11.02.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

11.02.12

Fewral 12, 2012 | 0 teswir | 917 okalan



“Garagum” žurnalynyň şu ýylky birinji sanynda Baba Annanowyň Nury Halmämmedi ýatlap ýazan ýazgysy bar eken. Gaty gowy ýazypdyr. Nurynyň ýüz hereketlerine çenli suratlandyrýar welin, Nuryny gören ýaly bolýaň. Baba Annan ýazyjy bolubam biljek eken diýdim içimden. Aslynda, ýazyjy welin, artistliginiň derejesini göz öňünde tutup aýdýan. Gaty ýürekden ýazylan zat. Kä ýerlerinde bokurdagym doldy. Pikirlendirdi. Hasam Nuryň “Tazeden ýaşasadym” diýýän ýeri bar. Baba aga ony özüçe düşündiripdir, emma, Nury başaryp biljek derejesinden az işler eden ýaly bolup dur. Gurbannazar hakynda welin, beýle pikir edeňok. Belki, bu Gurbannazary has gowy tananlygymdandyr. “Keç pelek”, “Nar agajy” Nuryň dutar sazlaryndan esasy simf. orkestre geçiren zady. Eger “Ýandymy”, “Burnaşagy”, “Mukamlar başyny” geçirip ýetişen bolsa nähili bolardy? Elbetde, bu zatlar adam elinde däl. Biz – halk näçe bolsa az görýär. Nuryň ahmyryny göreňde adamam näçe etse, gözüne az görünýän bolarly. Armansyz ölüm ýok diýipdirler. Emma, hakykatdanam Allany söýen adamlar, “Ýaradanyň ýanyna barýan” diýip ölümlerine begenermişler. Kliniki ölümi ýaşan adamlaryňam yzlaryna dolanasy gelmeýärmiş, ýöne olary “Wagtyndan ir geldiň” diýip yzlaryna, şu dünýä kowýarmyşlar. Haýran galýan. Bir ýerde dogulyp ýatyr, bir ýerde ölüp ýatyr. Başly-barat, düzgün tertipsiz, emma ýekeje adamam “wagtyndan ir geldiň” diýip yzyna ugradýan bolsalar, hasabyň juda berk ýöredilýän boldugy.
Emma, ömrümizi owradyp, owunjak zatlara pytradýanymyza gynanýan. Sungat adamlarynyň içinde Gurbannazar bilen Tokar ikisi edýän işlerinden daşlaşman, mydam şonuň bilen ýatyp-turup işlän adamlar diýesim gelýär. Sungatam wepadarlygy söýýär. Men bu gürrüňlerim ne Nura, ne-de Baba Annana degişli. Olar iş bitiren adamlar. Sungatyň esgeri bolup ýaşap bilmänime gynanyp ýazaýdym. Esger başga bir zatlaryň däl, diňe sungatyň pidasy bolmaly ýaly görünýär. Emma, o sungatyň nämedigine indi-indi düşünjek bolýan. Onsoň, nädip esgeri bolaýyn? Halypasyz, pata almadyk dutarça sazanda diýilmeýär. Menem şol patasyzlaryň biri. Nalap aýdamok. Durmuşym şeýle geçdi. Halypaň kim diýseler dirilerden pylany elimden tutup, edebiýaty, edebiýatyň maksadyny düşündirdi diýip biljek adamym, ýazyjym ýok diýen ýaly. Ýaşululardan diňe Ahmet Gurbannepes bilen gatnaşdym. Köp zatlaram öwrendim, ýöne halypa diýilende has uly figura göz öňüňe gelýär. Gurbannazar öldi, edebiýatda ýetimler döredi. Mümkin, men bulaşdyrýandyryn, edebiýat sazandalyk däl, ony eliňden tutup öwredip bolýan däldir? Bilmedim, bu-da dogry. Ýazyjylygy, şahyrlygy... öwredip bolmaýar. Şu wagt biri gelip “Ýazyjy bolasym gelýär” diýse, “bol” diýsemem, onuň başyndan geçjek kynçylyklary göň öňüme getirip gynanardym. Sebäbi ussa jaý salýar. Nädip salmalydygy belli, elinde çyzgysy. Ýazyjyňky welin, näbelli. Jaý salynyp bolansoň oňa arkaýyn baha berip bolýar. Gowy bolsa gowy, erbet bolsa erbet. Emma ýazyjyň eserine biri gowy diýse, beýleki erbet diýýär. Hatda Tolstoýyňam Şekspire göwni ýetmändir.
Nämeler ýazjakdym, nirelerden çykdym... Ýöne “Garagumdaky” Baba Annanyň ýatlamasyny başarsaňyz tapyp okaň.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.