«Otuza ser uran günüm…»
Sentýabr 07, 2014 | 0 teswir | 906 okalan
«…Ahyr bildim göwündigiň.» Gurbannazaryň bu setirlerini şahyryň öz dilinden diňläp, soňam ýetmiş gezek okanam bolsam, altmyşdan geçenimden soň manysyna düşünjek bolýan. Ilki badalar «göwündigiň» sözüni «öwündigim» diýen söze kapýa üçin ýazylaýan bir zat hasaplapdym. Görüň, nähili gopbanmdygymy! Öz kemeter pikirlenşimi şahyryň boýnuna atyşymy neneň görýäňiz?! Soň unutdym. Bu setiriň çuňlugyna çümjegem bolmadym. Meni hasam aldan zat goşgynyň jemlemesindäki «Watan» sözi boldy. Goşgyny «syýasat» üçinmi, kitabyň başynda goýmak üçinmi, garaz ýörite (joşulman) ýazylan goşgy derejesine düşürdim. Bu günem ýazýan ssenarimizde peýdalanmak üçin goşgularyny saýlanymyzda beýnimde mydama diýen ýaly gaýtalanýan «Bu türkmeniň bahary deý, ýaşlygymyz geçýär basym» diýen setirleri üçin gaaýtadan okadym. Beýnime tok uran ýaly boldy. Şahyr gaýtadan «Ahyr bildim göwündigiň» diýýärdi. Menem otuza ser uran günüm däl altmyşa ser uran günüm göwnümiň göwündigini bildim. Bir bahana boldy – bildim. Birhili gynanyp oturdym. Göwnüme gynandym. Ony horlan, ony diňlemedik günlerim ýadyma düşdi. Onuň bardygynam duýmadyk wagtlarym ýadyma düşüp göwnüme ýüregim awap oturdym. Nätjegimi bilmän ýördüm. Nirden geldi, ýene bahana tapyldy Gurbannazaryň şu goşgusyny okadym. Lampa aşak oturan ýaly boldum. Gurbannazar meniň häzirki halymy otuz ýaşynda ýaşapdyr, başyndan geçiripdir, duýupdyr. Mesele meniň otuz iki ýyl ondan yzdadygym hakynda däl (aslynda otuz iki däl, otuz iki gezek otuz iki ýyl yzdadygymy bilýan) mesele «biz näm bolsak şo bolaly-da» durýar. Haýsy birimiz, haçan, näçe gezek göwnüne, eziz göwüne «Sen näme bolsaň şo bol, Bolsa bolýa eziz Watan!» diýidikkäk? Diýmegi başardykkak? «Watan» sözüniňem çägi gözýetmez giňdir weiln, şahyr bu sözem diýjegiňi diýip bolmaýandygy üçin çalşyran, özünde juda köp manyny jemleýän «Watan» sözüni ulanan ýaly pikir edip, ony başga-da birgiden sözler bilen çalşyryp okasaň nähili has çuň manylar döreýär. «Biz näm bolsak şol bolaly…» «Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm…» Şuny diýip ýaşasaň, şonda Gurbannazar ýaly şahyr, eden işiň üçin il-gün, halk, Hak senden razy bolaýajak ýaly görünýär. Sebäbi, özüniň bähbidini edýän, özüniň aladasyny edýän göwün, ynjyk göwün, göwündigini bildirýän, näm bolsaň şo bol diýdirýän, ýaltaja lälik göwün diýilýän biziň nebsimiz dälmi näme?! Goşgyny şu nazar bilenem gaýtadan okap görüň. Haýran galýan, Gurbannazary hemişe hoş owaz, şirin saz, ýüregiň melhemi ýaly okamaly däl eken. Ondaky many çuňlugy, gizlinligi aklyňy haýran edýär.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.