Ýitirmek – tapmak
Sentýabr 07, 2014 | 0 teswir | 939 okalan
Siziň ýaşlyk hakynda okasyňyz gelýändir, men bolsa garrylyk diýip tutdyryp otyryn. Biz ömrümizi çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk, ýigitlik, garrylyk… diýen ýaly toparlara bölýäsem welin, göwnüme bilar syk dokalan, biri-biriniň içinden nähili geçýänini bilip bolmajak derejede syk örülen mata – ömür matasyna meňzedýän. Aslynda bir ömür bar ýaly, ýaşlygam ýok, garrylygam. Bu hakkynda jedel edip, garşy gidip bilersiňiz. Emma, bir zady açyk bilýän ýaş ýigitkäň garry adamyň pikirlerini, düşünjelerini, hallaryny aklyňdan, başyňdan geçirýäň, garraňsoňam käte ýigdelen ýaly, hatda oglanjyk ýaly bolýan wagtlaryň bolýar. Bilmedim bularyň haýsy biri sende nähili yz galdyrýar. Ýene bir zady aýdasym gelýär. Ýaşlykda, ýigitlikde adam köp gazanýan, garrylykda tersine, ýitirýäne meňzeýär. Emma, munuň bilenem razylaşyp bilemok. Ýaşkam ýitirenlerim, belki, garrap gazananlarymdan kändir. Hatda biz ýaşkak ýitirýäs, garrap gazanýas ýa-da gazanmaga çalyşýas diýesimem gelýär. Maňa gysga ýazýaň diýýäňiz, emma göwnüme bolmasa gysga sözde köp many, uzak sözde-de şol many diýilýän az ýaly görünýär. Bu «meniň sözüm manylydyr» diýdigim däl. Dogry düşüniň, ýazjak bolup ýazyp bolanok, ýazmajak bolubam ýene ýazman bolanok. Bu adamyň ýasawundan gelip çykýar. Ýöne men oglanlykdan az gürleýän adamlary gowy görerdim. Sebäbi olar hemişe «Indi näme diýerkä?» diýdirýär. Emma Magtymguly «gysga» goşgular däl, uzak romanlar ýazan bolsady diýibem gynanan wagtlarym bolupdy. Ýaşlyk bilen garrylyk, ýitirmek bilen tapmak barada ýazjakdym, gürrüňi başga ýana sowdum, bagyşlaň.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.