Çagaňy gowy görseň…
Iýul 20, 2014 | 0 teswir | 1029 okalan
«…ýazgylarda» Kakam hakynda ähli bilýänjelerimi aýtdymmykam öýdýärdim, emma bäş ýaşlarymyzdaky kellämiz ýaglyk bilen saralan suratymyzy görüp, onuň käbir häsiýeti ýadyma düşüp gitdi. Paýlaşaýyn diýdim, belki, peýdasy deger.
Kakam hemişe çagalaryň kellesiniň ýaglykly bolmagyny öýdäkilere tabşyrardy. Sebäbine «çaga ýykylsa kellesi ýere gaty degmez» diýip düşündirerdi. Şol sebäpden, köp ýerde howlyny betonlamak ýoň bolanda, kakam muny etdirmändi. «Ýere ýykylanyň bilen daşa ýykylanyň deň bolarmy?» diýerdi. Aýallaram howly arassa bolýar diýip betonlatjak bolardylar. Ölýänçä-de gapymyz betonlanmady. Özem tomsuň günleri, daşaryk düşek atdyryp, tuduň kölegesinde oturardy, gijelerine-de daşarda ýatardy. Ol bu endigini kondisionerler dörände-de taşlamady. Kakam bize tä instituda girýänçäk saç goýebertdirmedi. Biz mydama tahýaly gezerdik. Başymyz açyk bolmazdy. Okuwa girnemizde-de kakam bize «Indi saç goýberdäýiň» diýmändi. Biz, garaz, gaçyp-bukup goýberdipdik. Göräýmäge bu zatlar ownuk ýaly, ýöne bizde (Ylýas ikimizde) aýnaň öňünde durup özümize timar bermek, saç ýaglap, daranyp ýörmek endigi bolmady. Hatda biz eşegimize-de kän üns bermezdik. Onuň kirläninem biziň bilen ýaşyt, Sapaguly kakamyň uly gyzy Annabibi görerdi. Derrew ýuwulgy eşik berip, eşigimizi çalşyrdardy. Bu diýýänim mekdep ýyllaryna degişli. Soň institudyň soňky ýyllarynda «aşyklyk» döwri başlandy, şonda men biraz eşik saýlan bolardym. Ylýas-a şonda-da kän eşiginiň fasonyna, biçüwine, haýsy ýurtda tikilenine üns bermezdi. Megerem, kakamyň bize guýan bu endigi, häsiýeti köp okamagymyza, öwrenmäge höwesli bolmagymyza sebäp bolandyr.
Bulary ýatlap, «Çagalaryňyza saç goýbertmäň, kellesini ýaglyksyz etmäň» diýjek bolamok. Göwnüme bolmasa, indiki çagalar gereginden artyk gowy görülýän ýaly. Ene-ata çagasyna üýtgeşikden-üýtgeşik gymmat bahaly eşik geýdirip bilse, muny gahrymanlyk hasaplaýana meňzeýär. Emma şol çagalaryň köpüsi mekdebi zordan tamamlaýar, arasynda boguna bölüp zordan okaýanam bar. Ýönekeý salam haty ýazyp bilmeýänlere näçe diýseň duş gelip bolýar. Emma biz haçan harp öwrenenimizi bilemizok. Bäş ýaşda gazedi okaýanymyzy bilýän. Göroglyny gör, näçe gezek okap çykandyrys. Birhili indiki ene-atalaryň (käbiri diýäýeýin) özüniň çagasyny nähili gowy görýändigini töweregine görkezjek bolup gowy görýän ýaly. Elbetde, bu beýle däldir, ýöne olaryň köpüsi çaga hakykatdan gowy görülende nähili saklanýandygyny bilmeýäne çalym edýär. Eýsem, çagasyny gowy görýäniň çagasy mekdebi tamamlanda heniz bir edebi kitabam doly okap çykmadyk bolup bilermi?
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.