Tämizlige hyýanat
Sentýabr 07, 2014 | 0 teswir | 1049 okalan
Bir zadyň pikirini etdim, täze zadam däl – hemmämiziň bilýän zadymyz. Adam garradygyça ýaşlara syn edegen bolýan eken. Menem, seredýän, synlaýan, öz oglanlygymyz bilen deňeşdirýän. Isleseň-islemeseň akylyňa dürli pikirler gelýär. Ýok, men igenmek ýa-da käýinmek islämok. Ýok, şeýtsem okamarsyňyz, ýapyp goberersiňiz diýip däl, başardygymdan dury, adalatly, dürs pikirlrnmek üçin igenji, käýinji beýläk zyňýan.
Bir zady hemmäňiz bilýänsiňiz häzirki ýaşlaryň bilýän zadyny biz garrylar garranymyzdan soň öwrendik. Internet, dünýäniň o çetinden habar berýän, alyp görkezýän tarelka antenler…
Gepiň gysgasy, häzirki ýaşlaryň alýan informasiýasy olaryň ýaşyna laýykmyka? Ynsan 7-8 ýaşynda 17-18 ýaşlynyň bilmeli zadyny bilse, 17-18 ýaşynda 30 ýaşlynyňkyny bilse, dogrumyka? Biz hemmämiz çagalarymyzy, özümizi bilimli, ähli zatdan habarly etmäge çalyşýarys. Täze kino çyksa-da derrew töweregimizden, ilden galmajak bolup, ony görjek bolýarys. Alajyny tapyp görýärisem. Eýsem bu dogrumy? Tarkowskiden 15 ýaşly oglan näme düşüner. Oňa 30 ýaşda düşünip bilseňem boldugy. Bu diýdigim meseläniň çylşyrymlylygynda däl – Alla düşünjek, ony tanajak bolmak belki, iň çylşyrymly meseledir, emma 10-12 ýaşly oglan, entek ýüregi tämizkä, 30 ýaşly kirlän ýürekden gowy düşünýär, dogry kabul edýär. Bu ýerde bilmeli, bilmeli däl, wagty gelende bilinmeli meseleler bar. Mysal üçin ölüm, söýgi 15-16 ýaşda kellä göterip bilmejek agramyny salyp biler.
Bu pikirleriň soňunda-da «Eger biz çagamyza 15 ýaşyndaka 30 ýaşlynyň bilmeli zadyny öwretmäge ýa-da özümiz şol ýaşda öwrenmäge çalyşýan bolsak, bize 15 ýaşymyzdakak 30 ýaşlynyň akyl-paýhasam berilmeli. Eger bu mümkin däl bolsa, onda ynsanyň iň halamaýan zady – gadaganlyklar bolmaly» diýen ýaly ýowuz netijelere barýan. Biz erkinlik isleýäs, gadaganlygy halamyzok, ýöne 7-8 ýaşda aşyk oýnap dünýäni unudan çaga erkinmikä, ýa-da şol ýaşda antenden görkezilýän bir düşnüksiz, köplenjem bozuk zada aňalyp oturan çaga erkinmikä? Çaga muny bilmeýär, muny ulular bilýär, şonuň üçinem gadagan etmäge doly hakly bolsalar gerek. Eger etmeýän bolsalar, onda ýaşulular ýaşuluyk wezipesine hyýanat edýärler.
Men 7-8 ýaşy has düşnükli bolmagy üçin mysal getirdim. Student ýaşyndaky, atamyň dili bilen aýtsam «Entek etegi hapalanmadyk» oglanyňam edil şonuň ýaly bilmeli, bilmeli däl zady bar bolsa gerek. Eňegiňe ata sakgaly çykansoň, indi özüň-özüňe gadaganlyklar goýmaly bolaýmasa. Eger muny başarmaýan bolsaň, sen şol tämizligiňe hyýanat edýänsiň.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.