ogulam däldi. Şu söze şeýle bir göwnüm bitdi…»
Indi oýlanyp görüň, bizi biz edýän kim? Geçmişimiz, ene-atalarymyz dälmi? Ogulnur daýza şeýle duýgulary ýaşadan Sary Ýolly, Enebibi daýza dälmi? Bilýän her kime Sary agaň, Amangeldi agaň nesli bolmak bagty, bagtyndan beter jogapkärçiligi berilmändir. Men bu zatlary ýazýan welin, ene-atasyndan nägileräk ogul «Meňem şeýle kakam, kakamyňam şeýle dostlary bolan bolsady» diýip kemsinäýjek ýaly. Emma ykbaly ters gelip, durmuşynda ýalňyşlyklary eden ene-ataňam çagasy «Kakam şeýdipdir, menem onuň edenini etsem, il-gün «Kakasy ýaramaz görelde boldy» diýip, onuň hatasyny hasam agyrlaşdyrmazmy? Gaýta, «Kakasam hiç neneň däldi, ýöne täleýi tersiräk eken-dä, gör, ogluny, tüweleme» diýdirmeli dälmi?
Biz türkmenler başga käbir milletler ýaly däl, ene-ata, dogan-garyndaşa berk bagly ýaşaýarys. Kimdir biriniň «Indi kompýuterleň, internetleň döwri geldi, ene-ata, öten-geçen diýip, köne saman sowuryp ýörmeli däl» diýmegem mümkin. Eger şeýle diýýän bolsa, goý, şeýle ýaşaýan halklaryň garrysynyň ýaşynyň ýaşaýşyny içgin synlasyn. Türkmeniň däp-dessuryna, ene-ata, dogan garyndaşa baglylygyny aýyrsaň, onda türkmenligem galmazmyka diýýän.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.