Şeýh hem onuň şägirdi (hekaýa)
Sentýabr 07, 2014 | 0 teswir | 1018 okalan
Şeýh hem onuň şägirdi
(hekaýa)
Şeýh birinji gezek hüjresiniň darlygyny duýýardy. Ýogsa onuň bu hylwat jaýynda iki adam bolup, egin-egne diräp namaza dursaň, (Alladan hem perişdelerden başga) üçünji birine ýer ýokdy. Ölügsije ýanýan kiçijik şemiň tüssesiniň hüjräniň diwarlaryny garaldan ýeri bardy. Emma, ol şonda-da, henize çenli bu mekanyny dar görmändi.
Ýok, Şeýh terkidünýä, dagyň kert gaýasynda ýerleşýän gowaga giren ýaly, ähli zatdan ýüz öwrüp ýaşaýan, zikr çekip, mynajat edip, Alla bilen «gürleşip» oturanam däldi. Onuň hüjresinden çykan ýerinde, on-onki ädimlikde uly mesjit bardy. Jemagatam artmasa, kemelmezdi. Jumga namazlarynda adamlar mesjide sygman, Günüň jokrama yssysynda-da daşarda namazlyk ýazyp namazlaryny okaýardy. Şeýh bolsa wagz ederdi, hütbe okardy. Yslam dinini düşündirýärdi. Halky asudalyga, birek-birege hormatdyr söýgä çagyrýardy. «Goňşusy aç bolup, özi dok ýaşaýan bizden däldir» diýen manydaky hadysy şerifi köp ündeýärdi. Jemagatyny halala, salyh amala höweslenidrýärdi. Soňra-da hüjresine girer, şemiň yşygyna Kur'an okardy. Düşünjelerini kagyza geçirerdi. Hepdede iki gün olary talyplary bilen paýlaşardy. Soňra ýene hüjresi…
Bu hüjre bir tarapdan Şeýhiň dünýä bakýan belentdäki nokadyna meňzeýärdi. Ol bu dar otaga girende dünýäniň mundanam dardygyna, ahyretiň çäksiz giňligine göz ýetirýän ýaly bolýardy.
Emma bu gün welin, ol janyna aram, ýüregine karar tapmaýardy. Ýeser ýerem munuň näme üçin beýledigine özem düşünmeýärdi. Ahyry ol alajyny tapman: «Bir aty eýerläp getiriň» diýdi. Henize çenli beýle ýumuşy eşitmedik şägirtleri näçe geň görseler-de, onuň diýenini derhal berjaý etdiler. Şeýh ata atlandy. Bu görnüşi ömürlerinde görmedik şägirtleridir, zyýaratçylary oňa aňk bolup seredýärdi. Şeýhiň beýle haýbatly göwresiniň, belentden buýsançly başynyň bardygyny olar birinji gezek synlaýardylar.
Şeýh şäherden saýlandy-da atynyň jylawyny başyna atdy, belent başy egildi. At nirä islese şol tarapa gitdi. Islese – durdy, islese – ýöredi.
Şeýhem, yns-jynsam, bir Hudadan başga atyň näçe menzil aşanyny, nirelerden çykanyny bilmedi. At ahyry bir golda durup, ýaň saldyryp kişňedi. Bu sese ukudan oýanan ýaly tisginen Şeýh özüne geldi. Onuň öňünde, hol beýleräkde şägirtlerinden biri iki büklüm, towlanyp aglap otyr. Ses-sedasy gutarypdyr, gözündäki ýaşam gurapdyr. Belki, indi onuň bedeni däl, diňe ýüregi perýat edýärdi.
Şeýh atdan syrylyp düşdi. Şeýhini gören şägirdiň welin, perýady hasam güýjedi. Ýer ýarylmaýardy, ol girmeýärdi. Şägirdi diňe: «Utanýan, halypam, utanýan. Maňa seretme!» diýip ýalbarýardy. Şeýh onuň başujunda näçe oturdy – ne Şeýh bilýar, ne şägirt. Birden Şeýhiň gözüne eli nämedir bir zatly hüjresine girip çykan gyz maşgala göründi. Ýanynda-da häzirki şägirdi. Şeýhiň üstünden buz ýaly sowuk suw guýlana döndi. Syçrap ýerinden turanyny duýmady. Soňam ýuwaşlyk bilen oturdy. Ol zenanyň kimdigini saýgarjak boldy, emma başarmady. Gaýta, talybynyň oňa siňe-siňe seredýänini gördi. Şeýh ýene başyny sallap uzak oturdy. Dyzynyň arasyndan gitdigiçe egilýän başy ýere degäýjek-degäýjek bolýardy. Emma şägirdiň agysy kepemeýärdi.
Şeýhiň dogasyndanmy, (elbet, Allaň rugsatyndan) oglan dil açdy:
«Şeýhim, men günä etdim. Toba bilen ýuwuljak iş däl. Men «Talyby şu bolsa, Şeýhi nähildir? Şeýhi şu bolsa, Allasy nähilikä?» diýdirdim. Şeýtanyň elindäki dinimize garşy atylan oka öwrüldim. Ýaradan Perwerdigärden «Janymy al, oduňa ýak! Külümi-külkämi ýeller sowursyn!» diýesim gelýär. Oňa-da dilim aýlananok. Ne diýip bilýän, ne-de diýmän. Ne ýanyp bilýän, ne-de doňup. Maňa kömek et, elimden çek, Şeýhim. Men seň öňüňde aýply, ýene-de senden hemaýat dileýän. Men Allaň öňünde asy ne toba edip bilýän, ne-de…»
Şeýh şägirdiniň agzyna elini ýetirdi. Ony dymdyrdy. Soň özi gürläp ugrady. Aslynda ol dilinden dökülýän dürleriň öňüni saklamaýardy. Ne dür onuňkydy, ne-de seda.
«Sen kimsiň, Alla tagala «Meni ýak, külümi sowur!» diýerçe? «Men» diýýäniň hany? Seň «Men» diýýäniň näme? Sen özüň ýok halyňa neneň edip «Meni eýle et, beýle et!» diýmäge het edýäň? Sen diňe toba edip bilersiň, ýalkanmagyňy dilärsiň, emma onam ol «Men» diýýäniň üçin däl, Allanyň haky üçin. Maňa günäňi aýtjak bolma! Ötünjem sorama! Tur! Aýpdyr bu bolşuň. Mün atyň syrtyna!»
Şeýh bilen talyby ata artlaşyp atlandylar. At janawer düşüş – göni Şeýhiň hüjresine geldi.
Eden işinden däl, göwnüne-hyýalyna getireni üçinem edil ony eden ýaly ejir çekmegiň Alla ýakynlygyň bir mertebesidigini bilýän halypa mundan artyk şägirdine gaty-gaýrym, hiç zat diýmedi. Diňe atdan düşende ýakymly ýylgyryp: «Garry Şeýhiňi heläk edip ýörmän, özüňjik geläýmeli ekeniň-dä» diýdi.
Şägirdiň welin, ýüzi ýerden galmaýardy. Ol töweregine seretmän, göni dar hüjrä (hamala, özüni uly ummana oklan ýaly) atdy.
Ulus-ili haýran galdyran bu wakadan üç jumga geçdi. Şägirdiň welin, şol ýüzüniň asyklygy. Ol hiç kimiň, adamlaryň däl, baglaryň aşagynda ösüp oturan otlaryňam ýüzüne bakyp bilmeýärdi. Bu görnüş üç aýlap dowam etdi. Üç aý diýlende, Şeýh öz gyzyny şägirdine nikalap berdi.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.