26.01.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

26.01.12

Ýanwar 26, 2012 | 1 teswir | 948 okalan


Gurbannazarda:
Aglama eje jan, bes et ahyňy,
Täk seň üçin dogulmanma düşün ahyry
diýen setirler bar. Adamyň iňe özi üçin, ene-atasy, ogul-gyzy, öýi-içerisi üçin dogulmaýandygyny ýazasym gelýär. Towugyň psihologiýasy – diňe ketegiňi bilmek, uçmak, asmandan Ýere seretmek, öňüňde uly maksatlar goýmak ýaly zatlara badyhowalyk diýip düşünmek gaty erbet zat. Islendik erbetligiň aňsat bolşy ýaly, “towuk düşünjesem” aňsat, özüne imrindiriji, hemem ýokanç kesel. Ýöne asmanda ganat ýaýýan guş towugyň ganatlary bolsa-da keteginden daşlaşyp bilmän ýaşaýşyny geň görýändir. Towugam “Ganatym bar diýip, uçup ýör-aý” diýip, uçup ýör guşa geň galýandyr. Towuk janawer ganatynyň bardygyny bir bilýärmikä?

Teswirler (1 sany)

Jennet:
18 Dekabr, 2018

Pikirlendirdi

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.